milli goshun logo
Duşmanyna guduz bolup daran soltan
Duşmanyna guduz bolup daran soltan
07.07.2018 2568 Harby Taryh

Söweşlerde bir özüniň onlarça garşydaşa per bermän, ählisiniň hötdesinden gelmegi başarandygy üçin Mahmyt ibn Memduha: «Edil guduz ýaly, golaýlaşany ujyz sypdyranok» – diýip, başarnygyna muwapyk berlen Guduz lakamyny, taryh onuň hemişelik adyna öwrüpdir. Duşmanyna dogumly daraýan bu gerçegiň Guduz ady onuň Mahmyt ibn Memduh adyndan has ýörgünlidir.

Taryhda bolup geçen wakalaryň unudylýanlary-da az däldir, ýöne welin, asla unudylmaýanlary-da kän. Taryhyň akymyny özgerden, beýik şöhrata eýe bolan şahslaryň biri hem garadangaýtmaz, maksada okgunly, Hakdan özge hiç kesden heder etmedik serkerde soltan Seýfeddin Guduzdyr. Guduz ady bilen taryhda meşhur bolan ilkinji şahsdyr. Müsüriň ilkinji memluk hökümdary Aýbeg Türkmeniň döwründe taryhy sahnada has köp peýda bolan Seýfeddin Guduz, soňlugy bilen Memluk döwletiniň soltany bolmagy başarýar.

1257-nji ýylda (655, 4 tirkeş I) ilkinji memluk hökümdary Aýbeg Türkmeniň wepatyndan soňra, Seýfeddin Guduzyň baştutanlygyndaky memluklar tagta Aýbegiň on bäş ýaşly ogly Aly ibn Muyzy geçirýärler we oňa Nureddin Aly diýen lakam dakýarlar. Müsüriň tagtyna ýaşajyk oglanyň geçendigi sebäpli maksatlaryna gowuşmak we bähbidi paýlaşmak niýeti bilen käbir harby serkerdeler daşarky güýçlerden kömek-goldaw hem soraýarlar. Kerek şäheriniň emiri Mugys Omar pursatdan peýdalanyp, Müsüre bassyr iki gezek hüjüm edýär, emma ikisinde-de synanyşygy puç bolýar. Emma Müsüriň tagtynda ýaş oglanyň oturandygyna garamazdan, Seýfeddin Guduzyň döwlet dolandyryş işlerindäki ussatlygy tagtyň synmagyna ýol bermeýär.

Şol wagtlar Melik Nasyryň mongol tatarlaryndan goranmak üçin Müsürden ýardam soramagy bu howsalany has-da artdyran wakalaryň biri bolupdyr. Ol habary getiren meşhur taryhçy alym Ibnul-Adim Müsüre gelip, döwlet emeldarlary bilen maslahat geçirýär. Şol maslahata ýygnanan köşk emeldarlary, döwletiň wezipeli adamlary, serkerderler ýaş soltanyň – Aýbegiň 15 ýaşly ogly Aly ibn Muyzyň özüni alyp barşyndan örän nägilediler. Çünki ýurduň ykbaly uçudyň gyrasynda, howpuň penjesinde pelesaň urýardy. Şeýlelik bilen 1259-njy ýylda Seýfeddin Guduz Müsüriň soltany diýlip yglan edilýär. Oňa «Muzaffar» – «Ýeňiji, ýeňiş gazanyjy» diýen lakam dakylýar. Tagta geçäýen badyna daşarky duşmana gaýtawul bermezden ötri, döwletiň içini düzgüne salmalydygyna Guduz düşünýär. Ol ilki bilen döwlet wezirini çalyşýar we ugurtapyjy, ylymly, sowatly, giň düşünjeli Zeýneddin Ýakup ibn az-Zübeýri wezir edip belleýär. Döwlet işleri birkemsiz ýola goýlandan soňra, Seýfeddin weziri Sahyp Zeýneddine tatarlara garşy harby söweşe taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrýar.

Seýfeddin Guduz Melik Nasyryň hatyna-da: «Ynanç we imandan kasam edýärin, tagtyňa dawam bolmaz, meni ileri tutsaň, isleseň, hut özüm ýardama baraýyn, eger meniň barlygymdan birahat bolsaň, onda esgerlerimi ýollaýyn, kimi serkerde belleseň, öz işiň» diýip, jogap beripdir.

Keýpi kellesinde, nebsi elinde – islänlerine aman berip, islänlerini gylyçdan geçirýän, dünýäni dyza çökermek islegine berlen mongol hökümdary Hulagu harby-söweş syýasatynyň ähli görnüşlerini-de işjeň ulanmaga ukyply bolupdyr. Şeýdip, Damask alty asyrdan soňra  Hulagunyň emirleriniň eline geçýär.  Başyny çarap bilen ilat Müsüre sygynmak üçin göç edipdir. Mongollaryň indiki maksady Müsüri eýelemek bolupdyr. Şam bilen Müsüriň arasynda bolsa diňe Palestina galypdyr. Ikinjiden, musulman äleminde tatarlara howp salyp biljek güýç diňe Müsürde bar eken. Galan ýerleri, eýýäm, tatarlaryň tabynlygyna girizilen eken. Üçünjiden, Müsüri eýelemek – Demirgazyk Afrikany eýelemäge doly ýol açypdyr. Seýfeddin Guduzyň öňünde duran uly meseläni taryhy çeşmeler şeýle beýan edýär:

Birinji ädim: Seýfeddin Guduz döwletiň aňly-düşünjeli, harby tilsimlerden baş çykarýan akylly adamlaryny öz tarapyna çekmegi başarýar. Olar bilen döwletiň ykbalyny ara alyp maslahatlaşýar.

Ikinji ädim: Seýfeddin Guduz ählumumy günä geçişligi yglan edýär. Ol dürli jezalar ýa-da düzgün bozmalar zerarly sürgün edilen, tussag edilen bahry memluklaryň, şeýle hem yzarlanmalar sebäpli Müsüri mejbury terk etmeli bolan beýleki memluklaryň ählisiniň günäsini geçýär. Bahry memluklary bilen arasyny sazlaýar. Iň esasy hem Rukneddin Beýbarsyň Guduzyň tarapyna geçmegi onuň güýjüni has-da artdyrýar.

Üçünji ädim: şol arada Guduz ownuk-uşak Eýýuby döwletleriniň hökümdarlary bilenem ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar. Şeýlelikde, Şamyň dürli sebitindäki müňlerçe harbylar Seýfeddin Guduzyň ýanyna ýygnanýar.

Dördünji ädim: Seýfeddin Guduz söweşe girişmezinden öň Şamyň kenarýakasynda ýaşap, beýleki ýerdäki hristianlar, tatarlaryň uýýan akymyna uýmaýan hristianlaryň hal-ýagdaýlaryny öwrenip başlaýar. Bu hristianlar musulman medeniýetini hem öwrenip, öz medeniýetleri bilen utgaşykly, sazlaşykly alyp barýan ekenler. Mongol-tatarlara bolan ýigrenji we musulman medeniýetine goýýan sarpalary olary Guduzyň sözüne eýermäge iteripdir. Netijede, Şamyň kenarýaka sebitleri Hulagunyň garşysyna ugran musulman goşunlarynyň öz üstlerinden geçmegine hiç hili böwet bolmajakdygyny bildiripdir.

Seýfeddin Guduz söweş taýýarlygynda gezip ýörkä, Hulagunyň içi haýbatdyr dowuldan doly: «Biziň gylyjymyzyň zarbyndan gorkup, bu yklymlara aralaşan memluklaryň biri Melik Muzaffar Guduz bu zatlary bilsin. ...biz Taňrynyň ýerdäki esgerleri, Taňrynyň gazabyndan ýaradyldyk. Taňry kime gazap etse, biz onuň üstüne musallat bolýarys... Biziň gylyjymyzdan gutulan hiç kes ýok. Haýbatymyzdan halas bolan ýok... Biz bilen uruşmak islän öküner. Bizden aman soran gutular... » diýen ýaly kemsidiji we haýbatly sözlerden ybarat haty gelip gowuşýar.

Emma Guduz bu hata pitiwa etmändir, üstesine gelen çaparlary örän sowuk we ýowuz garşylapdyr. Olary tussag etdiripdir. Wagt geçmänkä jezalandyrypdyr. Ilçilere el gatmaly däldigini Guduz gowy bilse-de, onuň Horezm, Köneürgenç hökümdarlygy gyrgyna berlen wagtlarynda çaga aňynda saklanan ahmyr we gazap şeýle etmäge esas berýär. Guduz olary öldürmese-de öldürmezdi. Ýöne baran ýerlerinde towugyna tok diýilmeýän tatar çaparlary ilçilik edebini saklaman gödek gürläp, ulumsylyk edip, soltanyň halys degnasyna degipdir. Guduzyň bu hereketini gaharyň netijesi hasaplasa-da bolar. Emma taryh gödegem bolsa, bu netijäniň dogrudygyna öz möhrüni eýýäm goýdy.

Mongol tatarlary bilen Horezmden tä Palestin topraklaryna çenli bolan söweşleriň ählisinde ilaty gala ýygnap söweşmek usulynyň ýeňlişe getirýändigini doly bilýän Seýfeddin Guduz tatarlar bilen söweşmek üçin täze strategiýany öňe sürýär. Ol tatarlar heniz Müsüre gelmänkä, başga bir ýerde olar bilen garpyşmagy maksada laýyk bilipdir. Şonuň üçin hem döwletiň çäginden daşary bir ýeri saýlap alypdyr. Guduz Şamyň kenarýaka sebitlerinde ýerleşip, şol wagt ol haçparazlaryň elinde bolan Aýn-Jalut diýen ýeri söweşmäge amatly hasaplaýar. Guduzyň edermen serkerdesi emir Rukneddin Beýbarsyň ýolbaşçylygyndaky memluk goşuny Palestina tarap ýola düşýär. 1260-njy ýylyň iýul aýynda Gazzada ornaşan mongol-tatar garnizonyny ýer bilen ýegsan edýär. Gazza söweşindäki ýeňiş musulmanlara örän güýçli täsir edipdir. Ujyz sypyp gaçyp barýan az sanly mongol esgerlerini görüp, örän şatlanypdyr hem-de şol wagt halklaryň arasynda meşhur bolan: «Dag daga gowşupdyr diýilse ynan, ýöne tatarlar ýeňlipdir diýilse, ynanma» diýen dowul beriji sözleriň ýalana çykarylyşynyň şaýady bolupdyrlar. Beýbarsyň söbügini basyp gelýän memluk esgerlerinden düzülen esasy uly goşunyň başynda Seýfeddin Guduzyň özi durupdyr. Aýn-Jaluta ýakyn baran soltanyň ýanyna Şam illerinden bir çapar gelipdir. Bu çaparda Seýfeddin Guduzyň hut özüne gowşurylmaly aňtaw maglumatlary bar eken. Habar Şam söweşinde Hulagunyň eline ýesir düşen Sarymeddin Aýbeg tarapyndan iberilipdir. Hatda şeýle maglumatlar bar eken:

1.       Tatar goşunlary bu gezek ýokary taýýarlykly güýjünde däl, sebäbi Hulagu ep-esli serkerdesini we esgerini öz ýanynda alyp galdy. Şama gelen goşun heniz özüni dürsäbem ýetişenok, şonuň üçin gorka gaplanmagyň geregi ýok.

2.       Tatar goşunlarynyň sag ganaty çep ganatyndan has güýçli, şonuň üçin tatarlaryň sag ganaty bilen garpyşjak çep ganatyňyzy has berkidiň.

3.       Tatar goşunynyň düzüminde Homsyň emiri Eşref Eýýubynyň hem-de Sarymeddin Aýbegiň ýolbaşçylygynda söweşe girjek aýratyn topar söweş başlan dessine ýeňlip, siziň tarapyňyza geçjekdir...

Seýfeddin Guduz 1260-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Aýn-Jalut diýilýän ýere gelýär. Gün dogup, jahan ýaňy ýagtylyp başlanda iki tarap hem söweşe girýär. Tatar goşunlaryna Ketbuga serkerdelik edýär. Öz goşunynyň san taýdan mongollardan artykdygyny bilýän soltan Guduz goşunyň agramly bölegini baýyrlaryň aňyrsynda gizleýär. Diňe Beýbarsyň esgerleri açyk meýdana çykarylypdyr. Bir zarbada musulman goşunlarynyň ysgynyny alyp, derbi-dagyn etmek islän Ketbuga ähli goşunyny öňe sürüpdir. Beýbars bolsa kem-kemden yza süýşüp, daş-töweregi baýyrlar bilen gurşalan ýere çekilýär. Gabaw tilsimini bildirmezlik üçin şol ýerde söweşi gaýtadan güýçlendirýär. Kellesi kemsiz gyzan Ketbuga bar güýjüni jemläp, öňe okdurylyp barşyna, duzaga düşenini-de duýman galypdyr. Güýçli çaknyşykda memluklaryň çep ganaty tatarlaryň zarbyna döz gelip bilmän aňtaw çaparynyň maglumatyndaky ýaly bozulyp ugrapdyr. Şol wagt beýik soltan Seýfeddin Guduz çep ganata kömege ýetişipdir. Ol öz esgerlerini söweşe şeýle bir ruhlandyrypdyr, hatda kellesindäki tuwulgasyny çykaryp, ýere oklap: «Yslam üçin» diýip, uly sesi bilen gygyryp, duşmanyň üstüne at salypdyr. Söweş meýdanynda musulmanlaryň sany mese-mälim artyp başlaýar. Tatarlar biraz yza çekilip, gaýtadan, ikinji ýola hüjüme geçýärler, emma bu gezek hem olar masgara bolup ýeňlipdirler. Ikinji gezekki çaknyşykda tatarlaryň goşun serkerdeleriniň agramly bölegi gyrylýar. Tatarlaryň ikinji çaknyşykdaky ýeňlişini gören soltan Guduz atdan inip, ýüzüni ýere goýup, topragy öpüpdir. Iki eglim namaz okansoň, gaýtadan atlanypdyr.

Rukneddin Beýbarsyň topary bolsa galan-gaçan tatarlary kowalap, bir menzil aşypdyr. Hiç wagt ýeňliş tagamyny datmadyk tatarlara bu örän ýokuş degipdir. Üçünji gezek hem aýgytly hüjüme geçip, bagtlaryny synamak isläpdirler. Üçünji gezekki söweşde olar kül-peýekun edilipdir.

Seýfeddin Guduzyň çagalykdaky arzuwy, ynamy, gören düýşleri, aňynda göteren hyýallary, maksatlary, yhlasy ony zamanasynyň iň zalym kowumlaryny ýeňmäge itergi berdi. Ýogsam, döwrüň meşhur taryhçylary mongol serkerdesi Ketbuganyň hem zabunlygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi hakda belleýärler. Soltan Seýfeddin bu ýeňiş bilen çäklenmändir. Heniz Damask, Homs, Halap ýaly beýleki ýerlerde tatar goşunlary bar eken. Seýfeddin Guduz Beýbarsa ýörite tabşyryk berip, ýeňşiň buşluk habaryny Damaska ýetirmegi we ýolugra gabat gelen tatarlary ýok etmegi buýrupdyr. Buýrugyň kemsiz ýerine ýetirilendigi üçin Beýbarsyň esgerleri sebitdäki ähli tatar esgerleriniň ökje götermegine sebäp bolupdyr. Örän köp mukdardaky olja musulmanlaryň eline geçipdir. Damaska baran Seýfeddin Guduzy halk uly söýgi we begenç bilen garşylapdyr. Taryhçylaryň ýazmagyna görä, «Hakyky şatlygy şu ýerde duýup bolýardy. Bu şatlygyň täsirini, lezzetini iýip-içginiň, mal-baýlygyň, wezipedir emeldarlygyň, tagtyň tagamy bilen asla deňeşdirip bolmaýardy. Bu üýtgeşik şatlykdy. Ýeňiji memluk goşuny Damaska girdi we täsin ýeri, ähli iş az salymyň içinde öz-özi düzeldi gitdi. Tiz wagtda adyllyk we asudalyk Damaskyň ähli ýerine ýaýyldy». Guduzyň bu ýerde çykaran ilkinji hökümi hiç kimiň ar-namysyna, abraýyna el degirmezlik hakda eken. Musulmanlar, hristianlar, ýehudylar we gaýry dinli hem-de gaýry milletden bolan adamlar biri-birini kemsitmäge, peseltmäge haky ýokdur diýip, jar çekdirilipdir. Her kimiň öz maly, baýlygy özüniňki bolmaly, nähaklyk bilen almak gadagan edilipdir. Şeýdip, adalat ýola goýlupdyr. Guduz Şam bilen Müsüriň gaýtadan birigýändigini yglan edýär. On ýyllyk üzňelikden soňra bu ikisi ýene-de bir döwlet bolup ýaşap başlaýar. 1260-njy ýylda Müsüriň, Palestinanyň, Şam sebitleriniň ähli münberlerinden Guduzyň adyna hutba okalyp başlanmagy, ýeňiji soltanyň hökmürowanlygynyň ähli sebitlerde ykrar edilmegi bolup ýaňlanýar.

1260-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Şamyň işlerini birýüzli edip, soltan Seýfeddin Guduz özüniň ýeňiji esgerleri bilen Müsüre tarap ýola düşýär. Müsür beýik serkerde soltanyň gelerine garaşyp, toý-dabara lybasyna bürenip, bezenip otyrdy. Emma Seýfeddin Guduzyň ölüm pillesi hem golaýlaşyp gelýärdi. Beýle ýeňliş ýüregine sygmadyk, gursagyndaky ar almak islegi möwjän Hulagu hem 1265-nji ýylda ýogalýar.

Bahry memluklarynyň halypasy, ýolbaşçysy Faryseddin Aktaýyň ölümine gatnaşandygy hem-de hyşdaş memluklaryň ýurtdan çykarylmagyna sebäp bolandygy üçin Guduzdan göwni galan Beýbars memluk goşunynda soltanyň özünden soňra iň uly wezipede oturýardy we esasy serkerdeler Beýbarsyň täsiri astyndady. Beýbars bu mümkinçiligi we pursady peýdalanýar.

Seýfeddin Guduz 11 aý 17 gün soltan boldy. Onuň doly ady Mahmyt ibn Memduh bolup, ol Soltan Jelaleddin Horezmşanyň Hansoltan atly gyz uýasynyň ogludyr. Tatarlar Horezm topraklaryny eýelänlerinde Guduz ýesir düşüpdir we damaskly birine gul hökmünde satylypdyr. Soňra ykbal öwrümlerine ulaşyp, Kahira (Kaire) barypdyr.

Geçmişde «men-men» diýen demi güýçli adamlaryň, gör, näçesi ýaşap geçen hem bolsa, taryh diňe aýratyn iş edenleri ýadynda saklaýar. Adyňy taryh sahypalarynda nagyşlamak üçin uzak ömür sürmek gerek däl, manysy egsilmez sähel pursatlyk ömür hem ýeterlik. Seýfeddin Guduz adalatly we sahawatly, haýyrly türkmen hökümdarlarynyň biri hökmünde ýatlanylýar. Oňa Guduz adynyň berilmegi hem söweşde bir özi onlarça garşydaşa per bermän, ählisiniň hötdesinden gelmegi başarandygy üçin: «Bu asla baş berenok, edil guduz ýaly, golaýlaşany ujyz sypdyranok» – diýip, at berlensoň, başarnygyna muwapyk gelýän lakam onuň adyna öwrülip gidipdir. Duşmanyna guduz açan ýaly daraýan bu gerçegi taryh Guduz ady bilen tanaýar. Onuň Mahmyt ibn Memduh adyndan Guduz ady has ýörgünlidir.

Emir Seýfeddin Guduzy tatarlara garşy söweşe iteren esasy sebäpleriň biri hem oglan wagty gören düýşi bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, ol bu düýşüni öz deň-duş oglanlaryna gaýta-gaýta gürrüň berer eken. Düýşünde Pygamber aleýhissalam oňa: «Sen Müsür diýaryna eýe bolarsyň we tatarlary derbi-dagyn edersiň» diýen eken. «Pygamberiň sözi hak, oňa şek ýokdur. Men ezelden ýeňiş wada berlen ýigitdirin» – diýip, Guduz ynamly we maksatly ýaşapdyr. Seýfeddin Guduzyň gaýta-gaýta ýatlaýan bu sözleri onuň dostlarynyň, ýaranlarynyň hem has ynamly bolmaklaryna gönezlik bolupdyr.

Şemseddin Jezeriniň «Taryh» kitabynda şeýle waka teswirlenýär: «Men bu wakany iki sany adamdan eşitdim. Olar Abu Bekr ibn Direýhim Esardy we Zeki Ibrahim Jebili Ustad Farys Aktaýdy. Olar şeýle gürrüň berdiler: «Aýbeg Türkmen tagta geçende biz Seýfeddin Guduzyň ýanynda durduk. Şol wagt magryp illerinden tanymal bir müneçjim, gurraçy geldi. Täze döwletiň täleýini okap bermek isledi. Bu ýerde bar bolan ýaş ýigitleriň ählisini diýen ýaly ol ýerden çykardylar. Bizem gitmek üçin ör turduk welin, ikimize oturmagy ündediler. Soňra müneçjim guma gurra taşlap, bije çekdi. Birnäçe zatlary aýtdy. Soňra şol ýerde Guduz: «Ussadymyzdan soňra tagta kim geçýär we tatarlary kim ýeňýär, hany şony hem bilip ber» diýdi. Müneçjim birsalym oýurganyp, gurra taşlap, nämedir bir zatlary hasaplap oturdy. Soňra: «Ol ady bäş harpdan ybarat bolan we şol harplaryň hiç birinde hem nokat bolmadyk (Arap diliniň ýazuwynda «Mahmyt» sözi bäş harpdan ybarat bolup onuň hiç birinde hem nokat ýok) adam» diýdi. «Onda gönüläp Mahmyt ibn Memduh diýip aýdyp goýber» diýip, Guduz dillendi. Müneçjim muňa haýran galdy: «Hakykatdan-da şeýle, maňa hut şeýle aýan boldy, ol başga isim däl, ýöne sen ony gurra taşlaman hem nädip bildiň?» diýip sorady. Guduz: «Ol meniň adym, bu ýeňiş maňa wada berlen, nesip bolsa, tatarlary kül-peýekun edip, olardan daýym Jelaleddin Horezmşanyň aryny alaryn» – diýdi. Biz: «Inşallah, hut şeýle bolar, ussat» diýdik. Soňra bu habary ýaşyrmagy, hiç kime aýtmazlygy dilleşdik. Guduz müneçjime üç ýüz dirhem berdi».

Taryh beýik serkerde soltan Seýfeddin Guduz hakda henizem örän köp ýatlamalary saklaýar. Nesilleriň öz eždatlaryna, ata-babalaryna buýsanmaklary, olaryň halallygyndan, adamkärçiliginden, mertliginden, watansöýüjiliginden görelde almaklary üçin bu wakalary hiç wagt unutmaýar. Eýsem, bir söz bilen aýdylanda, Guduz kim? Ol adamzadyň ykbalyny oňynlyga özgerden, beýik ýeňşi gazanan serkerde soltan Seýfeddin. Oglanlygyndan ýüreginde göteren arzuwynyň myradyna gowşup, tatarlary derbi-dagyn edip, olardan daýysy Jelaleddin Horezmşanyň aryny alan beýik serkerde. Aslynda-da, tatarlary derbi-dagyn edip, olaryň gözüniň oduny alyp bilen iki sany serkerde bar. Olar Horezmşa soltan Jelaleddin Meňburun we soltan Seýfeddin Guduzdyr. Olar – daýy ýegendir.

Rahmet GYLYJOW, 

çeşmeşynas.