milli goshun logo
Durulygy 120 megapiksel
Durulygy 120 megapiksel
10.03.2018 1702 Tehnologiýa

El te­le­fon­la­ry­nyň we beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ry­nyň su­ra­ta dü­şü­rip bil­me­gi köp wagt­dan bä­ri fo­to­en­jam ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň tä­ze­çil­lik tap­mak­la­ry­na iter­gi be­rip­di. Bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri «Canon» go­laý­da du­ru­ly­gy 120 me­ga­pik­sel bo­lan en­ja­my ta­nyş­dyr­dy. Ol su­ra­ta dü­şür­mä­ge däl-de, ka­me­ra hök­mün­de ulan­ma­ga ni­ýet­le­nip­dir. 2015-nji ýyl­dan bä­ri iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan en­jam 29,2mm x 20,2mm öl­çe­gin­de bo­lup, onuň güýç­li sen­sor­la­ry uzak ara­lyk­dan du­ry su­rat al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem ka­me­ra giň ara­ly­gy jik­me-jik wi­deo ýazgy edip bil­ýär. My­sal üçin, sport bäs­le­şik­le­rin­de sta­di­on­da otu­ran mä­hel­lä­ni ýa-da fut­bol­çy­la­ry ýo­ka­ry du­ru­lyk­da wi­deo­ ýaz­ga alyp bol­ýar. 120MXS at­ly en­ja­myň du­ru­ly­gy «Full HD»-niň 60 es­se­si­ne ba­ra­bar. Bu sen­so­ryň fo­to­en­ja­ma ýa-da ka­me­ra ha­çan otur­dyl­jak­dy­gy we sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­me­di. 4K ýaý­ly­myň giň­den ýaý­rap, 8K ýaý­ly­ma ge­çil­mek ba­bat­da gür­rü­ňiň goz­gal­ýan şu döw­rün­de «Canon» bu ugur­da örän öň­de­di­gi­ni ýe­ne bir ge­zek su­but et­di.

Çeşme: Zaman-Türkmenistan