milli goshun logo
Deňiz pyýadaçylary üçin täze harby-taktiki tehnika
Deňiz pyýadaçylary üçin täze harby-taktiki tehnika
28.11.2018 2927 Tehnologiýa

«Deba Trucks» kompaniýasynyň täze «DMV Anaconda» atly harby-taktiki tehnikasy deňiz pyýadaçylary üçin niýetlenendir. Tehnikada «Iveco» kompaniýasynyň göwresi ulanylandyr. «DMV Anaconda» 4×4-lük ýeňil hem-de bronirlenen tehnikadyr. Onuň agramy 7 tonna barabardyr. Tehnikanyň hereketlendiriji  güýji biri yza we bäşisi öňe ýöredýän tizlik çalşyryjy bilen awtomatlaşdyrylan, 180 HP (430 Nm) güýç öndürýän 3 litrlik dizel motordan emele gelýär. Bu tehnikanyň iň ýokary tizligi 110 km/sagatdyr. Tehnika ýangyç bilen doly  üpjün edilende 1000 kilometre çenli gidip bilýär.