«Boeing»
kompaniýasy «Ah-64 Apache» dikuçaryny kämilleşdirmek we önümçiligini artdyrmak
arkaly 21-nji asyryň ortalaryna çenli bu ugurda söz eýesi bolmak isleýär.
«Aviation Week» metbugat merkeziniň habar bermegine görä «Boeing» 2021-nji
ýyldan başlap ýyllyk 100-e golaý «Apaсhe» dikuçaryny öndürer. 1980-nji ýyllaryň
başlaryndan bäri öndürilip gelinýän bu dikuçarlary, häzirki wagta dünýäniň 16
ýurdy ulanýar.
Esasy hüjüm dikuçary hökmünde garalýan «Apache»-niň yssy we daglyk ýerlerde ulanmak üçin motory güýçlendirilen görnüşleri hem bar. Şeýle hem, bu dikuçarlaryň käbirlerinde doly awtomatlaşdyrylan pilot kabinasyny (kokpit) görmek bolýar. Söweşjeň hereketleriň dowamynda ölçeg görkezijileriň ýerine maglumat beriji LCD ekranlary ulanmak has aňsat düşýär. Bulardan başga-da, kompaniýa «Apache» dikuçarlaryna ses tanaýjy ulgamy we has kämilleşdirilen dolandyryş ulgamyny ýerleşdirmegi maksat edinýär.