milli goshun logo
Bitaraplyk ýörelgämiz – Dünýä nusga göreldämiz
Bitaraplyk ýörelgämiz – Dünýä nusga göreldämiz
11.12.2019 5207 Harby Bilim

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetinde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk ýörelgämiz – dünýä nusga göreldämiz» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata uniwersitetiň professor mugallymlary, Harby-lukmançylyk fakultetiniň harby talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Watanymyzyň sebitde we dünýäde okgunly ösüşi üçin amala aşyrýan beýik işleri, abraýly halkara guramalarynyň, öňi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkär hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygy dogrusynda nygtap geçildi.

Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, eşretli hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Bitaraplyk Garaşsyzlygymyzyň parasatly taglymatlaryny durmuşa geçirmekde ygtybarly kepillik bolup hyzmat edýär. Garaşsyzlyk bilen birlikde Bitaraplyk biziň ähli üstünliklerimiziň esasy we mizemez daýanjydyr. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan döwletli işleriniň ählisiniň gözbaşynda durandyr.

Hut şonuň üçin hem hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan ýörelgelere baky ygrarly Türkmenistanyň parahatçylygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen daşary syýasatynda birek-birege bolan hormatyň, ynamyň, deň hukuklylygyň, goňşuçylygyň we dostlugyň üýtgewsiz ýörelgeleri esasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrylýandygyny maslahatda çykyş edenler bellediler.

Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Melhem» aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna orun berildi.

Muhammetnazar NURNAZAROW,

Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Harby-lukmançylyk fakultetiniň başlygy,

lukmançylyk gullugynyň maýory.