milli goshun logo
Bilimli nesil – bagtly geljek
Bilimli nesil – bagtly geljek
25.05.2020 2988 Harby Bilim

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Eger-de döwletimizde sowatly ýaşlar, anyk ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, şol döwletiň hiç bir geljeginiň ýokdugyna anyk düşünmelidiris» diýip belleýär. Bu nukdaýnazardan, ýurdumyzda umumy orta bilimi kämilleşdirmäge, ýaş nesillerimiziň bilim we kämil terbiýe almagy üçin iň oňat şertleri döretmäge uly üns berilýär.

Şu ýyl hormatly Prezidentimiz obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna ep-esli möçberde goşmaça töleg goşmagy, şeýle hem olaryň ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi hakda tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetini belläp, milli Liderimiz 7-14 ýaş aralygyndaky okuwçylary özünde birleşdirjek «Altyn nesil» atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.

Mekdep okuwçylarynyň okuwa bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen, hormatly Belent Serkerdebaşymyz mekdep uçurymlaryny altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglamagy we ýokary synp okuwçylaryna Prezident okuwçy hakyny tölemegi teklip etdi.

Şu gün nobatdaky 2019-2020-nji okuw ýyly tamamlandy. Sentýabr aýynda ýaş watandaşlarymyz täze güýç bilen ýene okuwyny dowam ederler.

«Milli goşun».