milli goshun logo
Beýik serkerde – Ärtogrul gazy türkmen
Beýik serkerde – Ärtogrul gazy türkmen
10.10.2018 14141 Harby Taryh

Taryhyň dürli döwürlerinde uly döwletleri berkarar edip, özleriniň gahrymançylyklary, guýmagursak edermenlikleri bilen öçmejek yz galdyran şöhratly şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly baradaky wakalardyr başdan geçirmeleri bilen bagly kitaplaryň sahypalaryny agtaranymyzda, olaryň deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygyna, merdi-merdanalygyna guwanýarsyň hem-de öz ýanyňdan buýsanýarsyň.

Beýik gahrymançylyklary bilen türkmen halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhynda ebedilik yz goýan şahsyýetlerimiziň biri-de, alty asyrlap üç yklymda at çapdyryp, öz hökümini ýöreden Osman-Türkmen döwletiniň binýadyny tutan Osman gazynyň kakasy Ärtogrul gazydyr. Ärtogrul gazy Oguz türkmenleriniň Gaýa taýpasyndan bolup, kakasynyň ady Süleýman, ejesi bolsa Haýma enedir. Käbir çeşmelerde Gündüz Alp diýlip tanalýan Süleýman şanyň dört ogly bolup, olar Gündogdy, Sungur Tekin, Ärtogrul gazy we Dündar beglerdir. Ärtogrulyň ogullary bolsa Sawçy beg, Gündüz we Osman gazy begdir. Aýaly Halime hatyndyr. Gaýa Han kowmy Oguzlaryň Günhan şahasyndan gaýdýar. Taryhçy Zeki Weledi Togan «Umumy Türk taryhyna giriş» atly kitabynda Osmanlylaryň atalary baradaky rowaýatlara salgylanyp, olaryň Mawerennahrdan Merw şäherine, ýagny Horasana gelendigini, soňra mongol goşunlarynyň aralaşmagy bilen 50-70 müň öýli töweregi türkmeniň günbatara tarap çekilendigini aýdýar. 

Ýene-de şol ýerde Atamälik Jüweýnä salgylanyp: «Çingiz hanyň goşunynyň Horasana aralaşan wagty 70 müň öýli türkmeniň Merw şäheriniň töwereginde jemlenendigini, ýöne bu ýerlerde-de uzak durman günbatara tarap gidendiklerini» belläp geçýär. Şeýlelikde Horasandan gelen gaýalar Ahlata ýerleşýärler. Olar bu ýerde dokuz ýyldan gowrak wagt bolýarlar. Osmanly taryhçysy Aşyk Paşazadeniň rowaýat etmegine görä, Horasandan gelen türkmenler bilen birlikde gaýalar ilki Ahlata ýerleşýärler, ol ýerdenem Erzurum, Erzinjana göç edýärler. Bu ýerde az wagt ýaşanlaryndan soňra Halapa göçýärler. Baştutanlary Süleýman şanyň aradan çykmagy bilen, Erzurumyň Pasin obasynda ýerleşýän Sürmeli çukura (Araz jülgesine) göçýärler. Süleýman şanyň uly ogullary Gündogdy we Sungur Tekin ol ýerden aýrylyp, asyl ýurtlaryna – Horasana tarap yzlaryna dolanýarlar. 

Pasin obasynda ýedi ýyl töweregi ýaşanlaryndan soňra, bu ýerde gyşyň has aýazly gelmegi bilen ýanynyň 400 öýli taýpasyny hem alyp Ärtogrul gazy we inisi Dündar beg ýaşamak üçin has amatly ýer gözläp günbatara – Erzinjana tarap ýola düşýärler.

Şol ýyllar ýagny XIII asyryň birinji ýarymynyň soňunda gündogardan gelen mongol leşgerleri Kawkazy we Gündogar Anadolyny eýeleýärler. 1243-nji ýylda Anadoly Seljuklarynyň Kösedag söweşinde mongol goşunlaryndan ýeňilmegi hem üstesine bolýar. Beýik Seljuklylar döwründe bu ülkelere gelip ýerleşen türkmenler mongollar tarapyndan ýaşaýan ýerlerinden gysylyp çykarylýarlar. 

Mekanlaryndan gaýdan oguzlar orta Anadoly diýilýän ýerlere we günbatara tarap süýşýärler. Olaryň bu ýerlerde mekan tutunmaklary bolsa, Anadoly Seljukly döwletiniň serhet ýakalarynda toplanan türkmenleriň demirgazyk-günbatar we günorta welaýatlarynyň döremegine getirýär. Bu ýerlere ýerleşen türkmen taýpalary taryhy çeşmelerde esasan «Türkmenul-Uç» uç türkmenleri ady bilen bellidir. Günbatar Anadolydaky Uç türkmenleriniň esasy wezipesi, Seljukly döwletiniň Wizantiýa bilen bolan göreşinde serhet howpsuzlygyny üpjün etmekden ybarat bolupdyr.

Seljukly döwleti tarapyndan dolandyrylýan bu uç welaýaty Sinop we Kastamonudan başlap, Antalýa çenli uzan ýerleri öz içine alypdyr. Bu uçlar öz içinde gadymy türkmen döwlet dolanyşygynyň bir mysaly hökmünde «sag» we «sol» görnüşinde iki gola bölünipdir. Seljukly soltanyna bagly bolan bu iki gol uç beglikleri, soltanyň emri bilen bellenen beglerbegi ýa-da begler tarapyndan dolandyrylypdyr. Ankara ýakynlarynda az wagtlyk ýerleşenden soňra, Ärtogrul gazy Wizantiýa serhedine, Sakarýa oazisinde ýerleşen Sögüte gelýär. Anadoly Seljukly Soltany Alaeddin Keýkubadyň I emrindäki sag gol beglerbegi Hüsameddin Çopan beg soltanyň ady bilen Kryma garşy ýöriş edýär. Bu ýagdaýdan peýdalanan Wizantiýa goşunlary uçlara, ýagny Seljukly döwletiniň çäklerine aralaşýarlar. 

Seljukly topraklaryna giren Wizantiýalylara garşy sapak bermek we günbatar serhet ýakasyny öz emri astyna almak üçin Ärtogrul gazy Seljuklylaryň serkerdesi hökmünde goşunyň öňünde hereket edýär hem-de Wizantiýa goşunyny ýeňlişe sezewar edýär. Bu ýeňişden soňra Soltan Alaeddin Keýkubat I, Eskişehiri (Soltanöýügi) we onuň töweregini sowgat berýär. 

Ärtogrul gazy döwründe sol gol uç welaýaty bolan Eskişehir we Afýonkarahisara çenli ýerler we iç il diýip atlandyrylan ýerler (Iç Anadoly) Garaman ýaýlasyndaky daglyk ýerleriň türkmen halky gozgalaň edýärler. Türkmenleriň bu gozgalaňy bolsa, uç welaýatlaryň döwlete bagly düzgüniniň bozulmagyna getirýär. Netijede, birnäçe garaşsyz beglikleriň we hanlyklaryň emele gelmegine getirýär. Sag goluň begleri we halky bolsa seljuklara bagly bolup galýarlar. Şeýlelik-de, Seljukly döwletine baglylygy, olaryň abraýynyň döwlet derejesinde göterilmegine getirýär. Bu ýagdaý Ärtogrul gazy we onuň ýerine geçen ogly Osman gazynyň uç ýerlerinde syýasy üstünlik gazanmagyna esas bolýar. 

Seljukly döwletine wepalylygy, duşmanlaryna garşy söweşlerde gaýduwsyzlygy we üstünlikli ýeňişlerinde ýurdunyň azatlygyny şygar edinmegi Ärtogrul gazynyň goňşy türkmen beglikleriniň arasynda abraýynyň göterilmegine hem-de artmagyna getiripdir. Bu bolsa Anadolynyň dört tarapyndan gazylaryň, batyrlaryň, alymlaryň öz tugunyň astynda birleşmegine sebäp bolýar. Ärtogrul gazynyň bu üstünlikleri netijesinde Seljukly soltany Osmanly begliginiň ilkinji merkezi bolan Sögüti we töweregini oňa berýär. Ärtogrul gazynyň ilkinji merkezi bolan we Osman gazynyň-da begligiň başyna geçen ýeri bolan Sögüt, Osmanly döwletiniň gurulmagynda taryhy ähmiýete eýedir.

Netijede, Anadolyda Seljuklylaryň günbatar serhedindäki Sögüte we Domaniçe ýerleşen Ärtogrul gaza «Uç begi» derejesi berilýär. Ärtogrul Gazy Wizantiýa garşy beýleki uç begleri bilen birlikde söweş alyp barýar, bir tarapdanam Rum begleri bilen dostluk gatnaşyklaryny ösdürýär. Gyşyny Sögütde, ýazyny bolsa Domaniçde geçiren Ärtogrul gazy we gaýalar, gelip goşulýan söweşijilerdir, gazylaryň kömegi bilen gün-günden kuwwatlanyp başlaýarlar. Ärtogrul gazy 1281-nji ýylda 93 ýaşynda Sögütde aradan çykýar. Onuň nesillerinden 34-nji Osmanly soltany Abdulhamyt II (1876-1909) Sögüte, beýleki Osmanly Soltanlaryndan tapawutlylykda aýratyn üns berýär hem-de onuň ýatan ýerinde kümmet gurdurýar. 

Ärtogrul gazynyň ömür ýoly, begliginiň ýolbaşçylygyny ele alan gününden başlap, diňe at üstünde we göreşlerde geçipdir. Goňşy türkmen beglikleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürip, emrindäki halkyny asuda we parahat durmuşda ýaşadypdyr. Halk arasynda jomartlygy, adyllylygy, merhemetliligi, päk ýürekliligi, sabyrlylygy, parasatlylygy we döwlet adamsyna mahsus öňdengörüjilik häsiýeti bilen özüni tanadan Ärtogrul gazy, özünden soňky nesiller üçin nusga alarlyk mekdepdir. Ärtogrul gazy ogly Osman gaza kiçi bir beglik, tejribeli we wepaly serkerdeler, uly abraý miras goýýar hem-de geljekki ýeňişleri üçin ýol açýar. Kakasy Ärtogrul gazy bilen Osman begiň guran döwleti soňlugy bilen Beýik Osman Türkmen döwleti astynda dünýäniň üçden birine 600 ýyldan gowrak wagtlap höküm edýär.

«Aslynda, türki halklar beýik bir daragtdyr. Siz şol daragtyň köküsiňiz, biz onuň pudaklarydyrys. Çünki, biziň ata Watanymyz siziň topragyňyzdyr» diýip, Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti Süleýman Demirel 1993-nji ýylyň dekabrynda Ankara şäherinde türkmen žurnalistleri bilen söhbetdeşliginde nygtapdy. Şeýle hem şol söhbetdeşlikde ol: «Beýik Seljuk döwletini guranlar hem türkmenleriň kynyk taýpasyndandyr. Osmanly döwletini gurup, Wena çenli türküligi we musulmanlygy ýöreden gaýy taýpasy-da türkmendir» diýip belläp geçipdi. Türkmen halky şeýle şöhratly we baý taryhynyň bardygyna buýsanmaga doly haklydyr.

Agaberdi SUHANOW.