milli goshun logo
Belent üstünlikleriň basgançagynda
Belent üstünlikleriň basgançagynda
22.08.2021 2343 Sport

«Hoş habaryň ganaty bar» diýilýär. Hakykatdan-da, ata Watanymyz Türkmenistan halkara derejeli hoş habarlary ýygy-ýygydan kabul edýär. 27-nji iýulda Ýaponiýadan gelip gowşan şatlykly habar – agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewanyň Olimpiýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp bolup, göteren agyrlygy bilen birlikde türkmen sportunyň abraýyny hem belende galdyrandygy ildeşlerimiziň köňül guşuny ganatlandyrdy.

Ykbalyny sporta baglanlaryň iň ýokarky basgançagy arzuw etmeýäni, arzuwlaryny düýşüne girizmeýäni ýokdur. Olimpiýa medaly bolsa şol ýokarky basgançaklaryň biri. Polina Gurýewa 59 kilogram çenli agram derejesinde silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň jemine görä 217 kilogram (96+121) netijäni görkezip, bu basgançaga çykmagy ussatlyk bilen başardy. Şeýlelikde, türgen öz şahsy rekordyny hem täzeledi.

Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny getiren türgen gyzyň mundan öňki halkara üstünlikleri hem aýratyn bellemäge mynasypdyr. Ol 2017-nji ýylyň maýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda altyn medal, 2018-nji ýylyň martynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medaly, ýene-de iki sany uly ýaryşda – 2019-njy ýylyň aprelinde Fiji Respublikasynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda hem-de 2021-nji ýylyň aprelinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda dördünji orny eýelemegi başardy.

Diňe belent sport üstünliklerini nazarlaýan türgen gyza: «Berekella, Polina! Ýeňişleriň höwri kän bolsun!» diýäýmek galýar.

«Milli goşun».