milli goshun logo
Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban halkymyz we merdana Watan goragçylary!
Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban halkymyz we merdana Watan goragçylary!
27.09.2021 1132 Harby özgertmeler

Garaşsyzlyk! Bu jümläniň aňyrsynda, gör, nähili çuňňur many-mazmun jemlenen. Hut şonuň üçin-de, Garaşsyzlyk hakynda, onuň gadyr-gymmaty barada gürrüň etmek örän ýakymly.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ugurlar babatda özgerdi, ösdi. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler halkymyzyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmaga, paýtagtymyz Aşgabadyň we welaýatlarymyzyň ähli künjekleriniň döwrebap binagärlik keşbiniň kemala gelmegine, ilatymyzyň saglygynyň has-da berkidilmegine, ýaş nesillerimiziň kämil we döwrebap ylym-bilim almagyna gönükdirildi. Aýratyn-da, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda, Milli goşunymyzyň dürli kysymlary harby-tehniki taýdan yzygiderli kämilleşdirildi, harby hünärmenleri taýýarlamak işi göwnejaý ýola goýuldy. Bu möhüm ähmiýetli işler «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem üstünlikli dowam etdirilýär.

Watan Garaşsyzlygy bize baky bagt, sowulmaz döwran berdi. Şol bagtyň gadyryny bilip, ata Watana gulluk etmek her bir Watan goragçysy üçin mukaddes borçdur, mizemez ygrardyr.

Redaksiýamyzyň agzybir işgärler topary bolup, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň sahawatly altyn güýzünde 30-njy gezek giňden bellenilýän Watan Garaşsyzlygymyzyň toýy mynasybetli hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, Watan goragçylarymyzy, il-günümizi tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, abadan Diýarymyzda mundan beýläk hem toýlar-toýa, baýramlar-baýrama ulaşsyn!

«Milli goşun».