milli goshun logo
«Baky Bitaraplyk – köňül joşgunym» atly şygryýet bäsleşigi jemlenildi
«Baky Bitaraplyk – köňül joşgunym» atly şygryýet bäsleşigi jemlenildi
09.12.2019 11373 Harby Bilim

Golaýda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirligi hem-de «Esger» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gullugy geçýän çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Baky Bitaraplyk – köňül joşgunym» atly şygryýet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Her ýyl geçirilýän bu bäsleşik Watan öňündäki gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirýän türkmen esgerleriniň arasynda döredijilik ukyplaryny we zehin başarnyklaryny ýüze çykarmaga we olary höweslendirmäge ýardam edýär.

Bäsleşigiň şertleri boýunça esgerler şygyr üsti bilen özleriniň harby gullugynda alyp barýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar, öz ýazan goşgularynyň ýygyndysyny hödürlediler. Soňra çeper okaýyş we  20 minudyň içinde tabşyrylan mowzuk boýunça goşgy ýazmak ýaly şertleri ýerine ýetirdiler.

Netijede, birinji orny Territorial goranyş goşunlary müdirligine degişli harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Rahymberdi Annagulyýew eýeledi. Ikinji orna Saglygy goraýyş edaralaryna hyzmat ediş müdirligine degişli harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy, seržant Atamämmet Saparow, üçünji orna Motoatyjylyk goşunlarynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, seržant Baýmyrat Nobatow mynasyp boldular.

Ýeňijilere we bäsleşikde tapawutlananlara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.

«Milli goşun».