Ýaragly Güýçlerimiziň ygtyýaryndaky
täze, döwrebap uçarlar we dikuçarlar harby okuw türgenleşiginde ençeme söweşjeň
wezipeleri ýerine ýetirdiler. Howadan hüjüm edýän söweşjeň uçarlar yzygiderli
howa urgularyny amala aşyryp, garşydaş nyşanalary hatardan çykardylar. Söweşjeň
uçarlara ussatlyk bilen erk edýän harby gullukçylarymyz asman giňişliginde
çylşyrymly hereketleri edip, özleriniň hünär ussatlyklaryny ýene bir ýola subut
etdiler. Olaryň bu hereketleri toparyň agzalarynyň söweşjeň wezipeleri ýerine
ýetirmekde häzirki zaman usullaryny we ösen harby tejribeleri mynasyp
özleşdirendiklerini görkezdi.