milli goshun logo
Ähli meýdan şertlerinde özbaşdak hereket edýän harby ulag
Ähli meýdan şertlerinde özbaşdak hereket edýän harby ulag
23.05.2019 1989 Tehnologiýa

«Nikola Motor» kompaniýasy özüniň «Reckless» atly täze elektrikli harby ulagynyň sürüjisiz görnüşini äşgär etdi. Ähli meýdan şertleri üçin niýetlenen ulag uzak aralykdan «3D görüş sistemasy» arkaly dolandyrylýar. Ol dolulygyna elektrik energiýasy bilen hereket edip, 100 km/sagada bary-ýogy 3 sekuntda çykýar. Ulag dronlar we uzakdan dolandyrylýan ýarag stansiýalary bilen utgaşykly hereket edip bilýär.

«Reckless» ulagynyň sürüjisiz görnüşini «Nikola Powersports», «Planck Aerosystems» we «AimLock Inc.» kompaniýalary bileleşip durmuşa geçirdiler.

Ulaga «AimLock R-M1» atly uzakdan dolandyrylýan ýarag toplumy ýerleşdirilendir. Ol awtomatiki ýagdaýda nyşana almaga, işjeň deňagramlylygy saklamaga we dowamly nyşanany yzarlamaga ukyplydyr.