Halkara bilim boýunça amerikan geňeşlikleri
ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary
üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2023-2024-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň
rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijileri 2024-2025-nji okuw ýylynyň
dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde
okamaga mümkinçilik alarlar. Bu bolsa türkmenler bilen amerikanlaryň özara
düşünişmegini ösdürmäge ýardam eder. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen
bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan
meýilleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki
mümkinçiligi çäkli okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň
ählisi aşakdaky talaplara laýyk gelmeli:
— bäsleşige 2006-njy ýylyň 15-nji
martyndan 2008-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp
bilýärler. Ýöne 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar
maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
— häzirki wagtda orta mekdepde okaýan;
— mekdepdäki ýetişigi gowy bolan,
iňlis dilinde gowy gürlemek we ýazmak ukyplaryna eýe bolan;
— soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç
aýdan köp ýaşamadyk;
— ABŞ-nyň wizasyny almak üçin
talaplara laýyk gelýän;
Türkmenistanyň raýaty bolan
okuwçylar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar synaga ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3x4 ölçegli bir fotosuratyny, ruçka alyp gelmelidir we mekdep lybasynda bolmalydyr.
Synaglar:
Balkan welaýaty boýunça
Türkmenbaşy şäherindäki 10-njy orta mekdepde 2023-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda sagat
09:00-da şeýle hem Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde 2023-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda
sagat 09:00-da;
Daşoguz welaýaty boýunça Daşoguz şäherindäki
2-nji orta mekdepde 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda sagat 09:00-da;
Mary welaýaty boýunça Mary şäherindäki
19-njy orta mekdepde 2023-nji ýylyň 5-nji noýabrynda sagat 09:00-da;
Lebap welaýaty boýunça Türkmenabat
şäherindäki 2-nji orta mekdepde 2023-nji ýylyň 12-nji noýabrynda sagat 09:00-da;
Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri boýunça
Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdepde 2023-nji ýylyň 26-njy noýabrynda sagat
09:00-da geçirilýär.