22.03.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
14.03.2023 65 Habarlar

13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, sebitlerde ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek arkaly şu ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, gowaça ekilmegi meýilleşdirilýän meýdanlary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlaryň we zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi geçirilýär, häzirki wagtda bu ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy we pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işleriniň, ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.