16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljekki
mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzyň baş
şäherini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan milli
meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliklerine garaldy.
Işewür hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada
giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan
ugurlary, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hasaba alnyp
işlenip taýýarlanan täze teklipleri beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy binagärlik,
inženerçilik-tehniki pikiriň we milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň
utgaşykly sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň,
innowasion tehnologiýalaryň işjeň herekete girizilmeginiň, ekologik howpsuzlyk
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün
edilmegini ugur edinýän hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli
şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Şunda bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesi, olaryň bellenilen
möhletlerinde ulanmaga tabşyrylmagy üýtgewsiz talap bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda döwlet Baştutanymyz fransuz kompaniýasynyň anyk tekliplerine
garamaga taýýardygyny beýan etdi.