16-njy martda sanly ulgam
arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty geçirildi. Onda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Kanunlaryň
taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.
Maslahata gatnaşmak üçin birnäçe ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri çagyryldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky
maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan
makullanyldy we kabul edildi.