Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli
gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2023-nji ýylyň
mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň
çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman
senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly
serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde
Ukraina muzdsuz bermek tabşyryldy.