22.03.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
17.03.2023 83 Habarlar

16-njy martda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu gezekki sammite çagyrylandygy, mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň gurama agza ýurtlar üçin tebigy betbagtçylyklaryň täsirine garşy durmakda we ony ýeňip geçmekde bilelikdäki gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň bu ugurda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklarynyň meseleleri barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýäniň beýleki hyzmatdaşlaryň arasynda öňdäki orunlary eýeleýändigini belledi. Şunda Halk Maslahatynyň Başlygy dokma we himiýa senagatynda, energetika, gazhimiýa, senagat önümçiliginiň, dürli maksatly önümçilik desgalarynyň gurluşyklary boýunça wajyp taslamalaryň amala aşyrylandygyny aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara derejeli işewür toparlaryň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny şertlendirýändigini belledi. Şeýlelikde, türk işewürleri milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzümleriniň döredilmegine gönükdirilen iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy özleri üçin hormat hasaplaýarlar.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, öz gezeginde, diniň, diliň, taryhy kökleriň umumylygynyň iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagynyň möhüm şertidigini belläp, bu ýörelgeleriň «Iki döwlet — bir millet» diýen jümlede öz beýanyny tapýandygyny nygtady.