16-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe
Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ol ýerde
Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň
döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy.
Ankara ugramagynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz
paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky
ilçihanasynyň geňeşçisi bilen söhbetdeş bolup, köp ugurlar boýunça okgunly
ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini hem-de ýylsaýyn
täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Şu sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary
dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni
almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak, täze
wehimlere garşy durmagyň çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda
köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle-de sebit we
halkara meseleleriň möhüm ugurlary girizildi.
Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda bilelikde
ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra sammite gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň
Baştutanlaryna söz berildi.
Soňra sammite gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň, Türki
Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygynyň hem-de guramanyň Baş
sekretarynyň çykyşlary diňlenildi.