22.03.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy
16.03.2023 39 Habarlar

15-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda badalga berildi.

Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy hem-de Türkmenistanda ençeme möhüm taslamalary durmuşa geçiren «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasyna ynanyldy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýadygärlik ýazgyly gutujyk binanyň düýbüne atylýar.