22.03.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
15.03.2023 76 Habarlar

14-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň kesgitlenen ugurlary barada hasabat berdi.

Türkmen-türk gatnaşyklary gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýasyna ýurdumyz üçin ähmiýetli bolan täze desgalaryň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň ynanylýandygyny, ertir bolsa Aşgabatda bu toplumlaryň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljekdigini belledi.