22.03.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Dünýä rekordyny gazanan iň ýaş türgen
Dünýä rekordyny gazanan iň ýaş türgen
02.11.2018 719 Habarlar | Sport

Dünýä çempionatynyň ilkinji güni 55 kilogramda çykyş edýän erkekleriň arasyndaky ýaryşda hemmeleriň ünsüni çeken waka şaýat bolduk. «B» topardaky bäsleşikde Massidda Sergio ýetginjekleriň arasyndaky dünýä rekordyny täzeledi. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 236 kilogram agramy götermegi başardy. 2002-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda doglan italiýaly agyr atletikaçy şeýle gürrüň berdi:

- Aslyýetinde, öňüňde uly maksatlar goýlup türgenleşilýär. Ýöne ilkinji gezek uly ýaryşa gatanaşamsoň, az tolgunmadym. Aşgabat meniň ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşan we rekord goýan şäherim hökmünde ýadymda galar. Soňky bir ýyl bäri gije-gündiz diýmän türgenleşik işlerini geçýärin. Bu işde maňa tälimçim ýakyndan ýardam etdi. Aşgabat owadanlygy, arassalygy bilen adamlary özüne çekýär. Esasanam, türkmen halkynyň myhmansöýerligi mende uly täsir galdyrdy.