17.11.2018

Türkmenistan


Türkmenistan - UMUMY MAGLUMATLAR
21.09.2018

Türkmenistanda 27-nji sentýabr Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan 146 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan — demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Döwlet dolandyryşy Prezident respublikasy görnüşinde alnyp barylýar. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji... Dowamyny oka


«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGY
21.09.2018

2009-njy ýylyň iýunynda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan «Awaza» taslamasy geljekki onýyllyklar üçin ýurduň strategiki meýilnamasynda aýratyn orny tutýar. Şonuň üçin ol dünýä arhitekturasynyň we inžener-tehniki pikirleriniň iň öňdebaryjy üstünliklerini, döredijilik ideýalary özünde jemlemäge mynasypdyr. Gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäginde 10-15 sany dünýä derejesindäki sanatoriýalar we myhmanhanalar ulanylmaga berild... Dowamyny oka


SYÝAHATÇYLYK
21.09.2018

Sosial syýasatyň wajyp ugurlarynyň biri syýahatçylyk bolup durýar. Ýurduň syýahatçylyk senagatynyň iň bir girdejili ugry hökmünde halkara syýahatçylygynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Daşary ýurtly syýahatçylarynyň sanyny artdyrmak üçin täze syýahatçylyk ugurlary açylar, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri amala aşyrylar. Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň tejribesinde ýerli we daşary ýurtly syýahatçy... Dowamyny oka


MEDENIÝET
21.09.2018

Medeniýet güýjüň egsilmez çeşmesi bolup, ol her bir halkyň milli aýratynlyklaryny kemala getirmäge ýardam edýär, ýakynlaşmagyň ruhy köprüsi bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Türkmenistanda Medeniýet Ministrligi hereket edýär, onuň esasy işi Türkmenistanyň medeniýetini ösdürmek, medeniýet pudagynyň amatly şertlerini sazlamak, milletiň arasynda şahslary ruhy we medeni taýdan durmuşa geçirmek bolup durýar. Döwletiň medeniýet babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmek, ilkinji nobatda, dürli çä... Dowamyny oka


TÜRKMENISTANYŇ HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGY
21.09.2018

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ýurtda bedenterbiýe we sport hereketlerini ýola goýmagyň täze usullary kemala gelip ugrady hem-de şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esasy goýuldy. 2007-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesine saýlanylmagy bilen döwlet gurlyşynyň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda sport ulgamynda hem özgertmeler geçirilip başlandy. Şol döwürden bäri ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy neti... Dowamyny oka


YLYM
21.09.2018

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda milli ylymda düýpgöter özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýokary döwlet edarasy — Ylymlar Akademiýasy hereket edýär, onuň ýolbaşçylygynda döwletiň ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär. Ýokary Geňeşiň ylym we tehnika bölüminiň esasynda ylym we tehnika gaznasynyň düýbi tutuldy. Ýokary komitet ýörite ugurlar boýunça geňeş bilen bilelikde işleri alyp barýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň Geňeşi işjeň hereket edýär. Onuň işine talyplar we olaryň halypalary b... Dowamyny oka


BILIM
21.09.2018

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň çäklerinde Türkmenistanda “Bilim hakyndaky” kanun kabul edildi.  Şoňa laýyklykda,  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak... Dowamyny oka


SAGLYGY GORAÝYŞ
21.09.2018

Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi. Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär. Şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýaşdaky raý... Dowamyny oka


DURMUŞ PUDAGY
21.09.2018

Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmeklik döwletiň ilaty durmuş taýdan goramak syýasatynyň çäginde amala aşyrylýar. Ýurtda düýpleýin durmuş özgertmeler syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir. “Döwlet – adam üçindir!” şygary Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy şygarydyr. Durmuş meselelerini çözmek maksady bilen häzirki wagtda ýüzlerçe hassahanalar, ýokary okuw jaýlary, mekdepler we çagalar baglary, sport bilen meşgullanmaga niýetlenen döwrebap binalar gurulýar. Türkmenist... Dowamyny oka


YKDYSADYÝET
21.09.2018

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta möhletleýin we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça ähli pudaklarda ykdysady ös... Dowamyny oka