22.04.2018
Wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

17.04.2018 08:04 / Habarlar /
7

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba we suw hojalygy ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň häzirki wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de döwlet durmuşynyň käbir beýleki meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şäheriň iri gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada aýdyp, täze desgalaryň gurluşygyny, şäheriň etraplaryny, köçelerini we seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmagy nazara alyp, ähli işleri toplumlaýyn esasda hem-de häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, töweregiň gözelligi we ekologiýa ýagdaýyna hem uly üns bermegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz aprel aýynyň ahyrynda, däp bolşy ýaly, Türkmenistanda halkymyzyň milli buýsanjy bolan bütin dünýäde şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň hormatyna dabaralaryň giňden geçirilýändigini belläp, Aşgabat şäheriniň häkimine baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde amala aşyrylýan, şol sanda, obasenagat toplumynda ýerine ýetirilýän işler, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler hem-de gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durup geçip, gymmatly tehniki ekiniň bereketli hasylynyň esasyny tutýan ekişi hem-de ähli möwsümleýin agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Olar bellenen kadalara laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy göreşmek babatda öz wagtynda öňüni alyş we beýleki zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna, ilatyň durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça wezipeleriň çözülişine hemişe gözegçiligiň üpjün edilmegine ünsi çekip, Ahal welaýatynyň häkimine ýurdumyzda aprel aýynyň ahyrky ýekşenbesinde umumy halk dabarasy hökmünde her ýyl bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda
Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow sebitde işleriň ýagdaýy, 
obasenagat toplumynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, dürli oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almak üçin öňdebaryjy ylmy gazanylanlary iş ýüzünde ulanmagyň ähmiýetini belläp, suw serişdelerini aýawly peýdalanmagyň hem-de şu maksatlar bilen suw tygşytlaýjy tehnologiýalary netijeli peýdalanmagyň hem zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda täze desgalaryň, şol sanda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalardaky işleriň barşy hem-de depginleri bilen gyzyklanyp, häkime şol işleriň hiliniň we öz wagtynda ýerine ýetirilişiniň tertibiniň berjaý edilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu welaýatda hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çärelere mynasyp taýýarlyk görülmelidigi hem-de şolaryň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi barada häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew welaýatda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk möwsümleri, hususan-da, gowaça ekişi, häzirki agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabarara taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, möwsümleýin meýdan işlerini bereketli hasyly ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegine ylmy taýdan çemeleşmegiň esasynda ähli agrotehniki kadalaryň we düzgünleriň takyk berjaý edilmegi bilen utgaşykly alyp barmak babatda görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň durmuş düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de şöhratly behişdi bedewleriň we häzirki wagtda ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam edýän ýurdumyzyň ussat atşynaslarynyň hormatyna guraljak çäreleri degişli derejede geçirmek boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi 
T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim mejlisiň gün tertibiniň meseleleri boýunça giňişleýin hasabat berip, gowaça ekişiniň barşy hem-de bu jogapkärli möwsümde bar bolan döwrebap tehnikalary doly peýdalanmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýtdy. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan beýleki möwsümleýin işler hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalarda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ösdürip ýetişdirmegiň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň möhüm ugrudygyny belläp, bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri gözegçilikde saklamagyň, olary üstünlikli çözmek maksady bilen pudakda toplanan baý tejribäni ulanmak bilen birlikde, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagy üpjün etmegiň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda durmuş-medeni we beýleki maksatly gurluşyklaryň bellenilen meýilnamalaryny amala aşyrmak hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede guramaçylykly guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitiň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, nobatdaky möwsümleýin oba hojalyk işlerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şeýle hem rejelenen görnüşde kabul edilen Milli özgertmeler maksatnamasynyň welaýatda durmuşa geçirilişi, şol sanda, bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada habar aýdyldy.

Milli Liderimiz welaýatyň obasenagat toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň üstünde durup geçip, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak, ekinleri zyýankeşlerden goramak we haşal otlardan arassalamak ýaly meselelere aýratyn üns berilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaçanyň täze hasylynyň öz wagtynda düýbüniň tutulmagy bilen birlikde, olara ýokary hilli ideg edilişini üpjün etmegiň möhümdigini nygtap, häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda durmuş desgalarynyň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamgy hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramagy we geçirmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga oba we suw hojalygy ministri Ö. Enermyradowy çagyrdy. Ministr bu pudaklarda işleriň ýagdaýy, olaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de özgertmegiň, şol sanda onuň ýokary girdejililigini, önüm öndürilişiniň möçberleriniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek ýaly ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň işini, seçgiçilik ulgamynda, her welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde, täze ýerleri özleşdirmekde işleri kämilleşdirmek boýunça düýpli oýlanyşykly, toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz pagtaçylygy ösdürmek baradaky meselä geçip, “ak altynyň” bereketli hasylyny almak üçin, şol sanda gowaçanyň gymmatly inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça bu ýerde bar bolan mümkinçilikleriň has doly peýdalanylmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministre ýerleri işlemegiň innowasion usullaryny iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga, ekerançylyk meýdanlary suwarmakda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga, ýyladyşhana hojalyklarynyň ulgamyny giňeltmäge, ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän möçberlerini köpeltmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol işleri has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryny nazara alyp, bu pudaklary ösdürmek, hünär ugurly kärhanalaryň we düzümleriň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň barşynda, şeýle hem Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň düzümini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.