19.08.2018
Wideoşekilli iş maslahatynda golaýlaýan baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk maslahatlaşyldy

15.05.2018 08:05 / Habarlar /
84

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine sebitleri we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz ilki bilen wideoşekilli göni aragatnaşyga Aşgabat 
şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim şäheri has-da abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, iri desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem umumymilli baýramçylyga —Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz adamlar üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerine uly üns bermegiň we şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, inženerçilik-tehniki we jemagat hojalygy gulluklarynyň takyk, sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ekologiýa taraplaryny nazara almak bilen, Aşgabat şäherini, onuň köçelerini we seýilgählerini abadanlaşdyrmak işini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýetip gelýän tomus möwsümine taýýarlyk görmegiň meselelerine degip geçmek bilen, mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günleriniň guramaçylykly geçirilmegi üçin amatly şertleri döretmek hakynda alada etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Abdyýewany we P.Agamyradowy birwagtda çagyrdy. Olar gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, olaryň we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýerlere hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Olar täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny hem-de asylly maksatlaryny özünde jemläp, türkmen toýuna mahsus ýagdaýda geçirilmelidir.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerde “Soňky jaň” mynasybetli dabaralary guramak barada anyk görkezmeleri berdi hem-de şol günüň şatlyk duýgularyna we umyt-arzuwlara beslenip, uçurymlaryň hemişelik hakydasynda galmagy, olary durmuşda täze möhüm döwre ruhlandyrmagy üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem 25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede guralmalydygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi, ekinleriň zyýankeşlerine garşy göreşmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hem-de welaýatyň täze gurluşyklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý ekilen ekerançylyk meýdanlarynda soňky ösüş suwuny tutmak boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtap, bugdaý oragyny üstünlikli geçirmek, öňde boljak möwsümde ulanyljak däne orujy kombaýnlaryň we awtoulaglaryň, şeýle hem däne kabul ediji nokatlaryň we degişli ýörite enjamlaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmek üçin hemme şertleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaça ekişiniň tamamlanandygyny belläp, agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegini hem-de bar bolan oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagyny goşmak bilen, gymmatly tehniki ekine ideg edilişini bellenilen möhletlerde guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz sebitde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklary berip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy. Häkim obasenagat pudagynda dowam edýän möwsümleýin işler, hususan-da, galla oragyna görülýän taýýarlyk, şeýle hem täze desgalaryň gurluşygynyň barşy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýetip gelýän galla oragynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz sebitde gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek hem-de bellenilen agrotehniki kadalara laýyklykda olara ideg etmek, olardan bereketli hasyl almak bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleriniň ýakynlaşmagy bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, ýurdumyzyň ýaşlarynyň uly höwes bilen dynç alýan ýeri bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bu möwsüme taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly jebisleşdiriji ähmiýeti bolan şanly senäni — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi welaýatda mynasyp garşylamak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew ýolbaşçylyk edýän sebitinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, welaýatyň durmuş we senagat düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, welaýatda şalynyň ýokary hilli ekişini üpjün etmegi talap etdi. Milli Liderimiz bu işiň guramaçylykly we gysga möhletde geçirilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda gowaça ekişiniň tamamlaýjy tapgyrda barýandygyny belläp, gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek boýunça göz öňünde tutulan agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigini aýtdy. Munuň özi, “ak altynyň” bereketli hasylyny almak üçin uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz welaýatyň häkimine bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, obasenagat pudagynda işleriň öz wagtynda geçirilmegine, şol sanda ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga, oba hojalyk ekinlerine zyýan berijilere garşy göreşmäge we beýleki işlere ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim maslahatyň gün tertibine girizilen meseleler, şol sanda gowaça ekilen meýdanlara ideg etmek, galla oragyna taýýarlyk görmek hem-de bu möwsümde işleri bökdençsiz alyp barmak baradaky meseleler boýunça hasabat berdi.

Şeýle hem gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan 860 orunlyk iri köpugurly hassahananyň gurluşygy barada hasabat berildi.

Pagtaçylygyň we däneçiligiň obasenagat toplumynyň möhüm pudaklary bolup durýandygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak bilen, iň gowy tejribe bilen utgaşdyryp, degişli ugurda öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz tutuş sebitde iri saglygy goraýyş ulgamynyň täze edarasynyň gurluşygyny bellenilen möhletde we ýokary hilli tamamlamagy tabşyrdy. Ol ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidir. Bu saglygy goraýyş edarasynda Owganystanyň serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylaryna hem lukmançylyk hyzmatlarynyň ediljekdigini bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň doganlyk owgan halkyna hemişe yzygiderli kömek edip, goňşy döwletiň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine ýardam edip gelendigini aýtdy.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen energetika we ulag ulgamlarynda amala aşyrýan giň gerimli taslamalary muňa mysal bolup, olar sebit üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistan Owganystanyň serhetýaka welaýatlarynyň çäklerinde durmuş maksatly desgalary gurýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz geljekde hem goňşy ýurda hemmetaraplaýyn goldaw bereris diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berip, welaýatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada görkezme berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde we onuň oba senagat toplumynda işleriň ýagdaýy, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça görülýän çäreler, obasenagat toplumynda nobatdaky möwsümleýin işlere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şeýle hem gurluşygy dowam edýän desgalarda işleriň barşy, milli senenamamyzda şanly sene mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny mynasyp geçirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragyna taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, onuň sazlaşykly geçirilmegini, 
tehnikalaryň bökdençsiz işlemegini hem-de olara dessin hyzmat edilmegini, şeýle hem daýhanlaryň we mehanizatorlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de doly derejeli dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini tabşyrdy.

Beýleki gündelik oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine, aýratyn-da, gowaça ýokary hilli ideg edilmegine ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary we hojalygy dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmak boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselelerini gözegçilikde saklamagy, 18-nji maýda ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän ählihalk baýramçylygynyň şanyna çäreleriň degişli derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýetip gelýän tomusky dynç alyş möwsümi barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatda hem oňa taýýarlyk görmek işleri toplumlaýyn esasda amala aşyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.