22.10.2018
Wideoşekilli iş maslahaty geçirildi

27.03.2018 10:03 / Habarlar /
172

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda ilkinji bolup Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ilat üçin amatly şertleri döretmek, bagy-bossanlyga öwürmek arkaly sagdyn şäher gurşawyny ösdürmek, şeýle hem arassaçylygy saklamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Aşgabatda bina edilýän desgalarda işleriň ýagdaýy, durmuş düzümini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada habar berildi.

Häkim şeýle hem inženerçilik we jemagat gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler, ýaşaýyş jaýlaryny, şäheriň desgalaryny, jemgyýetçilik ýerlerini göwnejaý tertipde saklamak, öňde boljak şanly seneleri garşylamaga görülýän degişli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow estetiki, medeni we jemgyýetçilik-ekologik şäher giňişligini döretmek babatynda aýry-aýry wezipelere ünsi çekip, Aşgabat şäheriniň etraplarynyň häkimleriniň özlerine degişli çäkleriň ösdürilmegini, şäher ýaşaýjylarynyň amatly durmuş şertlerini üpjün etmek üçin, olaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de boş wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin amala aşyrylýan işleriň we çäreleriň ählisini berk gözegçilikde saklamalydyklaryny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä saglyk güni hem-de Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek we olary guramak boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy, ol sebitiň durmuş-ykdysady görkezijileri, gowaça ekişiniň barşy, ekin meýdanlaryna mineral dökünleriň berlişi, ösüş suwunyň tutulyşy, galla oragyna görülýän giň möçberli taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, aprel aýynda boljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda gowaça we beýleki ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek, ekin meýdanlarynda agrotehniki çäreleri göwnejaý derejede guramak hem-de öňde boljak galla oragyna öz wagtynda taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalaryň, ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak meseleleriniň hemişe welaýatyň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede guramak boýunça tabşyryk berdi. Hususan-da, milli Liderimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralaryň geçiriljek ýeri bolan welaýatyň çäklerinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk-sport toplumynyň we stadionlaryň taýýarlygyna berk gözegçilik etmegi talap etdi.

Soňra göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy, ol ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, şol sanda ýakynda badalga alan ýaz ekişiniň barşy, meýdan işlerine gatnaşýan düzümleriň sazlaşykly işlerini üpjün etmek, oba hojalyk tehnikasyny galla oragyna taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň çäklerinde, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän desgalaryň işine gözegçilik etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berip, gurluşyk işleriniň ýokary derejesini hem-de desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz galla orujy kombaýnlary we beýleki tehnikany galla oragyna taýýarlamak boýunça görkezmeleri berip, häkime hojalyklaryň zerur enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary, çalgy ýaglary hem-de beýleki serişdeler bilen üpjünçiligini barlamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz aprel aýynda bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň we Türkmen bedewiniň baýramynyň ähmiýetini belläp, bu dabaralaryň ýokary derejede guralmalydygyny, many-mazmunly we gyzykly bolmalydygyny nygtady.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň başlanmagyna giň möçberli taýýarlyk işleri, galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hususan-da, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler barada habar berildi.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň barşynda sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmeginiň bu işe gatnaşýanlaryň ählisiniň sazlaşykly hereketlerine baglydygyny belläp, welaýatda gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem galla oragyna göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň durmuş düzümini ösdürmek boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, bu desgalar ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.
Bütindünýä saglyk gününi we Türkmen bedewiniň baýramyny häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede geçirmek boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy, ol agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekin meýdanlaryna ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, barha ýokary depginlere eýe bolýan gowaça ekişiniň görkezijileri, ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Mundan başga-da, häkim welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler, gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem aprel aýynda boljak şanly seneleriň baýramçylyk maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, hususan-da, gowaça ekişini ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur tagallalary görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz güýzlük bugdaýa edilýän agrotehniki idegiň bol hasyl almagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, galla oragyny geçirmegiň esasy ugruny işläp taýýarlamak boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, ähli ýerde durmuş üpjünçiligine gönükdirilen işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz aprel aýynda bellenilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleriniň degişli derejede alnyp barylmalydygyny belledi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häzirki döwürde gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Hasabatyň dowamynda galla oragyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat bermek bilen, häkim öňde boljak şanly seneleri döwrebap derejede dabaralandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaz-meýdan işleriniň bellenilen möhletleriniň anyk berjaý edilmeginiň, gowaça ekişiniň göwnejaý geçirilmegini üpjün etmek üçin dökünleriň, tehnikanyň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek zerurdyr.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri dabaralandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň, Türkmenistanyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.