22.10.2018
Welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde täze awtowokzallar gurlar

03.08.2018 10:08 / Habarlar /
88

Ýakyn geljekde Türkmenabat, Mary, Balkanabat, Daşoguz şäherlerinde täze döwrebap ýolagçylar awtowokzallary gurlar. Ýolagçylara we ýük daşaýanlara hyzmat etmäge niýetlenen binalar hem-de desgalar toplumynyň taslamalary işlenilip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

Ýolagçylar üçin amatlylyk we oňäýlyk - binalara bildirilýän esasy talapdyr. Awtowokzallarda döwrebap mebelli ýolagçylar garaşar ýaly otaglar, maglumatlar görkezijisi, sorag-jogap gulluklary we aragatnaşyk nokatlary bolar. Şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşine petek satýan kassalar, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary we ownuk söwda dükanlary, el-goş saklanylýan ýerler, eneler we çagalar otaglary, uzak wagtlap ulaga garaşýanlar üçin ýerler, gulluk otaglary bolar.

Tutýan meýdany alty müň inedördül metrden gowrak awtowokzallarda awtobuslar we taksiler üçin duralgalar göz öňünde tutulan.

Dolandyryş merkezleriniň hersinde täze awtowokzallary gurmak üçin ýerler olara barýan amatly ýollar we ulaglaryň hereketiniň amatlylygy göz öňünde tutulyp saýlanyldy. Balkanabatda, Maryda we Daşoguzda olar ozalky ýerinde, Türkmenabatda bolsa köne aeroprtuň ýerinde gurlar.