22.06.2018
Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak we täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi

03.03.2018 10:03 / Habarlar /
200

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini sylaglamak hem-de täze kitabyň tanyşdyryş dabarasy Gahryman Arkadagymyzy şöhratlandyrýan goşa baýramçylyga öwrüldi. Eziz Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri üçin sylaglara we hormatly atlara mynasyp bolan harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen sylaglandylar.

Şu ýylyň iki aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara bu ajaýyp neşiriň nusgalaryny paýlap, ony giňden tanyşdyrmak maksady bilen ähli jemgyýetçilik guramalarynda medeni çäräni geçirmek hakynda teklibini beýan etdi.

Bu waka mynasybetli Serkerdeler öýüniň eýwanynda kitap sergisi guralyp, onda milli Liderimiziň köp sanly işleri hormatly orunlaryny eýeledi. Şeýle hem sergide surat eserleri goýlupdyr.

Dabara harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, harby ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem medeniýet işgärleri, tanymal şahyrlar, iri jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri hem-de beýleki hormatly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary goranmak ministri, general-polkownik Ý.Berdiýew harby gullukçylara bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, goranyş ukyplylygyny berkitmäge, howpsuzlygyň, kanunylygyň we düzgün-tertibiň üpjün edilmegine goşant şahsy goşantlary üçin döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurýar.

Edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirijiler, serkerdeler, esger, harby talyplar, harby düzümleriň işgärleri harby kasama, eziz Watanymyza wepalylygyň hem-de mähriban halkymyzyň asuda we döredijilikli durmuşynyň goragynda tutanýerli durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edýärler.

Harby gullukçylar halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk barada dabaraly kasamy aýdýarlar.

Türkmen halky tutuş taryhynyň dowamynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup, bu ýörelgeler täze döwürde Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny düzýärler. Bitarap ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda özygtyýarly ösüşiň ýoluna düşüp, döwlet gurluşynyň özboluşly nusgasyny döretmek bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna üstünlikli ýetmek üçin aýrylmaz şert bolup durýan amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmegi hem başardy.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli harby özgertmeler ilkinji nobatda milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini we tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmegi, şöhraty ata-babalarymyzyň ýörelgelerini mynasyp dowam edýän ýokary bilimli hünärmenleri watançylyk ruhunda terbiýelemegi we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmagy ugur edinýär.

Olaryň esasy wezipeleri konstitusion gurluşyň goragynda durup, özygtyýarly döwletimiziň bähbitlerini hem-de onuň raýatlarynyň hukuklaryny goramak, türkmenistanlylaryň asuda durmuşda ýaşamagy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine ýardam etmek bolup durýar.

Bu gün parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara gatnaşyklary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan garaşsyz bitarap döwletimiz saýlanyp alnan ýolda ynamly gadam urup, dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz özygtyýarlylygyny, ykdysady we syýasy täsirini berkidip, uly ylalaşdyryjy güýç, sebitde agzybirligiň we durnuklylygyň daýanjy bolup çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etmegi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde belent abraýynyň, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde onuň ornunyň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny wagyz etmek baradaky syýasata bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň tanyşdyryş dabarasy şu günki çäräniň simwoliki dowamyna öwrüldi. Bu iri göwrümli eserde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyzçysy, şahsy göreldesi bilen türkmenistanlylary halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, täze döredijilikli meýilleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň bähbidine täze ýeňişlere ruhlandyrýan milli Liderimiziň alyp barýan giň möçberli işleri barada söhbet açylýar. Watanymyzyň ýylýazgysyny iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmeginde täze üstünliklere beslän 2017-nji ýylyň wakalary barada aýratyn bellemek gerek. Aşgabatda ägirt uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, türkmen türgenleriniň mynasyp bolan ýeňişleri dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, işjeň ornuny bütin dünýä aýan etdi.

Dabaraly çäreler Serkerdeler öýüniň mejlisler zalynyň sahnasynda ýaýbaňlanan köpöwüşginli sport-teatr tomaşalaryna öz ornuny berdi, oňa belli artistler we aýdymçylar, medeniýet işgärleri, “Ýüpek ýoly” hormat garawuly batalonynyň “Göreldeli” harby orkestri, belli tans toparlary, türgenler gatnaşdylar.