17.11.2018
“Türkmentel-2018” XI halkara sergisi we ylmy maslahat

11.10.2018 01:10 / Habarlar /
66

Paýtagtymyzda nobatdaky Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2018” atly ХI halkara sergisi we maslahaty açyldy, ony ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrligi we Söwda-senagat edarasy guradylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän iri pudaklaýyn forum ýurdumyzyň okgunly ösýän maglumatlar, telekommunikasiýalar tehnologiýalary hem-de teleradioýaýlym enjamlary pudagynyň gazananlaryny äşgär etmäge ýardam berer, şeýle hem bu ulgamda dünýäde iň täze işläp taýýarlamalary peýdalanmakda tejribe alyşmak üçin netijeli çärä öwrüler. Bu çärä gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan artýar, munuň özi dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan hem-de hyzmatdaşlyk üçin oňyn ýagdaýa eýe bolan ýurdumyza ägirt uly gyzyklanma bilen şertlendirilendir.

Häzirki gözden geçirilişe dürli daşary ýurt döwlet pudaklaýyn düzümlerine wekilçilik edýän 20-den gowrak wekiliýetiň, dünýäniň esasy kompaniýalarynyň — önüm öndürijileriň we ýokary tehnologik enjamlaryny iberijileriň, öňdebaryjy tehnologiýa hyzmatlary işläp taýýarlaýjylaryň, aragatnaşygyň we programma üpjünçiliginiň iri halkara operatorlarynyň gatnaşýandygy munuň aýdyň güwäsidir.

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmentel — 2018” halkara forumynyň dabaraly açylyşyna hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, bilim edaralarynyň, jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda döwletiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin häzirki zaman telearagatnaşyk ulgamynyň barha artýan orny bellenilýär. Ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak maksady bilen hem-de 2018 — 2024-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmek, raýatlarymyza ýokary hilli we elýeterli aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin döwletimiz tarapyndan uly möçberde maýa goýum serişdeleri goýberilýär diýlip, milli Liderimiziň gutlagynda aýdylýar.

Bu bolsa ýurdumyzyň häzirki zaman ösen tehnologiýalaryndan üzňe bolman, döwür bilen aýakdaş gitmegine, internet hyzmatynyň ýokarlanmagyna uly mümkinçilik döredýär. Halklaryň ýakynlaşmagynda, döwletleriň durnukly ösmeginde, eziz Watanymyzyň logistik merkeze öwrülmeginde möhüm orun eýeleýän, Türkmenistanyň çäginde gurlup ulanmaga berilýän halkara optiki-süýümli esasy aragatnaşyk ulgamlary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Bu geçirijiler diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hem üstaşyr ulgamlaryň möhüm şahasy bolup, döwletimiziň milli aragatnaşyk pudagynyň has-da ösmegine ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda şeýle hem bu ýöriteleşdirilen çäräniň dünýä jemgyýetçiligini berkarar Watanymyzyň aragatnaşyk ulgamynyň ýeten derejesi bilen tanyşdyrmakda, kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen meseleleri bilelikde ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirip, oňa gatnaşyjylara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Sergide bu ulgamda uzak geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalaryny we taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň we olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň, şeýle hem türkmen telekeçileriniň diwarlyklarynyň 80-e golaýy görkezildi.

Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän, aragatnaşygyň we maglumat tehnologiýasynyň dürli görnüşleriniň bazarlarynda öňdebaryjylar bolan “Thales Alenia Spaсe”, “Nokia”, “HUAWEI”, “Samsung”, “Hermes Data Сommuniсations International Ltd”, “Hikvision”, ”Spaсe Systems International Monaсo” we beýleki kompaniýalar bar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda telekommunikasiýa we ýokary tizlikli maglumat ulgamynda hem maýa goýumlarynyň çekilmeginiň işjeň tarapdary bolup durýar. Türkmenistan halkara tejribelerindäki ähli täzelikler üçin açykdyr, ýurdumyz milli bähbitleri we durmuş-ykdysady hem-de ruhy-medeni ösüşiň wezipelerini nazara alyp, dünýä döwletleri bilen berk gatnaşyklary ýola goýýar.

Sergä gatnaşyjy daşary ýurtlularyň ençemesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň çäklerinde, pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň, sanly gepleşikleriň ölçeglerine geçmegiň, maglumat serişdelerine hyzmatyň we elýeterliligiň gerimini giňeltmegiň, ulgama elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyny bilelikde amala aşyryp, ýurdumyzyň telekeçilik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekde uly tejribä eýedir.

Sergide häzirki zaman wideoenjamlary, uly monitorly sergi diwarlyklary, yşykly bannerler we pannolar, sanly radio we teleýaýlymlar, hemra, mobil we elektron aragatnaşygy, ses serişdeleri, wideoýazgylar we gözegçilik ulgamyndaky köp sanly täzeçil nusgalar bilen enjamlaşdyrylan giň pawilýonlar ýurdumyzyň aragatnaşyk senagatynyň, telearagatnaşyk, habar beriş tilsimatlary ulgamynyň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýany boldy.

Myhmanlara we sergä gatnaşyjylara Aragatnaşyk ministrliginiň, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň, “Türkmenpoçtanyň” bölümleriniň giň gerimli gymmatlyklarynda ulgamlaýyn we öýjükli aragatnaşyk serişdeleri, telekommunikasiýa ulgamynyň binýadynda maglumatlary elektron geçirijiler, milli tele we radioýaýlymlary ýokary hilli ýaýmak we üpjün etmek, ýurdumyz we daşary ýurtlar boýunça çaltlandyrylan poçta ýollamalary ulgamlaryndaky hyzmatlaryň giň görnüşleri hödürlendi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty netijesinde türkmen telekeçileriniň täze enjamlaryň, pudaklaýyn düzümleriň kärhanalary we edaralary üçin aragatnaşyk gepleşikleriniň we wideogözegçilikler serişdeleriniň göni getirilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ulgamda gurluşyk, gurnama we ulanyşa girizmek işlerini hem amala aşyrýandyklaryny bellemek gerek.

Şolaryň hatarynda “Imdat elektronika”, “Diýarkom”, “Zehinli pikir”, “Asman oky”, “Beýik Ýüpek ýoly”, “Nokat kompýuter”, “Tapylgysyz mahabat”, “Türkmen terminal” ýaly ýurdumyzyň telekeçilik düzümleri bar.

Bu gezekki halkara gözden geçirilişe ulag ulgamynyň pudaklaýyn kärhanalary hem işjeň gatnaşdylar. Ýokary duýujylykly radioanyklaýyş ulgamy, ulag akymlarynyň monitoringi, meteorologiýa beketleri we beýlekiler şolaryň üstünlikli işini we howa gatnawy ugurlarynda, demir ýol we awtomobil ýollarynda hereketiň netijeli dolandyryşyny üpjün edýärler.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda pudagy ösdürmegiň we ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de netijeli we işjeň gatnaşyklary alyp barmagyň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Oňa aragatnaşygyň milli döwlet düzüminiň hünärmenleri we bilermenleri, esasy alymlar-işläp taýýarlaýjylar, işjeň toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň giň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny we taslamalaryny çekmegiň, peýdalanyjylara ygtybarly we ýokary hilli hyzmaty üpjün etmekde maglumat-telearagatnaşyk ulgamyny giňeltmegiň meselelerini öz içine aldy. Bölümçelerdäki maslahatlaryň barşynda häzirki zaman telekommunikasiýa we maglumat üpjünçiligi ulgamynyň ýagdaýynyň, geljeginiň we ösüşine baha bermegiň meselelerine garaldy.

Ylmy maslahatda häzirki zaman ykjam, bellige alyş we aragatnaşyk internetiniň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, simsiz aragatnaşyk ulgamyny we bulut tehnologiýasynyň netijeliligini giňeltmek, kompýuter programmasy we maglumat howpsuzlygy, bilim ulgamynda elektron okuwynyň mümkinçiligi ýaly meseleler has giňden ara alyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleriň täze nesliniň taýýarlanylyşynyň kämilleşdirilmeginiň nukdaýnazaryndan bu meselelere uly ähmiýet berýär.

“Türkmentel — 2018” halkara sergisi öz işini 12-nji oktýabrda tamamlar.