18.09.2018
Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hok­keý bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň üçün­ji di­wi­zio­nyn­da üs­tün­lik ga­zan­dy

02.03.2018 09:03 / Harby sport /
315

Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hok­keý bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň üçün­ji di­wi­zio­ny­nyň des­lap­ky tap­gy­ryn­da ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy. Çem­pio­na­tyň äh­li oýun­la­ry Sa­ra­ýe­wo­nyň (Bos­ni­ýa we Ger­so­go­wi­na) “Dzet­ra” buz­ly meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­di.

Bi­ziň ýy­gyn­dy­myz we ýer eýe­le­ri soň­ky oý­na iň go­wy gör­ke­zi­ji­ler bi­len gel­di­ler – ola­ryň her bi­ri BAE-niň we Ka­ta­ryň to­par­la­ryn­dan üs­tün çy­kyp, 6 utuk ga­zan­dy­lar.

Şu du­şu­şy­gyň ýe­ňi­ji­si des­lap­ky ýa­ryş­da bi­rin­ji ýe­re my­na­syp bol­ýar­dy we dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň di­wi­zio­ny­na ýe­ke-täk ýol­lan­ma­ny al­ýar­dy.

Oý­nuň bi­rin­ji bö­le­gin­de bi­ziň to­pa­ry­myz, öň­ki du­şu­şyk­lar­da bol­şy ýa­ly, örän hy­juw­ly he­re­ket et­di. Der­we­zä ur­lan hok­keý top­la­ry bo­ýun­ça bi­ziň to­pa­ry­myz gar­şy­daş­la­ryn­dan has öňe saý­lan­dy. Ýö­ne, esa­sy gör­ke­zi­ji bo­ýun­ça, ýag­ny hok­keý top­la­ry­ny der­we­ze­den ge­çir­mek­de ýer eýe­le­ri­ne şow­lu­lyk ýa­ran bol­dy.

Du­şu­şy­gyň dör­dün­ji mi­nu­tyn­da Bos­ni­ýa­nyň we Ger­so­go­wi­na­nyň ýy­gyn­dy­sy ha­sa­by aç­dy, şon­dan iki mi­nut ge­çen­den soň ýe­ne-de bir hok­keý to­pu­ny der­we­ze­den ge­çir­di. Bi­ziň hok­keý­çi­le­ri­miz ha­sa­by deň­le­mä­ge ça­lyş­dy­lar we du­şu­şy­gyň se­ki­zin­ji mi­nu­tyn­da Döw­let Sö­ýü­now to­pa­ry­my­zyň köp­lük bo­lup oý­na­ýa­nyn­dan peý­da­la­nyp, bi­rin­ji to­py der­we­ze­den ge­çir­me­gi ba­şar­dy.

Ýö­ne bi­rin­ji bö­le­giň or­ta­la­ryn­da gar­şy­daş­la­ryň to­pa­ry ha­sa­by ýe­ne-de iki to­pa çen­li art­dyr­dy, şeý­le­lik­de, ha­sap 1:3 bol­dy. Bi­ziň ýy­gyn­dy­myz du­şu­şy­gyň bi­rin­ji bö­le­gin­de ha­sa­by deň­le­mä­ge ça­lyş­sa-da, bos­ni­ýa­ly­la­ryň der­we­ze­ba­ny äh­li ur­gu­la­ry yza gaý­tar­ma­gy ba­şar­dy.
Ikin­ji ýig­ri­mi mi­nut­lyk­da bi­ziň ýy­gyn­dy­myz gar­şy­daş­la­ry­nyň der­we­ze­si­niň öňün­de has şow­ly çy­kyş et­di. Du­şu­şy­gyň ikin­ji bö­le­gi­niň ýe­din­ji mi­nu­tyn­da ha­sap deň­leş­di. Bi­ziň oýun­çy­myz Ah­met Gur­ba­now iki ge­zek ta­pa­wut­lan­ma­gy ba­şar­dy. Özi-de, ol bi­rin­ji hok­keý to­pu­ny bi­ziň to­pa­ry­myz az­lyk­da oý­nan­da ge­çir­di.

Du­şu­şy­gyň 31-nji mi­nu­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy Aman­gel­di Aga­ny­ýa­zo­wyň we Dmit­riý Sa­wi­niň dürs ur­gu­sy ne­ti­je­sin­de öňe saý­lan­ma­gy ba­şar­dy.

Oý­nuň 38-nji mi­nu­tyn­da Ars­lan Gel­di­my­ra­dow ha­sa­by has-da art­dyr­dy. Şeý­le­lik­de, bi­ziň to­pa­ry­myz du­şu­şy­gyň şu bö­le­gin­de us­sat­lyk gör­ke­zip, ha­sa­by 6:3-e ýe­tir­di.

Du­şu­şy­gyň soň­ky bö­le­gin­de bi­ziň to­pa­ry­myz has-da öňe saý­lan­ma­gy ba­şar­dy. Bos­ni­ýa­nyň we Ger­so­go­wi­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­na jo­gap­syz ýe­di hok­keý to­py ge­çi­ril­di. Il­ki bi­len, Pa­wel Bar­kows­kiý ha­sa­by 7:3-e ýe­tir­di, soň­ra bi­ziň oýun­çy­la­ry­myz Ewald Ga­ýer, Işan We­li­ýew hem-de Döw­let Sö­ýü­now ta­pa­wut­lan­dy­lar.

Soň­ra Bos­ni­ýa­nyň we Ger­so­go­wi­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­si der­we­ze­ba­ny ça­lyş­dy, ýö­ne mu­nuň özi ne­ti­je ber­me­di. Alek­sandr Wa­hows­ki­niň, Pa­wel Bar­kows­ki­niň we Be­genç Döw­let­my­ra­do­wyň ge­çi­ren hok­keý top­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ha­sap 13:3 bol­dy. Şeý­le­lik­de, bi­ziň il­deş­le­ri­miz şu du­şu­şyk­da hem-de tu­tuş ýa­ryş­da ynam­ly ýe­ňiş ga­zan­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy müm­kin bo­lan 9 utuk­dan 9 utuk ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Oýun­çy­la­ry­my­zyň der­we­ze­den ge­çi­ren we goý­be­ren hok­keý top­la­ry­nyň ta­pa­wu­dy 41-5 bol­dy. Türk­men hok­keý­çi­le­ri şah­sy gör­ke­zi­ji­ler bo­ýun­ça hem ýa­ry­şyň öň­de­li­gi­ni eýe­le­di­ler. Döw­let Sö­ýü­no­wyň we to­pa­ry­my­zyň ka­pi­ta­ny Ah­met Gur­ba­no­wyň her bi­ri 6 top ge­çi­rip, ýa­ryş­da iň go­wy ne­ti­je ga­zan­dy­lar. Ah­met şeý­le hem “gol+pas” ba­bat­da hem öňe saý­la­nyp, 12 utuk ga­zan­dy.

Şeý­le­lik­de, Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy hok­keý bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň üçün­ji di­wi­zio­ny­na geç­me­gi ba­şar­dy we 2019-njy ýyl­da şu di­wi­zion­da oý­nap, dün­ýä hok­ke­ýi­niň naý­ba­şy to­par­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­mak ba­bat­da ýe­ne-de bir ynam­ly ädim ät­di.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Watançy» hokkeý klubyndan Nikita Awdeýew hem çykyş etdi. Jemi 3 hokkeý topuny garşydaşlarynyň derwezesinden geçiren 18 ýaşly hokkeýçi üstünlige öz goşandyny goşdy.