22.04.2018
Türkmenistanyň ýygyndy topary AFK-nyň final bölegine çykdy

29.03.2018 12:03 / Habarlar / Harby sport /
29

Aziýanyň Kubogy — 2019 bäsleşikleriniň saýlama oýunlarynyň soňky tapgyryndaky şowsuzlyk futbol ýygyndy toparymyza Birleşen Arap Emirliklerinde ýanwar aýynda geçiriljek ýaryşlaryň final bölegine çykmaga bökdençlik döretmedi.

Bahreýniň ýygyndy topary bilen myhmançylykda geçirilen duşuşyk aýgytlaýjy häsiýete eýe bolmandy. Toparlaryň her biriniň on utugy bolup, ýeňiji “E” toparyň jemleýji görkezijisinde özüniň öňdäki ornuny üpjün edýär. Ikinji orun hem ýaryşda bäsleşigi dowam etdirmäge hukuk berýär.

Bu duşuşyk biziň toparymyz üçin şowly bolmady. Oýnuň 12-nji we 24-nji minutlarynda bäsdeşler iki pökgi geçirdi. Türkmenistanyň ýygyndy topary hem howply hüjüm etdi, emma netijeli bolmady. Oýnuň ikinji ýarymy hem şeýle ýagdaýda geçdi. Netijede, 0:4 hasabynda biziň toparymyz utuldy. Bu “E” saýlama oýunlar toparynda ýurdumyzyň futbolçylarynyň Bahreýniň toparyndan ikinji ýeňlişidir.

Hytaý Taýpeýi 1:0 hasabynda Singapuruň ýygyndy toparyndan üstün çykyp, üçünji orny eýeledi, emma ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanyp bilmedi.

Türkmen futbolçylary 10 utuk bilen toparda ikinji orny eýeläp, Aziýa Kubogynyň final bölegine çykdy. Bu netije ýygyndy toparymyzyň çykyşlarynyň taryhynda ikinji gezek ýetilen sepgitdir.

Ýygyndy toparymyzyň bäsdeşleri 27-nji aprelde geçiriljek bije atyşlykda mälim bolar.