22.04.2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýte resmi sapary tamamlandy

15.03.2018 08:03 / Habarlar /
71

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine we “Dar Al-Athar Al-Islamiýa” muzeýine baryp gördi.

Ozal habar berlişi ýaly, milli Liderimiziň dostlukly ýurda saparynyň birinji gününde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda iki ýurduň we olaryň halklarynyň dostluk, birek-birege ynanyşmak gatnaşyklaryna ygrarlydygy hem-de özara peýdaly we deňhukukly esasda ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklandy. Duşuşygyň jemleri we onuň gol çekilen resminamalar toplumy türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň ägirt uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, üstüniň ýetirilmegine gönükdirildi. Gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn wagtda amala aşyrylmagy netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we artdyrmaga ýardam berer.

Gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-kuweýt gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygy bellenildi. Onuň esasynda iki halky baglanyşdyrýan umumy ruhy gymmatlyklar, däp-dessurlar we ahlak ýörelgeleri bar. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda sungat we medeniýet babatda gatnaşyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, baý taryhy mirasy bolan halklarymyz özleriniň milli dessurlaryny we medeniýetini aýawly saklaýarlar. Türkmenistanda sungat festiwallary, ylmy maslahatlar yzygiderli guralýar. Olara dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan belli ylmy işgärler, alymlar we hünärmenler gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-kuweýt döredijilik festiwalyny guramak hem-de Medeniýet günlerini geçirmek barada aýdyldy.

...Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sapar wagtynda berlen kabulhanasyndan Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň Arap atlarynyň merkezine tarap ugrady.

Iri atçylyk-sport toplumyna baryp görmek çäresiniň saparyň maksatnamasyna girizilmegi tötänden däldir. Asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda öz şöhratyny ýitirmedik ahalteke bedewleri häzirki döwürde hem milletiň bahasyz ruhy baýlygy bolup durýar. Atşynaslygyň gadymy däpleriniň dikeldilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hataryna çykaryldy.

Ajaýyp bedewlere aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylygyň ösdürilmegine ägirt uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyz “behişdi bedewlere” “Ganatly bedewler”, “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplaryny bagyşlady. Olar türkmen halkynyň ahlak ýörelgelerine, onuň deňsiz-taýsyz gözelligi bolan bedewlere aýratyn hormatynyň we söýgüsiniň düýp özenine düşünmegiň esasyny emele getirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda “behişdi bedewleriň” şöhratynyň artdyrylmagyna, atçylyk sporty boýunça ýaryşlaryň geçirilmegine, milli at üstündäki oýunlaryň, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşikleriniň guralmagyna, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň ulanylmagy arkaly tohumçylyk-seçgi işleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap aýlawlar, atçylyk toplumlary guruldy. Türkmenistanda her ýylda Türkmen bedewiniň baýramy döwlet derejesinde geçirilýär. Asylly däbe görä, onuň çäklerinde dabaraly çäreler we gözellik bäsleşikleri, atçylyk sport ýaryşlary, sergi-ýarmarkalary, bäsleşikler ýaýbaňlandyrylýar.

2010-njy ýylda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Onuň baş maksady arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakdan, olaryň dünýäniň atçylyk sporty ulgamyna işjeň çekilmegini ýola goýmakdan, şeýle hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekden ybaratdyr.

...Toplumyň merkezi girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Kuweýt Döwletiniň Emiriniň agtygy, Arap atlary merkeziniň baş ýerine ýetiriji direktory hanym Şeýha Sara Al-Fahad Al-Sabah we beýleki ýolbaşçylar garşyladylar.

Belent mertebeli türkmen myhmany toplumyň edara binasynyň ýanynda ýerleşýän kitaphana çagyrylýar. Bu ýerde bolan gürrüňdeşligiň dowamynda hanym Şeýha Sara Al-Fahad Al-Sabah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy merkeziň işi we kitaphananyň gaznasy bilen tanyşdyrdy. Onda Kuweýtiň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň atçylyk taryhyna, arap bedewlerine hem-de dürli tohumdaky atlara degişli 800-e golaý kitap jemlenipdir. Mundan başga-da, bu ýerde arap atlarynyň abraýly halkara ýaryşlarynda gazanan birnäçe kuboklary we beýleki baýraklar goýlupdyr.

Soňra milli Liderimize merkeziň döredilmeginiň 30 ýyllygyna, şeýle hem arap atlarynyň taryhyna bagyşlanan kitap sowgat berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz saýlama arap atlarynyň çykarylyşyna syn etmek üçin niýetlenen meýdança bardy. Döwlet Baştutanymyz açyk manežde IV — V asyrlarda belli bolan ajaýyp arap atlarynyň gözelligine syn etdi. Taryhy maglumatlara görä, ahalteke we arap atlarynyň gelip çykyşynda umumylyk bar.

Arap atlarynyň gelip çykyşy barada birnäçe maglumatlar bar. Olaryň birine laýyklykda, bu atlar häzirki Saud Arabystanynyň çäginde ýerleşen Arap ýarym adasynda bar bolan ýerli ýabany atlardan gelip çykypdyr. Beýleki maglumata görä, olar Demirgazyk Afrika we Kiçi Aziýa sebitlerinde ýaşaýan tohum atlaryň esasynda tohumçylyk işini geçirmek arkaly alnypdyr.
Arap atlary başga-da köp sanly beýleki tohumdaky, ýagny iňlis, orlow, berberi, rus çapylýan atlaryň, luzitona, andaluz, perşeron, lippisan tohumdaky atlary almakda ulanylypdyr diýip, ýerli hünärmenler hasaplaýarlar.

Bu ýerde bolan söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz bu ýeriň enjamlaşdyrylyşy, bedewleri saklamak üçin döredilen şertler, ýaryşlary geçirmegiň dürli guramaçylyk ugurlary bilen gyzyklandy.

Hanym Şeýha Sara Al-Fahad Al-Sabahyň belleýşi ýaly, merkeziň baş maksady bedewleriň arassa ganlylygyny ösdürmekden we saklamakdan, şeýle hem olaryň baş sanyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Gürrüňdeşligiň dowamynda milli Liderimiz ahalteke bedewlerini dünýä beren türkmen halkynyň gadymy atşynaslyk däpleri barada gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz atşynaslyk sungatynyň gadymy däpleri, olaryň arabaglanyşygy hakynda aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň atçylyk sporty ösdürmek babatda garaýyşlarynyň ýakyn gelýändigi bellenildi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda Kuweýt Döwleti özara gatnaşyklarda uly geljegi bolan ýurt bolup durýar.

Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň ýanyna toplumda şu gün doglan taýçanak getirildi we milli Liderimizden oňa at dakmak haýyş edildi.

Atlar adamlaryň wepaly kömekçileri hasaplanýar. Olara örän gelşikli we sazlaşykly atlar dakylýar, bu at olaryň bütin ömrüne hemra bolýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bedewlere adyň daşky aýratynlygyna, göze ilip duran nyşanyna ýa-da häsiýetine görä dakylýandygyny belledi. “Dostjan” ady bu bedewiň dostanalyk sypatlaryny aňladar we biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň nyşany bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Şeýha Sara Al-Fahad Al-Sabaha özüniň behişdi bedewlere, taryhda şöhrat eýesi bolan ahalteke atlaryna bagyşlanan kitaplaryny sowgat berdi. Onda bu ugra degişli köpýyllyk gözlegler, pikirler hem-de taryhy we edebi maglumatlar jemlendi.

Ahalteke bedewi — diňe bir milli däl, eýsem, dünýä ähmiýetli taryhy-medeni gymmatlykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ganatly bedewleriň aýratynlyklary barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz örän ajaýyp gadymy däpleri bolan hem-de dünýä atşynaslygynyň ösmegine oňyn täsirini ýetiren atşynaslyk sungatynyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.

Kitapdaky ajaýyp bedewleriň adaty bolmadyk gözelligini, atyň şaý-sepleriniň, bedewleriň keşbi şekillendirilen türkmen halylarynyň nepisligini görkezýän owadan suratlar bu ýere ýygnananlary haýran galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Şeýha Sara Al-Fahad Al-Sabaha gyzykly gürrüňler üçin minnetdarlyk bildirip, ony ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň ähli işgärlerine uly üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.
Soňra milli Liderimiziň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň paýtagtynyň esasy ajaýyplyklarynyň biri bolup durýan “Dar al-Athar al-islamyýah” muzeýine tarap ugrady.

Binanyň merkezi girelgesiniň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, goranmak ministri Şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Sabah we onuň ýanýoldaşy, muzeýiň baş direktory hanym Şeýha Hussa Sabah Al-Salem Al-Sabah garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisler zalyna çagyrylýar. Gürrüňdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yslam sungaty dünýäsinde ägirt uly gymmatlyklary bolan hem-de arheologik tapyndylary we etnografiýa maglumatlary bilen şöhrat gazanan muzeýiň dörediliş taryhy bilen tanyşdyryldy.

Medeniýet merkezi bilen tanyşlyk ikinji gatda ýerleşýän zaldan başlanýar. Tanyşlygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz muzeýiň gymmatlyklary bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda milletiň medeni we ruhy mirasyny saklamak, türkmen halkynyň taryhynyň esasy bölegi hasaplanýan gadymy däpleri geljek nesillere ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Muzeýiň zallarynda Kuweýtiň baý taryhy hakynda gürrüň berýän özboluşly arheologik tapyndylar görkezilýär. Bu ýerde dürli milletleriň: şumerleriň, wawilionlylaryň, parslaryň, grekleriň şäherleri bolupdyr. Bu künjekden gadymy söwda ýollary geçipdir we özboluşly medeniýetler ösüpdir. Onuň çäginde biziň eýýamymyzdan ozalky bäş müňünji ýyllara degişli medeni gatlaklar tapyldy. Bu ýerde görkezilýän gymmatlyklar kuweýt halkynyň däp-dessurlary, şekillendiriş we senetkärçilik sungaty barada gürrüň berýär.

Mundan başga-da, bu ýerde gadymy taryhy eýýama, Ýakyn Gündogaryň şumer-wawilion, irki yslam döwrüne degişli dünýäniň dürli ýurtlarynyň gymmat bahaly serişdeleri, ahamenidleriň, Aleksandr Makedonskiniň, grek-baktiriýa şalarynyň, Sasanidler dinastiýasynyň hökümdarlyk eden döwürleriniň sungat eserleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň, hususan-da, Gadymy Marguşyň we biziň halkymyzyň örän gadymy taryhynyň bolandygyny alamatlandyrýan hem-de dünýä medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýan Parfiýa şalygynyň taryhyna degişli gymmatlyklar görkezildi.

Muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, milli Liderimiz iki döwletiň halklaryny taryhy-medeni kökleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda milletiň ajaýyp ruhy-medeni mirasyny aýawly saklamak işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Soňky on ýylyň dowamynda türkmen alymlary Merkezi Aziýanyň maddy medeniýetiniň öwrenilmegine ägirt uly goşant goşan we Gadymy Gündogaryň taryhyna täze sahypany ýazan birnäçe arheologik açyşlary etdiler. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän arheologiýa gazuw-agtaryş işleri taryhy ýadygärliklere ikinji ömür berýär. Ýüze çykarylan tapyndylar bolsa halkymyzyň we tutuş dünýäniň medeni gymmatlygyna öwrülip, ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznasynyň üstüni ýetirýär.
Saklanyp galan köp sanly ýazuw çeşmeleri taryhymyzy, pederlerimiziň medeniýetini öwrenmekde möhüm gymmatlyk bolup durýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty bu ugurda ägirt uly işleri alyp barýar. Şol ýerde dünýäniň dürli dillerindäki taryhy çeşmeler saklanýar.

Soňra milli Liderimiz Milli golýazmalar institutynyň gaznasyndan bar bolan birnäçe kitaplaryň surat nusgalaryny muzeýe sowgat berdi. Orta asyr awtorlarynyň gymmatly eserleriniň her biri birwagtlar häzirki zaman arap ýurtlarynyň çäklerinde bolan türkmenleriň we türkmen döwletleriniň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň özara gatnaşyklary hakynda gürrüň berýär.

Hormatly Prezidentimiziň pikiriçe, dünýä taryhynda Beýik Ýüpek ýolunyň orny diňe bir ykdysady mümkinçilikler bilen däl, eýsem, şol döwürde Ýewraziýa giňişliginde ýaşan hem-de tutuş adamzadyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegini emele getiren halklaryň baý medeni, ylmy we bilim mümkinçilikleri, döredijilikli zehini arkaly ähmiýetlidir. Bu halkara ýoly dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň, ruhy medeni ýörelgeleriň netijesinde köp halklary baglanyşdyrypdyr hem-de nusgawy Ýewraziýa medeniýetiniň döremegine oňyn täsirini ýetiripdir.

Türkmenistan ösüşiniň taryhy tapgyrynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýleki döwletler bilen bilelikde parahatçylyk, dostluk we raýdaşlyk ýollaryny gurýar hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň berkidilmegine ýardam berýär. Ýewraziýa giňişliginde halkara ulag ulgamynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda “Demirgazyk —Günorta”, “Gündogar — Günbatar” halkara ulag geçelgeleriniň, awtomobil we demir ýollaryň, howa hem-de deňiz ýollarynyň gurluşygynyň başlangyjy öňe sürüldi. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryna Günorta Aziýa we pars aýlagy ýurtlaryna amatly hem-de gysga geçelgäni üpjün edýär we sebitiň halklarynyň bähbidine laýyk gelýär. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň köp şahaly ulgamyny täzeden dikeltmekde aýgytly ädimi alamatlandyrýar.

Işjeň we netijeli köp taraply halkara gatnaşyklarynyň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ösüşiň täzeçil ýoluny saýlap alandygyny we onuň giň medeni gatnaşyklara, Gündogaryň hem-de Günbataryň halklarynyň arasynda ylmy alyşmalara taýýardygyny mälim edýändigine ünsi çekdi. Bu ugurdaky ýygjam gatnaşyklar medeniýetleriň özara baýlaşmagyny şertlendirýär we tutuş adamzat üçin parahatçylygyň, ösüşiň binýady bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan parahatçylyk dörediji we sebitiň iri medeni merkezi hökmünde ykrar edildi. Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ýörelgeleri ählumumy ösüş meýillerine, gadymy türkmen topragynyň taryhy ähmiýetiniň berjaý edilmegine laýyk gelýär we ol medeniýetleriň merkezi bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek ýörelgeleriniň amala aşmagyny şertlendirýär.

Halklaryň medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini has giň hem-de köptaraply esasda öwrenmäge ýardam berer.

Ynsanperwer ulgamda, muzeý işi babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilýändigi barada aýdyp, milli Liderimiz bu ulgamdaky özara gatnaşyklaryň iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de halklarymyza birek-biregi has gowy bilmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Muzeýe sowgat beren gymmatlyklary hem-de Kuweýtiň medeni mirasyna beren ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hanym Şeýha Hussa Sabah Al-Salem Al-Sabah hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyjynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady we milli Liderimize Gadymy Margiana baradaky kitabyny sowgat berdi.

Muzeý bilen tanyşlykdan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

“Dar al-Athar al-islamyýah” muzeýiniň ýolbaşçysy bilen mähirli hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz bu ýerden El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna tarap ugur aldy.

Umuman, döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda bolan resmi saparynda gazanylan anyk ylalaşyklar we şertnamalar türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny onuň ugry we ähmiýeti boýunça hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirildi.