22.06.2018
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

13.03.2018 09:03 / Habarlar /
83

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna, sebitleri ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.

Ilki bilen göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çagyryldy.

Wise-premýer Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2018-nji ýylyň 8-nji martyndaky 8199-njy mejlisinde Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak barada Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilendigi hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu Rezolýusiýa Owganystanyň söwda we üstaşyr ugurlardaky sebit gatnaşyklaryna ýardam bermek çärelerini öz içine alýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Onda Türkmenistanyň ulag, energetika, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýoly, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr geçiriş ýaly halkara taslamalary boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilýär. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisini bu taslamalary goldamaga hem-de olaryň netijeli durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge resmi esasda çagyrdy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmek işinde eýeleýän orny BMG tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Munuň özi milli Liderimiziň öňe süren iri möçberli uzakmöhletleýin taslamalarynyň geljekde amala aşyrylmagynda halkara goldawyna eýe boljakdygyny esaslandyrýan ýagdaýdyr diýip, DIM-niň ýolbaşçysy belledi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ähli türkmen diplomatlarynyň adyndan bu ähmiýetli daşary syýasat üstünligi bilen gutlady.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde R.Meredow Türkmenistanyň DIM-niň hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 2008-nji ýylyň 20-nji martynda döredilen Halkara gatnaşyklary institutynyň 10 ýyllyk ýubileýini belleýändigini we şanly sene mynasybetli dabaraly çäreleriň meýilleşdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, watandaşlarymyza ýüzlendi.

Ýurdumyzda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýylyň ykdysady, durmuş ulgamlarynda döwlet maksatnamalaryny, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşyndaky beýleki wajyp ugurlary amala aşyrmakda uly üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, milli Liderimiz Türkmenistanyň alyp barýan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasat ugrunyň yzygiderli häsiýete eýedigini belledi.

Biziň amala aşyrýan syýasatymyz döwlet esaslarynyň berkidilmegine, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, dürli döwletler we halkara guramalary bilen deňhukukly hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde başlangyç esasynda sebitleýin we ählumumy ähmiýetli energetika, ulag ulgamyndaky taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän syýasaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan barha giň goldawa eýe bolýar. Türkmen döwletiniň soňky ýyllarda energetika howpsuzlygyny, durnukly ulag ulgamyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalary ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine oňyn täsir etmek bilen giň möçberli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny şertlendirýär. Tutuş dünýä bu resminamalaryň wajyplygyna düşünýär. Hut şonuň üçin hem dünýä bileleşiginiň öňe sürýän başlangyçlarymyza ýokary baha bermegi kanunalaýyk ýagdaý bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňеşiniň özüniň nobatdaky mejlisinde Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak barada Rezolýusiýany kabul edendigini buýsanç bilen belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, BMG-niň Milletler Bileleşiginiň esasy düzümleriniň biri bolup durýan Howpsuzlyk Geňeşiniň bu resminamasynda ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmek boýunça amala aşyrýan çärelerine möhüm orun berilýär. Hususan-da, Howpsuzlyk Geňeşi sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça öňe sürülýän başlangyçlaryň esaslaryny berkitmek boýunça tagallalaryny goldap, ähli ýurtlary bu ugurda degişli işleri alyp barmaga çagyrdy.

Öňe sürlen başlangyçlaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr geçiriş söwda we ulag geçelgeleri hakyndaky Ylalaşyk, Türkmenistandan Owganystana barýan demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy ýaly başlangyçlar bar.

Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge 2015-nji ýylyň dekabr aýynda girişilendigini belläp, ýakynda bu gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlendigini, şol bir wagtyň özünde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça işlere başlanandygyny aýtdy.

Ýurdumyz ulag ulgamynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Owgan halkyna kömek hökmünde iki sany täze demir ýol—“Kerki-Ymamnazar-Akina” we “Serhetabat-Turgundy” demir ýollary ulanmaga berildi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi şeýle giň gerimli işleri nazara alyp, öz kabul eden Rezolýusiýasynda ýokarda bellenen taslamalary we ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, howpsuz şertleri üpjün etmäge we netijeli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisini tutanýerli çagyrdy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň şu ýylyň 8-nji martynda kabul eden Rezolýusiýasy Türkmenistanyň saýlap alan, bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dogrudygynyň hem-de pugta esaslydygynyň aýdyň tassyknamasydyr. Bu resminamanyň kabul edilmegi biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýändigini görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu Rezolýusiýa Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk sebitlerde giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek işinde Türkmenistanyň bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmesidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Howpsuzlyk Geňeşiniň kabul eden Rezolýusiýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkidýändigini we abraýyny has-da ýokary göterýändigini belledi. Bu resminama iri halkara guramasy bilen bilelikdäki uzakmöhletli meýilnamalary we özara hyzmatdaşlygyň strategiýalaryny ynamly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen gutlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna diplomatlaryň, Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplarynyň we giň jemgyýetçilik toparlarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak baradaky BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň tagallasyny uzaltmak hakyndaky Rezolýusiýasynyň ähmiýetini we manysyny düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine gönükdirilen we halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna mynasyp bolan başlangyçlarynyň ähmiýeti düşündirilmelidir.

Milli Liderimiz ýokary türkmen diplomatlaryny, halkara hünärmenlerini taýýarlamakda DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, ýokary okuw mekdebiniň döredilen senesi mynasybetli ylmy-amaly maslahaty guramagy, onyň dowamynda ýurdumyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan we iri möçberli sebitara, halkara taslamalarynyň, uzakmöhletleýin taslamalaryň durnukly amala aşyrylmagynda kepil bolup durýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garalmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň barşy, bag ekmek boýunça 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna, Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny we olarda ýokary hil derejesiniň ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz ählihalk ýowaryna düýpli taýýarlyk görülmelidigini belläp, köpçülikleýin ekologiýa çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin zerur şertleri döretmegiň, ekilen baglara degişli derejede ideg etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara Nowruz baýramy mynasybetli guraljak çäreler barada aýdyp, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan çäreler, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişine görülýän taýýarlyk, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi. Mundan 
başga-da, köpçülikleýin bag ekmek boýunça 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowaryna we Milli bahar baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişiniň guramaçylykly we bellenilen möhletlerde, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Milli bahar baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Olarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde gurulmagy meýilleşdirilýän 200 orunlyk şypahananyň bina edilmegine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu ýerde gurluşyga girişmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri tiz wagtda çözmegi häkimden talap etdi.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow deňiz ýakasyndaky sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, dürli oba hojalyk ekinleriniň ýazky möwsümine, ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýatyň çäklerinde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli çärelere taýýarlyk barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Awaza şypahanasynyň we dynç alyş merkezli akwaparkyň gurluşygyny tamamlamak we deňiz şypahana ulgamynyň ähli düzümlerinde tomusky möwsüme taýýarlyk işlerini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny, şeýle hem Nowruz baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabarlaryň ýokary guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan işler, şol sanda bag ekmek boýunça ýowara, oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk, möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň barşy, 21-nji martda geçiriljek ekologiýa çäresine, öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini, şol sanda gowaça we beýleki ekinleriň ýazky ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Bag ekmek boýunça 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowary hakda aýtmak bilen, milli Liderimiz bag nahallaryna degişli idegi we olaryň öz wagtynda suwarylmagyny üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk çäreleri, şol sanda ýazky ekişe taýýarlyk, şeýle hem welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Nowruz baýramçylygyna görülýän taýýarlyk hakynda hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýazky meýdan işlerini bellenilen tertipnama laýyklykda guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitiň ýagdaýy, oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem gowaça, ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk, durmuş maksatly desgalaryň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda ählihalk ýowaryny, Milli Bahar baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekiş möwsüminiň ähli meseleleriniň çözgüdine, onuň bellenen möhletlerde geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem bag ekmek boýunça ählihalk çäresiniň, Nowruz baýramynyň dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.