22.10.2018
Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň bölüminiň ýolbaşçysyny kabul etdi

05.04.2018 08:04 / Habarlar /
186

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirip, oňaýly maýa goýum ýagdaýy hem-de ýurtda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler babatda daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri üçin Türkmenistanyň örän uly gyzyklanma döredýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ykdysady ösüşde, şol sanda oba hojalygynda uly netijeler gazanyldy diýip, Markwart fon Pents sözüni dowam etdi hem-de “John Deere-iň” netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary 25 ýylyň dowamynda üstünlikli ösdürilýär, munuň şeýledigine kompaniýanyň iri möçberli milli taslamalara gatnaşmagy mysal bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dünýäniň işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin ýurdumyzyň açykdygyny nygtady. Soňky ýyllarda Türkmenistanda obasenagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmaga uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de “John Deere” kompaniýasynyň ençeme ýyllaryň dowamynda obasenagat toplumynda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz we işewür Türkmenistanda durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleri babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Markwart fon Pents ozal gazanylan ylalaşyklar babatda görlen çäreler barada habar berip, özara gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine doly kybap gelýän galla orujy we pagta ýygyjy kombaýnlaryň iň täze görnüşlerini ibermegiň hasabyna giňeltmek boýunça birnäçe tekliplerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de täzeläp durmagy maksat edinýär. Bu pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen iri möçberli wezipeler babatda güýçlendiriler. Döwlet Baştutanymyz işewür gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, şu babatda oba hojalyk maşynlaryna tehniki taýdan hyzmat edilmeginiň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda kompaniýanyň wekili bildirilýän ynam üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, “John Deere-niň” özara bähbitleri berjaý etmegiň esasynda hem-de geljegi nazarda tutup, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Soňra “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pents Oba we suw hojalyk ministrliginde kabul edildi.

Bu ýerde 2018 — 2021-nji ýyllarda bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň (Şweýsariýa) arasynda ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamada amala aşyrylmaly işleriň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny hem-de degişli ugurly ýokary okuw mekdebiniň okuw merkezini döwrebaplaşdyrmak boýunça bilim we okuw tejribelerini kämilleşdirmek, uniwersitetiň mugallymlary, talyplary hem-de ministrligiň hünärmenleri üçin okuwlary, meýdan okuw maslahatlaryny geçirmek, täze tehnologiýalary synag edip görmek we olara baha bermek hem-de beýleki ugurlar kesgitlenildi.

Şeýle hem şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “John Deere” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän önümleriň täze nusgalarynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Mälim bolşy ýaly, obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup, onuň depginli ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen oýlanyşykly strategiýasy ýardam berýär. Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumynyň kemala getirilmegine, azyk howpsuzlygynyň hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilişiniň aýdyň subutnamalary bolup hyzmat edýär.

Döwlet tarapyndan meýdan işleriniň bellenilen amatly agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün edýän möçberde döwrebap oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar. Galla orujy we pagta ýygyjy kombaýnlar, traktorlaryň dürli görnüşi, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň, şol sanda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biri bolan “John Deere” kompaniýasynyň beýleki tehnikalary hem-de enjamlary mehanizatorlaryň ygtyýaryndadyr.

Çäre başlamazdan öňürti, iň täze oba hojalyk tehnikasynyň nusgasyny ýurdumyzyň öňdebaryjy önüm bu ýokary okuw mekdebine gowşurmak dabarasy boldy. Myhmanlara milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, duz-çörek hödür edildi.

Uniwersitetiň howlusynda aýdym-sazly çykyş guraldy. Halk döredijilik topary parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy bolan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň kuwwatyny wasp edýän aýdymy hem-de joşgunly çykyşy ýerine ýetirdi. Hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler türkmen halkymyzda ýola goýlan däbe görä, täze traktora ak un sepip, onuň ruluna alaja daňdylar. Häzirki zaman oba hojalyk tehnikasyna ýüzärlik tütedip, dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň gülläp ösmegini dileg etdiler.