21.07.2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

19.06.2018 09:06 / Habarlar /
45

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak hem-de şol bir wagtyň özünde gowaça ideg etmek çäreleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Medeniýet hepdeliginiň medeni maksatnamasy, ony üstünlikli geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri 
hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, onuň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalary görmegi talap etdi. Welaýatda ýetişdirilen galla hasylyny bellenilen möhletde ýygnap almak, talabalaýyk saklamak, galla daşalanda ýitgi bolmaz ýaly, ähli zerur çäreleri görmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Galla oragy bilen bir hatarda, agrotehniki kadalara laýyklykda gowaça ideg etmek işlerini hem gözegçilikde saklamagyň, oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki gurallaryň doly güýjünde işledilmeginiň zerur bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky esasy guramaçylyk meselelerine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezmeleri berip, onuň çäklerinde gurulýan desgalaryň ilatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidigini, şonuň üçin hem desgalaryň hiliniň we olaryň netijeli ulanylmagynyň potratçylara bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz şeýle hem häkime meýilleşdirilen köpçülikleýin medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly degişli görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy. Häkim welaýatyň galla meýdanlarynda orak möwsüminiň barşy, oňa dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi.

Mundan başga-da, häkim "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatyň beýleki ýerlerinde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama we ony ýerine ýetirmegiň ugurlary hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Milli Liderimiz galla oragy möwsümini guramaçylykly we bellenen möhletlerde geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, ýerlerde gallaçylaryň üpjünçilik meselelerine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Ýetişdirilen galla hasylyny bellenilen düzgüne laýyk derejede saklamak, hasylyň ýitgisiz daşalmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz häkime bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin ähli zerur şertler döretmek babatynda birnäçe tabşyryklar berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işler, galla oragynyň depginini güýçlendirmek we ony gysga wagtda, ýokary hilli geçirmek, şol bir wagtyň özünde gowaça hem-de beýleki ekinlere edilýän ideg işleriniň derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler we görülýän taýýarlyk çäreleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli etraplarynda oba hojalygynda iň wajyp möwsüm hasaplanylýan galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigine ünsi çekip, gowaça edilýän ideg işleriniň degişli kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirilmelidigini belledi hem-de ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini talap etdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragynyň depginleri, gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işler, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler we sebiti ösdürmegiň beýleki görkezijileri barada hasabat berdi.

Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada habar berip, häkim gurluşygy tamamlanan binalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleriň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnamak, oragyň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berip, gowaça ideg etmekde bildirilýän agrotehniki talaplar barada aýdyp, bu işleriň degişli derejede alnyp barylmalydygyny aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de olaryň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we şanly seneleri dabaralandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gowaça we beýleki ekinlere edilýän ideg işleri, iri gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragyny gysga wagtyň içinde we ýokary hilli geçirmek, bu ugra degişli ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek meselesine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz häzir gowaça ideg etmekde agrotehniki çäreleri geçirmek döwrüniň başlanandygyny belläp, ony degişli kadalara laýyklykda ýokary hilli guramagyň örän wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk görmek boýunça tabşyryklar berildi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy. Ilki bilen häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, ekologiýa abadançylygyny saklamak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Aşgabat şäherinde sil suwlaryny sowmaga degişli inženerçilik-tehniki desgalaryň gurluşygy boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklary boýunça taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi. Bu meýilnamanyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi. Mundan başga-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň we Türkmenbaşy şäheriniň çäklerinde awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň barşy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýokary derejede ýola goýulmalydygyny, Türkmenistanyň ähli beýleki ilatly ýerlerinde geçirilýän özgertmelere nusga bolmalydygyny belledi. Milli Liderimiz sil suwlaryny sowmak boýunça desgalaryň taslamasy bilen tanşyp, çäkleri we dasgalary sil suwlarynyň ýetirýän täsirinden goramak üçin degişli inženerçilik desgalarynyň gurnamalarynyň sil suwlaryny saklamagy hem-de olaryň ugruny üýtgetmegi üçin içgin seljerilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ähli gulluklarynyň işleriniň netijeliligini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de inžener-tehniki düzümleriň oýlanyşykly ulanylmagynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere hem-de şäher häkimine anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak, onuň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça ilkinji derejeli wezipeleri kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna guralmagy meýilleşdirilýän köpçülikleýin medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz tomus paslynyň yssy günleriniň başlanandygyny nazara alyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi, ýangyna garşy serişdeleriň we tehnikalaryň ýokary taýýarlyk derejesinde bolmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, möhüm oba hojalyk möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyz üçin durmuş we zähmet şertlerini döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň wajypdygyny ýene bir gezek belläp, wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşanlara Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.