22.04.2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: türkmen jemgyýeti demokratik ýörelgelere ygrarlydyr

26.03.2018 12:03 / Habarlar /
24

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň we halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutany irden Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän saýlaw uçastogyna geldi. Türkmenistanyň Prezidenti ses bermek üçin býulleten alyp, bu ýere ýygnananlara ýüzlendi.

Şu gün ýurdumyzda ähmiýetli syýasy çäräni geçirýäris. Agzybirlikde ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlara giň bäsdeşlik esasynda başlandy—diýip Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Bir orna iki hem-de üç dalaşgäriň görkezilmegi saýlawlaryň hakykatdanda giň bäsdeşlik esasynda geçýändigini äşgär edýär. Ýeri gelende bu gezekki saýlawlara üç syýasy partiýalaryň işjeň gatnaşandygyny bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň ösdürilýändigini, köp partiýalylyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini alamatlandyrýar. Bu bolsa halkymyzyň agzybirligniň, jebisliginiň aýdyň subutnamasydyr—diýip Milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistany 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnama kabul edilip, onuň esasy özeniniň ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakdan ybarat bolup durýandygyny bellemeli. Şu günki geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çäräniň maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde äýratyn ähmiýetli boljakdygyna berk ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, her bir dalaşgäre üstünlik, halkymyza abadan, bagtýar durmuşy, mähriban Diýarymyza bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüşi arzuw edýärin--diýip Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Wideoýazgyny “Multimedia” bölüminde görüp bilersiňiz.