19.08.2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy

16.05.2018 07:05 / Habarlar /
112

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.

Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny öňe sürýän hormatly Prezidentimiz şäher boýunça guraýan iş saparlarynyň dowamynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşýar. Döwlet Baştutanymyz hünärmenleriň we işgärleriň iş şertleri, olaryň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeleri bilen gyzyklanyp, gurluşyk meýdançalarynda ulanylýan serişdeleriň hili we amala aşyrylýan taslamanyň ahyrky netijesine täsiri bolan beýleki köp sanly meseleler bilen gyzyklanyp durýar. Döwlet Baştutanymyzyň şeýle ünsüniň netijesinde adamlar we olaryň saglygy, doly derejeli durmuşy we häzirki zaman durmuş medeniýeti baradaky alada öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň hut şeýle yzygiderli aladasy netijesinde paýtagtymyz gülläp ösdi we dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyz ak mermerli belent binalary bilen ýyl-ýyldan öz çägini giňeldýär, şäher abadanlaşdyrylýar we häzirki zaman şäherine, halkara derejedäki syýasy we işewür merkezine öwrülýär hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işiniň köpdügine garamazdan, paýtagtymyzyň amatly, häzirki zaman we myhmansöýer şäher hökmündäki derejesine laýyk gelýän möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişini hut özi gözegçilikde saklaýar.

...Döwlet Baştutanymyz dikuçary özi dolandyryp, paýtagtymyzyň häzirki döwürde şäheri ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde taýýarlyk işleri alnyp barylýan ýeri bolan günbataryna, Köşä tarap ugur aldy. Bu taslama köp öýli we birnäçe gatly onlarça ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de kottej jaýlaryň gurluşygyny özünde jemleýär. Häzirki döwürde bu ýerde ýerleri tekizlemek, häzirki zaman tehnikalarynyň kömegi bilen desgalaryň binýadyny taýýarlamak we beýleki işler alnyp barylýar. Bu işleriň ýokary hilli bolmagy gurluşygyň beýleki tapgyrlarynyň sazlaşykly ýola düşmegini, desgalaryň ygtybarlylygyny we olaryň seýsmiki durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün eder.

Täze ýaşaýyş toplumynyň düzümine elektrik podstansiýasy, mekdep, çagalar bagy, bazar, söwda merkezi, gök zolaklar, sport we oýun meýdançalary, dükanlar, şeýle hem köp sanly durmuş maksatly desgalar girer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda öwrüm edip, giň möçberli gurluşyk işlerini synlady. Dikuçardan bu ýerde alnyp barylýan işleriň tutuş görnüşi, gerimi, işleriň bellenilen tertipnama laýyklygy we tehnikalaryň ulanylyşy aýdyň görünýär.

Paýtagtymyzyň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, adamlaryň ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleri üpjün edýän inženerçilik-aragatnaşyk ulgamy dörediler. Binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, seýilgähler, gök zolaklar emele getiriler, binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar. Döwlet Baştutanymyz şäher ilaty üçin amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy şerti hökmünde öňe sürýär.

Kottej we beýleki görnüşdäki häzirki zaman ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygyny öz içine alýan şäheri ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz dikuçary Aşgabadyň günorta bölegine, Köpetdagyň eteklerine tarap ugrukdyrdy. Soňky ýyllarda bu ýerler tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň ilatynyň dynç almagy üçin ýakymly howasy we oňyn şertleri bolan bu ýerlerde ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän tokaý zolaklary kemala geldi.

Milli Liderimiz edara binalar toplumlarynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy, olary gurmak Fransiýanyň “Buig Batiman” kompaniýasyna ynanyldy.

Çandybil şaýolunyň ugrunda ýakyn geljekde Halkara maslahat merkeziniň we kaşaň myhmanhananyň binalar toplumy emele geler. Bu desgalar Aziýanyň merjeni hasaplanýan paýtagtymyzyň özboluşly bezegine öwrüler. Şeýle hem paýtagtymyzyň bu künjeginde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen edara binalary gurlar. Şolaryň bu ýerde kemala gelýän düýpli binagärlik toplumy bilen sazlaşygy emele getirjekdigi gürrüňsizdir.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, dikuçardan ýerine ýetirilen işleri synlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şäheriň bu künjeginde gurulýan desgalaryň gurluşygynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň, dag görnüşiniň we ugurdaş binalaryň sazlaşygy göz öňünde tutulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň çäginde gurluşyk işleri meýilleşdirilende seýilgähleriň we gök zolaklaryň döredilmeginiň taslamada görkezilmelidigini belleýär. Çünki paýtagtymyzda degişli ekologiýa derejesini saklamak esasy talaplaryň biri bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň gök zolaklary we ösümlik dünýäsi şäheriň keşbine gözellik çaýýar we özüne çekijiligini artdyrýar. Hut şonuň üçin hem bu ugurda netijeli bezeg çözgütleri we degişli pikirler ulanylmalydyr.

Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäresine gatnaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk möçberinde geçirilýän we wajyp ekologiýa, durmuş-watançylyk we raýatlyk ähmiýeti bolan bu asylly çärä möhüm ähmiýet berýär. Müňlerçe türkmenistanlylar ruhubelentlik bilen ýowara çykýarlar we pederlerimiziň mähriban topragymyzy gülläp ösýän ýurda, tokaý zolaklarynyň mesgenine öwürmek baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna goşant goşýarlar.

Ýurdumyzda gök zolaklaryň we tokaýlaryň döredilmegi häzirki zaman durmuşynyň möhüm tapgyryna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň tebigaty goramak, ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara derejede ykrar edilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegi, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýan ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy ýaly meselelerden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz dikuçarda uçuşyň dowamynda ajaýyp binagärlik çözgüdi, nusgawy ýörelgeleriň, milli dessurlaryň we täze tehnologiýalaryň sazlaşygy bilen göreni haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň keşbini synlady. Arassaçylyk, abadançylyk we tertiplilik paýtagtymyzyň häsiýetli aýratynlyklary bolup durýar. Şeýle ýagdaýyň hemişe saklanmagy zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Durmuş ulgamyna aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy ösdürmegiň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde adam hakdaky hemmetaraplaýyn alada, amatly ýaşaýyş we dynç alyş, döredijilikli zähmet üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň zerur bolup durýandygyny nygtaýar.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, täze ýaşaýyş toplumlarynda häzirki zaman söwda-dynç alyş merkezleri gurulýar. Şolarda alyjylar we satyjylar üçin ähli zerur şertler, körpeleriň wagtlaryny şadyýan hem-de gyzykly geçirmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi bilen baglanyşykly meseleler göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, hususan-da, kottej görnüşli jaýlaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Aşgabadyň toplumlaýyn ösdürilmegi, şäher düzüminiň maksatnamalaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Milli Liderimiz paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri bilen yzygiderli tanşyp durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zaman talaplaryna we ülňülerine, şol sanda uzak möhletleýin esasda hil, bezeg we ekologiýa talaplaryna laýyk gelmegi bu ýerde alnyp barylýan işleriň esasy ugry bolup durýar.

Soňra milli Liderimiz Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň gidýän ýerine tarap ugur aldy. Bu täzeçil taslama milli ykdysadyýetimiziň esasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky nobatdaky ädimdir. Dünýäniň energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde hem-de netijeli peýdalanmak şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň gazhimiýa toplumyny ösdürmek boýunça öňe süren meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi sebitleriň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň köpugurly esasda ösdürilmegini, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirer. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna oňyn täsir eder.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezekki iş saparynyň dowamynda dikuçardan tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny synlady.

Häzirki zaman enjamlary we dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün ediljek bu kärhana her ýylda “mawy ýangyjyň” 1 milliard 785 million kub metrini gaýtadan işlär hem-de EURO — 5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A — 92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny öndürer. Kärhana gije-gündiziň dowamynda 1800 tonna benzin, ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürer. Bu maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna ýakyndyr. Kärhananyň işe girizilmegi bilen bu ýerde 1,5 müňe golaý iş orunlary dörär.

Häzirki döwürde desgadaky işler ýokary depginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Kärhanany häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek, tehniki ulgamlary oturtmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Taýýar önümleri sarp edijilere ýetirmek üçin, taslama laýyklykda, awtomobil we demir ýollary çekiler. Taýýar önümler demir ýollaryň, soňra ýakynda ulanmaga berlen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen degişli ýerlere ugradylar. Munuň özi türkmen sintetiki benzininiň eksporty üçin ykdysady taýdan amatly ugur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz eziz Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek babatda öz öňümizde maksat goýduk. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine we önümçilige täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Owadandepedäki täze zawodda çig mal serişdelerini döwrebap ulgam arkaly mümkin bolan garyndylardan düýpli arassalamak onuň tehnologik ýagdaýlarynyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Netijede, iň ýokary halkara standartlara laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa önüm alnar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady toplumynda hem-de durmuş ulgamynda öňe sürýän giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalary adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň baş şerti bolan ekologiýa ýagdaýy bilen berk baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryny hem synlady. Bu ýerlerde gowaça ekişi tamamlanyp, galla oragyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar we ekinlere zyýan berijilere garşy göreş çäreleri, beýleki möwsümleýin işler ýaýbaňlandyryldy.

Hususan-da, ak ekinli meýdanlarda jemleýji ösüş suwy tutulýar, gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyk derejedäki ideg işlerine girişmäge taýýarlyk görülýär.

Obasenagat toplumy döwlet syýasatynyň ähmiýetli ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak bu toplumyň esasy maksadydyr. Amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde obasenagat toplumyna maksatnamalaýyn goldaw berilýär. Bu önümçilik düzümleriniň, oba hojalyk toplumynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagynda, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösüşinde, suwaryş we suw üpjünçilik meselelerinde öz beýanyny tapýar. Daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti we ýerden bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijeli guraly bolan sebitleri özgertmek boýunça giň möçberli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa möhüm wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdine gönükdirilip gurulýan döwrebap obalaryň häzirki zaman köpugurly keşbinde has-da äşgär duýulýar.

Içerki bazar we eksport üçin önüm öndürýän önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagy, maýa goýum işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy, iş orunlarynyň döredilmegi, oba ýerlerinde durmuş aýratynlyklaryny nazara alyp, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň sazlaşykly gowulandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şeýle hem oba ýerlerinde hususy pudagyň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň hasabyna täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmegi gün tertibiniň möhüm meselesi bolup durýar.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň şu günki uçuşynyň dowamynda paýtagtymyzyň çäklerinde we onuň eteklerinde Aşgabady ösdürmek, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki maksatly binalaryň, milli ykdysadyýetimiziň täze pudagynyň esasyny düzýän Owadandepedäki iri gazhimiýa toplumynyň gurluşygy we oba senagatyndaky işler bilen baglanyşykly meselelere üns berdi.

Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek Watanymyzy ösdürmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň baş maksadyna ýetmek baradaky umumy ýörelgeler bilen baglanyşdyrylandyr we berkidilendir.