22.10.2018
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

30.06.2018 12:06 / Habarlar /
91

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, öňden gelýän däp bolan dostlukly gatnaşyklara hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Russiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda faşizme garşy göreşde görkezen şahsy edermenligi we batyrlygy üçin ýokary sylag — Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýörite Permany esasynda “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanandygy mynasybetli russiýaly kärdeşine tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu sylagyň ýurdumyzda ikinji jahan urşunyň söweşlerinde gaýduwsyz söweşen we umumy ýeňşe mynasyp goşant goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň nyşany hökmünde, şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ynanyşmak, dostluk gatnaşyklarynyň beýany hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, geljegi uly bolan pudaklarda tagallalaryň birleşdirilmegine ünsi çekdiler. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hem-de özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek we bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek, netijeli medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary berkitmek üçin köptaraply mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine güwä geçýär. Şol gatnaşyklara yzygiderli ösüş depginleri mahsusdyr. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar hem-de türkmen-rus gatnaşyklarynyň giň gerimini öz içine alýan şertnama-hukuk binýady taraplaryň uzak möhletleýin esasda doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalarynyň tassyknamasydyr.

Söhbetdeşler möhüm sebit we dünýä ähmiýetli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyp, iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny nygtadylar.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin däp bolan döwletara gatnaşyklaryň täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylyp, geljekde has-da üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň halklaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.