22.10.2018
Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

03.09.2018 06:09 / Habarlar /
79

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni ir säher bilen Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz edebi döredijilik bilen meşgullandy hem-de ajaýyp ahalteke bedewlerine ideg etdi.

Milli Liderimiz bu ýerde goýlan surat eserlerine, olaryň her biriniň aýratynlyklaryna, çeperçiligine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, her bir sungat eseri ynsana ýakymly täsir edýär we onuň ylhamyny joşdurýar, täze eserleriň döredilmegine ruhlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz iş otagynda ozaly bilen, täze döwürleýin metbugat, ýurdumyzyň metbugat serişdelerinde çap edilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmelere bagyşlanan täzelikler hem-de maglumat-seljeriş makalalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanda çap edilýän gazetler diňe bir durmuş-ykdysady, döwlet syýasaty hem-de ýurdumyzyň halkara durmuşy baradaky möhüm wakalary beýan etmek bilen çäklenmän, ýerlerde milli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişi, dürli edaralaryň we guramalaryň işleri, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine uly goşant goşýan adamlar barada gürrüň berýärler. Makalalaryň köpüsi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylyň esasy meselesi bilen birleşýär.

Häzirki wagtda gündelik çap bolýan gazetlerde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine görülýän taýýarlyk işlerine uly orun berilýär, bu ýaryşlar sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň derejesini has-da berkitmäge ýardam eder. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralýan bu ýaryşlar toplumlaýyn çäreleri, şol sanda türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän binagärlik we arheologiýa ýadygärliklerini wagyz etmek boýunça işleri öz içine alýar.

Şäherlerimiziň we obalarymyzyň barha özgerýän keşbini beýan edýän makalalarda ýurdumyzyň okgunly ösüşi barada gürrüň berilýär. Watanymyzyň paýtagty Aşgabat bu düýpli özgertmeleriň öňdäki hatarynda barýar. Ol dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Gazet sahypalarynda ýurdumyzyň baş şäheriniň sazlaşykly ösüşi, ýol-ulag düzüminiň we şäheriň beýleki ulgamlarynyň kämilleşdirilişi barada gürrüň berilýär.

Obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky makalalar gazet sahypalarynda yzygiderli çap edilýär. Şu günler pagta ýygym möwsümine işjeň taýýarlyk görülýär, bu barada hem metbugatda gürrüň berilýär.

Halkymyzyň şahyrana joşguny we döredijilik ylhamynyň gymmatlyklary dynç günlerinde çykýan gazet sahypalarynyň baş bezegine öwrülip, olar okyjylaryň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow metbugat bilen tanşanyndan soňra, nobatdaky kitabynyň golýazmasynyň üstünde işlemegini dowam etdi. Döwlet Baştutanymyzyň täze edebi eseri tutuş halkymyzyň arzyly kitaplarynyň birine öwrüler, dünýä okyjylar köpçüligi üçin bolsa ýurdumyz hem-de türkmen milleti baradaky bilimleriň gymmatly çeşmesi bolar.

Döwlet Baştutanymyzyň örän möhüm döwlet işleri hem-de aladalary, ýokary derejeli saparlary hem-de duşuşyklary bilen baglanyşykly dartgynly iş tertibine garamazdan, özüniň halaýan sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, saz, edebi we ylmy eserleri döretmäge wagt tapmaga çalyşýandygy hemmelere mälimdir. Şunda milli Liderimiz köpsanly taryhy çeşmeleri, arhiw maglumatlaryny hem-de ol ýa-da beýleki mesele boýunça maglumatlary hemmetaraplaýyn tutanýerlilik bilen öwrenýär. Hormatly Prezidentimiziň galamyndan çykan meşhur kitaplar tutanýerli zähmetiň miwesidir. Olaryň biri bolsa “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabydyr.

Milli Liderimiziň bedewlere goýýan aýratyn sarpasy edebi döredijiliginde ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut şol sebäpli hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köplenç özüniň Ahalteke atçylyk toplumyndaky iş otagynda ýazyjylyk zähmeti bilen meşgullanýar.

Halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini tutuş kalby bilen kabul edýän milli Liderimiz ahalteke atlarynyň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň asylly atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürdi.

Hormatly Prezidentimiz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplary döretdi. Olar ençeme dillere terjime edildi hem-de atçylyk ulgamynda hünärmenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň işleriniň dürli dillerde neşir edilmegi diňe bir köp ýurtlarda ahalteke bedewlerine gadyr goýýan hünärmenler üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp bedewleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Milli Liderimiz öz döredijiliginde dünýäde uly şöhrata eýe bolan we türkmen halkynyň gaýtalanmajak gymmatlygy döretmek ukybyny äşgär eden ahalteke bedewlerine aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri taryhyň dürli döwürlerinde ýyl ýazgyçy-taryhçylaryň hem-de şahyrlaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we çeper döredijilige ykbalyny baglan beýleki adamlaryň ünsüni özüne çekipdir.

Türkmenistanyň özboluşly tebigy aýratynlyklary, onuň ajaýyplygy, aýratyn-da, güýz paslynyň başlangyjynda emele gelýän ýakymly howa gurşawy adamlaryň ruhuny göterip, ylhamyňy joşdurýan ýagdaýy döredýär. Şunuň ýaly özüne çekiji ajaýyplyk, türkmen tebigatynda oňyn täsiri bolan gaýtalanmajak gudratyň bardygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jahan ýagtylandan soň edebi döredijilik işini tamamlap, ahalteke bedewleriniň saklanýan athanasyna bardy we behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Bedew atyň çapyşyga hemmetaraplaýyn taýýardygyna göz ýetirip, milli Liderimiz bedewi eýerledi.

Bu pursatlar adam bilen bedewiň täsin sazlaşygynyň mynasyp mysalydyr. Halkymyzda bu sazlaşyk döwletlilige, bagtyýarlyga deň görülýär. Alada bilen gurşalýan bedewler jogap hökmünde ynsana öz hoşallygyny we ynamyny bildirýär.

Ahalteke bedewleri kaddy-kamaty bilen öz daşky sypatlaryny we okgunly ukybyny saklap bilýän beden gurluşlarynyň nepisligi hem-de deňsiz-taýsyz ölçegleri bilen hemişe haýran galdyryp gelýär. Dünýäniň belli atşynaslary ahalteke bedewlerini gözelligiň iň kämil nusgasy hökmünde ykrar edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda atçapyşyklarynyň güýzki möwsüminiň başlanjakdygyny aýdyp, ikiýaşar bedewleriň hem bu ýaryşlara goşulyp biljekdiklerini belledi. Munuň özi ahalteke bedewleriň degişli ýaryşlara uýgunlaşmagyny olaryň tebigat tarapyndan berlen ýyndamlyk derejesiniň artmagyny şertlendirer.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu bedewi eýerläp, ony athanadan çykardy, toplumyň çäginde bar bolan ýörite meýdançada aýlady. Döwlet Baştutanymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milli buýsanjyna, bahasyz gymmatlygyna öwrülen ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar. Hormatly Prezidentimiz bedewler bilen didarlaşmagy, olary seýislemegi we at çapmagy özüniň esasy endikleriniň birine öwürdi.

“At – eýesiniň gözünden suw içer”, “Atyň rysgy — alnynda”, “Atly öý — döwletli öý”, “Atym bar — ganatym bar” ýaly paýhasly jümleleri döreden halkymyz asyrlaryň dowamynda bedewlere aýratyn gadyr goýupdyr. Häzirki döwürde bolsa bu ýagşy dessurlar gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen yzygiderli ösdürilýär. Şeýlelikde, türkmen bedewleriniň hem-de milli atşynaslygyň şöhraty hem-de at-abraýy barha artýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladalary netijesinde milli atçylyk pudagy dünýä derejesine çykaryldy.

Milli Liderimiz bedewi birnäçe wagt aýlandan soň, oňa atlandy-da, ýuwaş-ýuwaş aty öz erkine goýberdi. Bedew ýörüşini çaltlandyryp, gorgun, ýorgalama ýaly ýörüşleri ýerine ýetirdi. Çapyksuwaryň buýruklaryny berjaý edip, bedew çapmagyň dürli görnüşlerinde özüni görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp bedewler bilen didarlaşmagy we döredijilik bilen meşgullanmagy bir tarapdan halkymyzyň asylly däpleriniň hem-de nurana umytlarynyň nesilden-nesle geçirilýändigini, beýleki tarapdan bolsa häzirki döwürde halkymyzyň aýawly saklap gelýän däpleriniň sazlaşykly ösdürilýändigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bedew bilen bolan çapyşykly geziminden soňra onuň eýerini aýyrdy we bedewi athana eltdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda amala aşyran işlerini tamamlap, bu ýerden ugrady.