17.11.2018
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

08.08.2018 10:08 / Habarlar /
132

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibine geçip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, täze kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini we many-mazmunyny ilata düşündirmek hem-de Halk maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi. Halk maslahatynyň birinji mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Mejlisi degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlaýar.

Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, Mejlisiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly boýunça mundan beýläk-de ynamly öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmekde yzygiderli işleri alyp barmagynyň, kanunçykaryjylyk işinde oňyn halkara tejribesini ulanmagynyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, ähli guramaçylyk meseleleriniň, gün tertibiniň hem-de umumymilli maslahatyň wekilleriniň dykgatyna hödürleniljek resminamalaryň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz öňümizdäki forumyň ata-babalarymyzyň ýurdy dolandyrmak babatda toplan baý taryhy tejribesini we milli aýratynlyklary nazara almak bilen, ilatyň ähli gatlaklaryny döwlet ähmiýetli giň möçberli işe çekmek maksadynda geçirilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda alyp barýan işi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiziň öňe süren parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny ilerletmek hem-de iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyny we giňeltjekdigini belledi. Munuň üçin bolsa ähli mümkinçilikler bar.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Daşary işler ministrliginiň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi hem-de öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz şeýle hem halkara ähmiýetli möhüm çärelere taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady ulgamyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda okgunly ösüş depginini saklamak, ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak işiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Milli Liderimiz döwlet we pudak maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini gözegçilikde saklamagy talap edip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek hem-de ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, bu ugurlarda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän edaralarynyň “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmek boýunça alyp barýan işleri, şol sanda meýletinçileri çekmek, lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek babatda taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek, türkmen alymlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine saldamly goşandyny üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri bermek bilen, durmuş ulgamynyň pudaklarynyň ösdürilmeginiň türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň netijeli guralydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz awtorallä taýýarlyk görmek meseleleri babatda anyk tabşyryklary, şol sanda düzüminde tejribeli lukmanlar bolan hem-de öňdebaryjy enjamlar we derman serişdeleri bilen üpjün edilen lukmanlar toparlarynyň nobatçylygyna, meýletinçileriň dil babatdaky taýýarlygyna degişli görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz ýaryşlaryň geçirilýän ýerinde hem-de düşelgelerde ähli zerur şertleri döretmek üçin bu bäsleşiklere gatnaşýan edaralaryň hem-de kärhanalaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylyň çäklerinde guralýan çäreleriň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi mynasybetli geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi. Baýramçylyklara we şanly wakalara bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görmek işleri dowam edýär. “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi mynasybetli sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda medeni çäreler meýilleşdirildi. Şolaryň ählisi türgenlerimizi we myhmanlarymyzy ruhlandyrmaga hem-de sport çäresini hakyky baýramçylyga öwürmäge gönükdirilendir.

Wise-premýer ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we neşirýat işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de wise-premýere ýüzlenip, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz sentýabrda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň medeni çärelerine ünsi çekip, bu sport forumynyň baýramçylyk ýagdaýyny döretmekde, oňa gatnaşyjylaryň hem-de myhmanlaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine gyzyklanmasyny artdyrmakda şol çäreleriň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz şu çäreleriň her biriniň köpöwüşgünliligi, okgunlylygy bilen tapawutlanmalydygyny hem-de gyzykly bolmalydygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki baýramçylyk çärelerini we türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, onuň dünýä medeniýetine goşandyny hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilen beýleki medeni çäreleri geçirmek meselesi barada durup geçip, wise-premýere olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän gurluşyk we energetika toplumlarynda alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu pudaklaryň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtyny dünýäniň iň owadan we abadan şäherleriniň birine öwürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Paýtagtymyzda raýatlarymyzyň göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Milli Liderimiz wise-premýere ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş toplumlaryny we şolara ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleri döwrebap tehnikalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak, täze innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda pagta ýygymyna hem-de güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen oba hojalyk işlerini ýokary hilli geçirmek, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilişini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berip, pagta ýygymynda hem-de bugdaý ekişinde zerur bolan tehniki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerden bu möwsümleri ýokary hilli geçirmek, ýygnalan pagta hasylynyň göwnejaý saklanmagyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şolaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulaglar we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmegiň, bu ulgamlaryň öňünde duran wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe hem-de peýdaly innowasiýalary alyşmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny okgunly ösdürmegiň möhümdigini aýratyn belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn kärhanalary tehnologiki taýdan täzelemegiň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde ileri tutulýan wezipeleriň biridigini aýdyp, wise-premýere döwrebap tehnikalara ýokary hilli hyzmat etmek ýoluny netijeli ulanmak boýunça sazlaşykly işleri üpjün etmek üçin netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hem-de ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçysyna gözegçilik edýän düzümindäki işleriň ýagdaýyna berk gözegçilik etmegi hem-de nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Wise-premýere iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, şol sanda döwrebap gazhimiýa toplumlaryny we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy babatda anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, haryt dolanyşygyny giňeltmek, söwda kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, hususy işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmek hem-de ýurdumyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijileri goldamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri belledi. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň hasabyna içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek wezipesi bar. Milli Liderimiz ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak. daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli şertleri döretmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen önümlerini daşary ýurt bazarlarynda ilerletmek, döwlet – hususy ulgamyň hyzmatdaşlygynyň täze usullaryny gözlemek, şol sanda kärhanalara beýleki ýurtlaryň işewür toparlary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga kömek bermek meselelerine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän senagat ulgamynyň işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleri çözmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň degişli düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda görülýän çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary ýurtlara iberilýän, bäsdeşlige ukyply harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça kabul edilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtap, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze ýokary tehnologiýaly kärhanalary döretmegiň, senagat pudaklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda munuň üçin ähli mümkinçilikleriň we baý serişdeler kuwwatynyň bardygyny aýdyp, şolardan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmekde milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlarynyň biri bolan senagat toplumyna möhüm orun degişlidigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri I. Mulikow “Amul — Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlyk görmegiň barşy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde öňümizdäki ýaryşlary ýokary derejede guramagyň çäklerinde geçirilen çäreler, şol sanda guramaçylyk we iş komitetleriniň mejlisleri, dürli ýurtlarda geçirilen tanyşdyryş çäreleri, ýaryşlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berildi. Häzirki wagtda ýörite internet-saýty hereket edýär. Onuň sahypalarynda ralli baradaky ähli maglumatlar ýerleşdirilýär, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän türgenler bellige alynýar.

Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýaryşa gatnaşyjylar üçin niýetlenen sport lybaslarynyň nusgalaryny hödürledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna wekilçilik etjek sürüjileri, şturmanlary we tehniki işgärleri okatmak üçin guralan ýörite okuwlar barada hem hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda geçirilýän “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň asyrlaryň dowamynda Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran taryhy ýoluň häzirki döwürde gaýtadan dikeldilmegine mynasyp goşant boljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki ýaryşlary guramak boýunça işleriň degişli meseleleri çözmek bilen utgaşyklykda amala aşyrylmalydygyny belläp, Içeri işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşmak üçin gelýän myhmanlary hasaba almak, ýaryş ulaglarynyň gümrük bölümlerinden degişli derejede geçirilmegini üpjün etmek hem-de umuman, olar üçin göz öňünde tutulan şertleri ýola goýmak işlerine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Munuň özi halkara hukuk kadalary bilen bir hatarda, türkmen myhmansöýerlik däpleriniň utgaşmagynda amala aşyrylmalydyr we myhmanlary garşylamak, olary ýerleşdirmek bilen baglanyşykly işler ýokary derejede guralmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Rallä badalga beriljek hem-de onuň geçjek ýolunyň ugrunda we pellehanasynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasynyň üstünde işlemek zerurdyr. Maksatnamada bu şanly wakanyň dünýädäki ähmiýeti hem-de ýurdumyzyň sportunyň ýeten belent sepgitleri öz beýanyny tapmalydyr. Öňümizdäki ralliniň sport lybaslarynda, sowgatlyk önümlerde türkmen topragynyň gözelligini we onuň täsin tebigy ajaýyplyklaryny beýan edýän milliligiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, öňümizdäki halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek we geçirmek meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, ýygnananlara ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan möhüm hem-de jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.