20.10.2018
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet ähmiýetli meselelere garaldy

12.05.2018 08:05 / Habarlar /
151

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine we döwletimiziň halkyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasyna şu ýylyň 12 — 13-nji maýynda meýilleşdirilen iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýokary derejede gazanylan, şol sanda EYR-nyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza şu ýylyň mart aýynda bolan resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýranda bolmagynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş ministrlikler bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär. Olaryň dowamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň, işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletara gatnaşyklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça ägirt uly mümkinçilikleri bar. Olaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir ikitaraplaýyn bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylyk we rowaçlyk maksatlaryna laýyk gelýär. Ikitaraplaýyn köpugurly gatnaşyklary üstünlikli ösdürip, Türkmenistan we Eýran abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklary hem işjeňleşdirýär.

Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky netijeli türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli amala aşyrmagyň zerurdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakyndaky” we “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakyndaky” Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, oýlap tapyşlaryň we senagat nusgalarynyň hukuk goragynyň amala aşyrylmagy üçin paçlaryň alynýan hereketleriniň sanawy, möçberleri, tölemegiň we gaýtarmagyň möhletleri hem-de tertibi Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Ýurdumyzyň daşary ykdysady işiniň giňeldilmegi, halk hojalyk toplumynyň senagat pudaklarynyň ösdürilmegi we ähli ulgamlarda innowasion işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy bu ulgamda döwrüň talaplaryny hem-de dünýä tejribesini nazara almak bilen, intellektual eýeçiligi hukuk taýdan goramak bilen baglanyşykly meseleleriň kadalaşdyrylmagyny talap edýär. Wise-premýer Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary seljermegiň esasynda bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrmak boýunça birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň, maliýe düzümleriniň işine halkara standartlaryň, dolandyryşyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagynyň ykdysady strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmekde esasy görkezijiler bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz intellektual eýeçiligiň hukuk taýdan netijeli goralmagynyň ähli ulgamlarda innowasion ösüşi hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etmelidigini belläp, wise-premýere resminamalaryň hödürlenen taslamalaryny degişli düzümler bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny belläp, wise-premýere nebitgaz ulgamynyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, täze nebit we gazhimiýa kärhanalaryny gurmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň döwlet konsernleriniň esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygynyň nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri çykarmak ulgamyna iň täze usullaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam etmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde gowaçanyň gögeriş gazanylan ýerlerinde agrotehniki kadalara laýyklykda birinji we ikinji hatarara bejergisi, ýekelemek işleri alnyp barylýar. Oba hojalyk tehnikalarynyň, etraplaryň we daýhan birleşikleriniň tehniki hyzmat edaralarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak üçin zerur tagallalar edilýär. Welaýatlara alymlar hem-de tejribeli hünärmenler toparlary iş saparlary bilen ugradylyp, olar daýhanlara degişli maslahatlary berýärler.

Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak işleri guramaçylykly geçirildi we bu baradaky meýilnama doly ýerine ýetirildi. Hojalyklara berkidilen ekerançylyk meýdanlarynda ot-iýmlik ekinler ekilýär, olara ideg edilýär, ýetişdirilen hasyly ýygnamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýan agrotehniki çäreleriň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwletimiziň oba syýasaty mundan beýläk-de pudagyň kuwwatlyklarynyň berkidilmegine, bu ugurdaky ykdysady usullaryň kämilleşdirilmegine, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň zähmetiniň höweslendirilmegine, oba ilaty üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet Baştutanymyz dänäniň we pagtanyň, gök ekinleriň we maldarçylyk önümleriniň mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň täzeçil önümçilik düzümini döretmek, bäsdeşlige ýokary derejeli ukyby bolan önümleriň möçberlerini, şol sanda himiýa senagatynyň önümlerini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, durmuş-ykdysady syýasaty durmuşa geçirmegiň depginlerini artdyrmagyň wajypdygyny belledi. Şunlukda, halk hojalygynyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugruny nazarlaýan senagat düzüminiň esasy ugurlary utgaşdyrylmalydyr.

Himiýa pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli wezipeleriň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli çig mal serişdelerini giňden peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy. Pudagyň kärhanalarynyň düşewüntliligini we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, tebigy baýlyklary häzirki zaman tehnologiýalarynda gaýtadan işlemek ýaly wajyp ugurlara ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere pudagyň köpugurly esasda ösdürilmegine, milli ykdysadyýetimiziň berkidilmeginde wajyp ähmiýeti bolan taslamalaryň öz wagtynda we ýokary hilli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2018 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Pudagara topar ýerlerde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyk serişdeleri boýunça döwlet sanawyny, gurluşykda nyrh emele getirmek boýunça seljerme geçirmegiň tertibini, gurluşygyň resminamalaryny işläp düzmegi hem-de şolaryň esasynda çenlik kadalaryň we bahalaryň döwlet ýygyndylaryny emele getirmegi nazarlaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde gurluşyk ulgamyny senagatlaşdyrmak, häzirki zaman ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hem-de sebitleri özgertmek boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendigini belledi. Onuň çäklerinde bar bolan kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar we abatlanylýar, täze senagat hem-de durmuş desgalary gurulýar.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatlyklaryny güýçlendirmek, ýerli serişdelerden taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini artdyrmak, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak ýaly wajyp meseleler durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Pudagyň ýokary ösüş depginlerini saklamak, kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, çig mal serişdeleri boýunça oýlanyşykly nyrh syýasatynyň amala aşyrylmagy zerurdyr. Munuň özi bar bolan kuwwatlyklary netijeli peýdalanmaga, gurluşyk kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu meseläniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz ähli ugurlar, şol sanda ýol-ulag düzüminde, ýaşaýyş jaý toplumlarynda alnyp barylýan özgertmeleriň, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň depginlerini ýokarlandyrmak barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň garamagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze kottej toplumlaryny gurmak baradaky teklibi hödürledi. Olar bir wagtyň özünde dynç alýan maşgalalaryň 118-sini kabul edip biler.

Olaryň her birinde çagalar we ulular üçin suwa düşülýän howuzlar, sport meýdançalary, çagalar üçin oýun meýdançalary, awtoduralgalar, edara binasy we beýleki düzümleýin desgalar gurlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetini bäsleşige ukyply köpugurly ulgama geçirmek babatda syýahatçylygyň geljegi uly pudaklaryň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz dynç almagy guramak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, biziň deňizýaka künjegimizde halkara derejeli syýahatçylyk zolagynyň işjeň ösdürilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň telekeçileriniň bu işe saldamly goşant goşýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu babatda köpugurly syýahatçylyk düzümini guramagyň esasy wezipe bolup durýandygyny aýdyp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman iş usullaryny ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagynda, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşinde bu pudaklara möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlardaky alnyp barylýan işleriň halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini, pudaklaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini belläp, bu babatda işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda,Türkmenistanyň halkara ähmiýetli ulag, logistik merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra mejlise çagyrylan demir ýol ulaglary ministri A.Atamyradow ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaňy-ýakynda Hazaryň kenarynda uly Halkara deňiz portunyň ulanmaga berlendigini hem-de onuň kontinental gatnatmalaryň logistika ulgamlarynda strategik özgertmelere getirjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlarda türkmen ýük geçiriş menzilleri örän möhüm düzüm böleklerine öwrüler.

Halk hojalygy pudaklarynyň sazlaşykly ösüşinde Türkmenistanyň multimodal ulag ulgamyna demir ýol pudagynyň mümkinçiliklerine aýratyn orun degişlidir. Hut şonuň üçin hem onuň düzümleriniň giňeldilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Täze enjamlar bilen üpjün edilýän demir ýol beketleri guruldy, täze demir ýollar çekildi, ozal bar bolanlary halkara ülňülere laýyk derejede enjamlaşdyryldy, inženerçilik desgalary guruldy diýip, milli Liderimiz belledi. Ekologiýa nukdaýnazaryndan döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz demir ýollaryň elektrikleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Häzirki zaman demir ýol ulgamynyň ösdürilmegine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmagy talap etdi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak Hökümetara toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklap, degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we medeni çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer milli Liderimiziň gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäginden geçen kerwen ýollaryna we Beýik Ýüpek ýoluny häzirki döwürde dikeltmäge bagyşlanan kitabynda beýan edilýän baý taryhy maglumatlara we asyrlaryň dowamynda döredilen halk rowaýatlaryna esaslanýan teatrlaşdyrylan edebi-sazly çykyşlaryň meýilleşdirilendigi barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly teatr festiwalyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçiriljek döredijilik gözden geçirilişiniň çäklerinde sahna eserlerinden başga-da, ugurdaş pikir alyşmalaryň guralmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda, şol sanda ägirt uly mümkinçilikleri bolan teatr sungatynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döredijilik toparlarynyň işgärleri milletiň baý medeni-taryhy mirasyny we gadymy ruhy gymmatlyklaryny giňden wagyz etmäge, häzirki döwrüň döredijilik maksatlaryny amala aşyrmaga, şeýle hem ýaş nesilleriň watansöýüjilik, ahlak we estetiki terbiýesine mynasyp goşant goşmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän çärelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olarda türkmen halkynyň ady rowaýata öwrülen bu ugry dikeltmek we ony mundan beýläk-de ösdürmek babatda eýeleýän ornunyň öz beýanyny tapmalydygyny tabşyrdy. Ýurdumyz köp asyrlar mundan ozal Gündogary we Günbatary, Ýewropany we Aziýany diňe bir söwda gatnaşyklary arkaly baglanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň arasynda özboluşly medeni-maglumat köprüsi bolup hyzmat eden bu ýoly dikeltmäge işjeň gatnaşýar.

Milli Liderimiz bu gözden geçirilişe ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini, onuň guramaçylykly guralmalydygyny belläp, çäräniň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, ýurdumyzyň teatrlarynyň repertuarlaryny baýlaşdyrmak nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýetlidigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu maksatlarda çagalar bilen medeni-dynç alyş çärelerini we dürli sport bäsleşiklerini guramak, mugallymlary we terbiýeçileri seçip almak bilen baglanyşykly meseleler toplumlaýyn çözülýär.

Bilim ministrligi hem-de beýleki edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda düzülen topar tarapyndan Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde barlaglar geçirildi. Tomus möwsüminde bir tapgyrda Gökderedäki 14 merkezde, Awazadaky 8 merkezde, welaýatlardaky täze açylan 5 merkezde, şeýle hem öňden hereket edýän 3 merkezde çagalaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüp gelýän nesliň abadançylygy we bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günlerinde çagalaryň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertleriň döredilmelidigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem wise-premýere “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisine taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamagy, öňümizdäki ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalary merkezinde geçiriljek “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: täze taryhy eýýam we ösüşiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Iş toparlarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde ykdysadyýeti we oba hojalygyny ösdürmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, durmuş-zähmet gatnaşyklaryny, daşky gurşawy goramak, ylmy we beýleki ulgamlarda işi kadalaşdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

18-nji maýda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli deputatlar döwlet edaralarynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, bilim hem-de ylym ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde baýramçylyk dabaralaryna we çärelerine gatnaşar.

Häzirki wagtda 16-njy maýda ýokarda agzalyp geçilen ylmy-amaly maslahaty geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Forumyň esasy maksady ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň milli esaslaryny wagyz etmekden we tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

Maslahatyň işi üç bölümden ybarat bolup, onuň “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: demokratiýanyň we ösüşiň dabaralanmasy”, “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde milli hukuk ulgamynyň orny”, şeýle hem “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi: durnukly ösüşi üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti” atly bölümleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz kabul edilýän kanunlary we beýleki kanunçylyk namalaryny düşündirmegiň, özygtyýarly Türkmenistanyň toplan hem-de dünýä bileleşigi üçin uly gyzyklanma döredýän oňyn tejribesini giňden wagyz etmegiň zerurdygyny aýdyp, Konstitusiýanyň okgunly ösýän Watanymyzyň mizemez hukuk binýady bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Esasy Kanunynda adam jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy diýlip kesgitlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet baýdagynda edermen halkymyzyň erkin we garaşsyz ýurt hakyndaky köpasyrlyk arzuwynyň, onuň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, parahatçylyk söýüjilik we hoşmeýilli erk-isleginiň däpleriniň öz beýanyny tapandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.