20.10.2018
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si

02.05.2018 11:05 / Habarlar /
192

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­dan da­şa­ry göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di, on­da Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­nyň hem-de Bal­kan we­la­ýa­ty­ny yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­le­ti­mi­ziň içe­ri sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz il­ki bi­len Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi S.Sat­ly­ko­wa söz ber­di. Hä­kim hä­zir­ki dö­wür­de we­la­ýat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, se­bi­tiň ila­ty­nyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­sa­bat­da şeý­le hem we­la­ýa­tyň çä­gin­dä­ki önüm­çi­lik des­ga­la­ryn­da­ky iş­le­riň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we­la­ýa­ty dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­riň öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze de­ňiz por­tun­da hem-de gaz-hi­mi­ýa top­lum­la­ryn­da iş­le­mek üçin ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň özi se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ni üp­jün et­me­li­dir.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Ça­ky­ýew Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hä­zir ýur­du­myz­da ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, amat­ly we howp­suz hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­riniň dö­re­dil­endigini belledi. Mu­nuň özi se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi — halk­la­ryň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­gi, sy­ýa­sy we me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­me­gi, söw­da-ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­gy üp­jün ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry yzy­gi­der­li or­naş­dyr­ma­gyň, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len tej­ri­be, peý­da­ly in­no­wa­sion iş­le­ri alyş­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, wi­se-prem­ýe­re bu ugur­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň tas­la­ma­sy­ny ta­ry­hy di­ýip at­lan­dyr­mak bo­lar, çün­ki onuň ama­la aşy­ryl­ma­gy bi­ziň ýur­du­my­zy öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze sep­gi­di­ne çy­ka­ryp, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň hal­ka­ra ul­ga­my­na giň­den go­şul­ma­ga, üs­ta­şyr gat­naw­la­ryň mö­hüm mer­ke­zi hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder di­ýip bel­le­di. Dür­li ugur­la­ryň ula­nyl­ma­gy aw­tou­la­gyň sarp ed­ýän wag­ty­ny ep-es­li tyg­şyt­la­ma­ga, ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­ber­le­ri­ni ep-es­li art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rip, ýo­lag­çy gat­naw­la­ry­ny de­ňiz ýo­ly ar­ka­ly art­dyr­ma­ga ýar­dam eder, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny ös­dür­mä­ge oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­ti­rer.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek ba­bat­da DIM ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 2 — 3-nji maý­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek iri möç­ber­li çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Şol çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly — tä­ze üs­tün­lik­le­re ta­rap ýol” at­ly hal­ka­ra fo­rum, iň döw­re­bap hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň açy­ly­şy bar. Şu­lar bi­len bir­lik­de, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag mi­nistr­le­ri­niň IX mej­li­si­ni ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di.

Mil­li Li­de­ri­miz hä­zir tä­ze hil­de gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän, en­çe­me asyr­lar mun­dan ozal çäk­le­rin­den Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ge­çen Türk­me­nis­ta­nyň se­bit we yk­lym äh­mi­ýet­li mö­hüm üs­ta­şyr-ulag we lo­gis­ti­ka hal­ka­sy hök­mün­de öz tut­ýan or­nu­ny yzy­gi­der­li ber­kid­ýän­di­gi­ni bel­läp, köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra çä­re­le­ri­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry D.Aman­gel­di­ýew hä­zir­ki dö­wür­de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çäk­le­rin­de gu­rul­ýan des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, we­la­ýa­tyň gur­lu­şyk ul­ga­myn­da we ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Esa­sy aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň we köp­rü­le­riň, şol san­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra ho­wa men­zi­lin­den «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na bar­ýan umu­my uzyn­ly­gy 20,4 ki­lo­metr bo­lan ýo­luň, 3 müň orun­lyk aw­to­du­ral­ga­dan Ba­lyk­çy heý­ke­li­ne çen­li hem-de bu heý­kel­den Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na çen­li kö­çe­le­riň dur­ku­ny tä­ze­le­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, we­la­ýa­tyň çäk­le­rin­de tä­ze ýol­la­ryň gu­rul­ma­gy hem-de bar bo­lan ýol­la­ryň dur­ku­nyň tä­ze­len­me­gi ýur­du­myz­da döw­re­bap aw­tou­lag dü­zü­mi­ni dö­ret­me­giň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar di­ýip bel­le­di. Ýol gur­lu­şy­gyn­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak bi­len bir ha­tar­da ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dyr­mak, yşyk­lan­dyr­mak, ze­rur bo­lan kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny çek­mek me­se­le­le­ri oý­la­ny­şyk­ly ama­la aşy­ryl­ma­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Türk­men­ba­şy şä­he­ri hal­ka­ra äh­mi­ýet­li üs­ta­şyr-ulag mer­ke­zi­ne, hal­ka­ra fo­rum­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň işe­wür we me­de­ni dur­mu­şyn­da onuň eýe­le­ýän or­ny art­ýar, aý­ra­tyn yk­dy­sa­dy, sy­ýa­hat­çy­lyk de­re­je­si bol­sa tä­ze, giň ge­rim­li we­zi­pe­le­ri şert­len­dir­ýär. Ola­ryň ne­ti­je­li çö­zül­me­gi köp ba­bat­da öz­gert­me­le­riň we umu­my­mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­na bag­ly bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew Bal­kan we­la­ýa­tyn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­rip, we­la­ýa­tyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da, mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­bar ber­di.

Şu­nuň bi­len bir­lik­de, bug­da­ýa ideg et­mek hem-de ýa­kyn­la­şyp gel­ýän gal­la ora­gy­na dä­ne ýy­gy­jy kom­baýn­la­ry, aw­tou­lag­la­ry hem-de beý­le­ki teh­ni­ka­la­ry, ele­wa­tor­la­ry we am­mar­la­ry taý­ýar­la­mak iş­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, de­giş­li ýol­baş­çy­lar­dan we­la­ýa­tyň oba ho­ja­ly­gyn­da pu­dak­da bel­le­ni­len önüm­çi­lik me­ýil­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin hem­me ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi ta­lap et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bug­da­ýyň, mi­we we gök önüm­le­riň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny al­mak mak­sa­dy bi­len, ýaz­ky oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni hem-de de­giş­li ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, pu­da­ga de­giş­li yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny hem-de tä­ze ne­ti­je­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş ýü­zün­de giň­den or­naş­dyr­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz wi­se-prem­ýe­re dür­li gör­nüş­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­me­giň möç­ber­le­ri­ni mak­sa­da­la­ýyk art­dyr­mak üçin hem­me şert­le­ri dö­ret­mä­ge, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge hem-de daý­han­la­ryň ha­lal zäh­met çek­me­gi bi­len, ola­ryň hal-ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­jek hö­wes­len­dir­me­le­re de­giş­li anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Ab­dy­ýe­wa Bal­kan we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ryň, gu­ral­ýan da­ba­ra­la­ryň me­de­ni mak­sat­na­ma­sy we we­la­ýa­tyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da hem-de hä­zir­ki za­man ýag­daý­la­ry na­za­ra alyp, mil­li me­de­ni­ýe­ti hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ni, çe­per dö­re­di­ji­li­gi ös­dür­me­giň, onuň işi­ni döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk de­re­je­de kä­mil­leş­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ugur­da mun­dan beý­läk mak­sa­da gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri gör­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.

Äh­li­halk baý­ram­çy­lyk we şan­ly wa­ka­lar my­na­sy­bet­li Bal­kan we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň äh­li­si dö­re­di­ji­lik ru­hu­ny, tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň ga­za­nan­la­ry­ny we üs­tün­lik­le­ri­ni be­ýan et­me­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re de­giş­li anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Öz no­ba­tyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Dur­dy­my­ra­dow Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň se­na­gat top­lu­my­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik dü­zü­mi­ni ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, we­la­ýat­da gu­rul­ýan hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň des­ga­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li we­zi­pe­le­ri bel­läp, bu ugur­da ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri­niň has giň­den peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. De­giş­li pu­dak­la­ryň ze­rur­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek bi­len bir ha­tar­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu stra­te­gik taý­dan mö­hüm bö­le­gi­niň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy onuň gir­de­ji­li­li­gi­ni we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len şert­len­di­ri­len­dir we te­bi­gy baý­lyk­la­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na esas­la­nan­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Me­re­do­wa söz be­ril­di. Ol Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de he­re­ket ed­ýän ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň dü­züm bö­lüm­le­rin­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny” üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len gö­rül­ýän çä­re­ler hem-de bu ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän tä­ze tas­la­ma­lar ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dur­nuk­ly ös­dür­mek, ila­tyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ägirt uly te­bi­gy se­riş­de­le­riň, ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň yl­my-teh­ni­ki kuw­wa­ty­nyň has ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­leý­ji pu­dak­lar­da ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne uly dep­gin ber­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aý­dyp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le hem ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ne­bit we gaz­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­ly sarp edi­ji­le­re iber­mek üçin Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len tä­ze ter­mi­nal­la­ry­nyň hem-de am­mar­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak mak­sa­dy bi­len, ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­dow Bal­kan we­la­ýa­tyn­da gu­rul­ýan des­ga­la­ryň ma­li­ýe­leş­di­ri­li­şi we bu ugur­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem Bal­kan we­la­ýa­tyn­da Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän ta­gal­la­lar, ola­ry ber­jaý et­me­giň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da aý­dyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni has-da pug­ta­lan­dyr­mak, ýa­kyn gel­jek­de hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, yk­dy­sa­dy ul­ga­myň eda­ra­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan wa­jyp we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. Dür­li pu­dak­la­ryň ma­li­ýe ýag­da­ýy esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Şu ba­bat­da edi­len hyz­mat­lar üçin buý­ru­jy­lar bi­len pot­rat­çy­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra ha­sap­la­şyk­la­ry wag­tyn­da ge­çir­mek ba­ra­da­ky me­se­le­ler baş ta­lap­la­ryň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny nyg­ta­dy hem-de wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra çy­kyş eden Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry P.Aga­my­ra­dow «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky we Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň beý­le­ki ýer­le­rin­dä­ki ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ne taý­ýar­ly­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ha­za­ryň ke­na­ryn­da şy­pa­ha­na ul­ga­my­nyň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ne taý­ýar­ly­gy, olar­da ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­la­ryň de­re­je­si hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, hal­ky­my­zyň dur­muş ul­ga­my­nyň üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­gy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni bel­läp, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň äh­li dü­züm­le­ri­niň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk de­re­je­si­ne örän jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi tab­şyr­dy.

Awa­za­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­rin­de kör­pe ne­sil­le­riň wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan we peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi­ni bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz olar­da­ky hyz­mat­la­ryň döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mej­lis­de şeý­le hem döw­let dur­mu­şy­nyň beý­le­ki mö­hüm me­se­le­le­ri­ne hem ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­ni jem­läp, oňa gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne berk jan sag­lyk we Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň hem-de hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di.