22.04.2018
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynda maslahat geçirildi

27.03.2018 10:03 / Habarlar /
21

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda maslahat boldy. Onda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň deslapky jemi jemlendi.

Duşuşyga daşary döwletleriň we ýurdumyzyň iri habarlar agentlikleriniň, elektron neşirleriniň we beýleki habar beriş serişdeleriniň habarçylary, halkara synçylar gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlawlaryň deslapky netijelerini aýan etmezden öňürti, bu ýere ýygnananlara möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk we ony geçirmek boýunça alnyp barlan ägirt uly işler barada habar berdi hem-de saýlaw çärelerine gatnaşanlaryň hemmesine hoşallygyny mälim etdi. Saýlawyň ähli tapgyrlarynyň maglumat taýdan üpjünçiligini ýola goýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine aýratyn hoşallyk sözleri aýdyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleri görkezmek 2018-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan 22-nji fewralyna çenli dowam etdi. Syýasy partiýalar kanun tarapyndan bellenen möhletlerde maslahatlary geçirdiler. Onuň dowamynda olaryň dalaşgärleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, 25-nji martda bolan saýlawlar bellige alnan dalaşgärleriň sany we 4 saýlawyň bir günde geçirilmegi hem-de oňa syýasy partiýalaryň üçüsiniň gatnaşmagy bilen öňki geçirilen saýlawlardan tapawutlanýar. Welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek kameralar oturdyldy hem-de Merkezi saýlaw toparynyň “saylav.gov.tm” onlaýn usulynda sagat 7-den 19-a çenli ses bermek çäresi alnyp görkezildi.

Merkezi saýlaw topary syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan berlen resminamalary gözden geçirip, 3 — 27-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 284 dalaşgäri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna 489 dalaşgäri, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalygyna 2 müň 570 dalaşgäri, Geňeşleriň agzalygyna bolsa 13 müň 215 dalaşgäri bellige aldy. Ähli saýlawlar boýunça dalaşgärleriň umumy sany 16 müň 558 boldy.

Şeýlelikde, dalaşgärleri görkezmek erkin we deňhukukly esasda alnyp baryldy. Olary görkezmek we bellige almak işleri bolsa milli kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda açyklyk häsiýetinde geçdi. Milli parlamentde hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz saýlawçylarynyň bähbidini goramak hukugyna il içinde uly hormatdan we ynamdan peýdalanýan raýatlar eýe boldy. Dalaşgärleriň hatarynda oba zähmetkeşleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň hünärmenleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we birleşmeleriň işjeň agzalary bar.

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäreler, ony köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek dalaşgärler bellige alnan pursadyndan başlap, 2018-nji ýylyň 24-nji martyna çenli dowam etdi.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň syýasy partiýalaryna, jemgyýetçilik birleşmelerine, dalaşgärlere, raýatlar toparlaryna wagyz işlerini erkin alyp barmak mümkinçiligi döredildi. Dalaşgärlere köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mugt çykyş etmek mümkinçiligi döredildi. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda geçirildi.

Saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen duşuşyklarda saýlawçylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasaty netijesinde, Türkmenistanda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýatlyk jemgyýetlerini döretmek, syýasy ulgamy häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň web-saýtynda saýlaw möwsümi bilen baglanyşykly kabul edilen çözgütler, düzgünnamalar, gollanmalar we täzelikler hakyndaky maglumatlar dessine ýerleşdirildi.

Tele we radioýaýlymlarda saýlawlar hakyndaky maglumatlar yzygiderli berildi. Şeýle hem teleýaýlymlar boýunça ses bermegiň, möhletinden öň ses bermegiň düzgünlerini, saýlaw býulletenlerini doldurmagyň tertibini düşündirýän wideorolikler görkezildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlere “Altyn asyr: Türkmenistan”, “Miras” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynda mugt ýaýlym wagty berildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, merkezi neşirlerde türkmen (“Türkmenistan” gazeti) we rus (“Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti) dillerinde degişli makalalar yzygiderli çap edildi.

Şeýle hem milli internet çeşmeleriň mümkinçilikleri giňden peýdalanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we “Türkmenistan: Altyn asyr” web-saýtlarynda saýlawlara bagyşlanan ýörite sözbaşylar döredildi. Şolarda dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary we saýlawlaryň geçişi baradaky habarlar türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirildi.

“Aşgabat” şäher, “Ahal durmuşy”, “Balkan”, “Daşoguz habarlary”, “Türkmen gündogary”, “Maru-şahu-jahan” welaýat gazetlerinde maglumatlar yzygiderli çap edildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçişi hakynda Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we çakylyk esasynda ýurdumyza gelen daşary ýurtly žurnalistler yzygiderli beýan etdiler.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli görnüşlerinde dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy barada deň dowamlylygy we möçberi bolan mümkinçilikler üpjün edildi. Olar döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalandylar.

Saýlawlaryň geçişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 4 müň 72-si, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasyndan, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyndan, Yslam hyzmatdaşlyk guramasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Pakistan Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan hem-de beýleki döwletlerden halkara bilermenleriniň 142-si syn etdi.

Degişli gözegçiligi amala aşyran synçylaryň bellemegine görä, bu gezekki saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasatyny durmuşa geçirmegiň we türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Bu jemgyýetçilik-syýasy waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine döwlet derejesinde geçirilýän işlere işjeň gatnaşýandyklaryny has aýdyňlygy bilen görkezdi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlawlaryň deslapky jemlerini aýan etmek bilen, 3 million 291 müň 312 saýlawçydan ses bermäge 3 million 17 müň 801 raýatyň gatnaşandygyny, munuň saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,69 göterim bolandygyny aňladýandygyny aýtdy. Bu sanlar ilatyň ýokary raýatlyk işjeňligini, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere işjeň gatnaşmaga döredijilikli gyzyklanmalaryny alamatlandyrdy.

Saýlawlar mahalynda öz ýaşaýan ýerlerinde bolup bilmedik saýlawçylar üçin 2018-nji ýylyň 15 — 24-nji marty aralygynda möhletinden öň ses bermek mümkinçiligi döredildi. Olar umumy saýlawçylaryň 3 göterimine barabardyr.

Tutuş ýurdumyzda 2 müň 604 saýlaw uçastogy, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyklarynda 39 saýlaw uçastogy hereket etdi.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Häzir Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryndaky we konsullyk edaralaryndaky saýlaw uçastoklaryndan maglumatlaryň wagt guşaklygynyň tapawutlylygy nazara alnyp, saýlawçylaryň seslerini gutarnykly sanamak işleri dowam edýär. Ýöne häzir türkmen halkynyň agzybirlikde, bitewülikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslara daýanýan halk häkimiýetlilik däpleriniň dabaralanmagyna nobatdaky gezek işjeň gatnaşandygyny, bu ýörelgeleriň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň üstünliklere beslenjekdigini ynamly aýtmak bolar.

Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda jemlener we aýan ediler.