28.05.2018
Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa aradan çykdy

02.05.2018 11:05 / Habarlar /
95

Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, saz­ly sah­na­da aja­ýyp keşp­le­riň en­çe­me­si­ni dö­re­dip, hal­ky­my­zyň çyn ýü­rek­den söý­gü­si­ne, ab­ra­ýa hem-de hor­ma­ta my­na­syp ho­lan ar­tist, türk­men ope­ra­sy­nyň ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len aý­dym­çy­sy Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 2018-nji ýy­lyň 27-nji ap­re­lin­de 98 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy.

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa­nyň ýü­re­gi we kal­by el­my­da­ma yl­ham joş­gu­ny­na, yh­la­sa we ýa­şaý­şa bo­lan söý­gä bes­le­nen­di. Türk­men ope­ra sun­ga­ty­nyň ke­ma­la ge­liş ta­ry­hy onuň ady bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ol ge­çen asy­ryň 40-njy ýyl­la­ryn­da mil­li ope­ra sun­ga­ty­nyň ýyl­ ýaz­gy­sy­ny tä­ze sa­hy­pa­dan ýa­zyp baş­lan sun­gat iş­gä­rle­ri­niň ha­ta­ryn­da bo­lup­dy.

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa­nyň aja­ýyp se­si, ar­tist­lik ze­hi­ni, dra­ma uky­by aý­dym­çy ze­na­na uly meş­hur­lyk ge­tir­di. Ol öz aý­dym­la­ry bi­len dün­ýä ýü­zü­ne aý­la­nyp, türk­men aý­dym-saz sun­ga­ty bi­len ta­nyş­dyr­dy.

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 1920-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­byn­da ene­den do­gul­dy. 1938 — 1941-nji ýyl­lar­da Mosk­wa­nyň P.I.Çaý­kows­kiý adyn­da­ky döw­let kon­ser­wa­to­ri­ýa­syn­da okap, ope­ra teat­ry­nyň aý­dym­çy­sy hü­nä­ri­ni ele al­dy.

Ol zäh­met ýo­lu­na 1941-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let aka­de­mi­ki ope­ra we ba­let teat­ry­nyň ikin­ji de­re­je­li ar­tis­ti bo­lup baş­la­dy. 1945 — 1992-nji ýyl­lar­da şol teat­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li ope­ra so­lis­ti, 1992 — 2001-nji ýyl­lar­da baş re­žiss­ýo­ry, oýun go­ýu­jy re­žiss­ýo­ry, 2010-njy ýyl­dan bä­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma teat­ry­nyň sah­na us­sa­dy de­re­je­si bo­ýun­ça dra­ma ar­tis­ti we­zi­pe­le­rin­de iş­le­di.

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa­nyň ady we bi­ti­ren hyz­mat­la­ry bi­ziň hal­ky­my­zyň ha­ky­da­syn­da he­mi­şe­lik ga­lar. Türk­me­niň saý­rak bil­bi­li Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 1943-nji ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti», 1952-nji ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly at­la­ra, 1955-nji ýyl­da «SSSR-iň halk ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly ada eýe bol­dy.

Wa­tan öňün­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry, us­sat­ly­gy, türk­men sun­ga­ty­nyň ösü­şi­ne go­şan ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak go­şan­dy üçin, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 2009-njy ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny» di­ýen be­lent at da­kyl­dy hem-de «Al­tyn Aý» al­tyn me­da­ly gow­şu­ryl­dy.

Ol «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 20 ýyl­ly­gy­na», «Ga­raş­syz, Ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan», «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­na» ýu­bi­leý me­dal­la­ry, şeý­le hem «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­da­ly bi­len sy­lag­lan­dy.

2007-nji ýyl­da Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa ýaş sun­gat iş­gär­le­ri­ni ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça ha­ly­pa­lyk işi hem-de köp ýyl­lap çe­ken dö­re­di­ji­lik­li we ak ýü­rek­li zäh­me­ti üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­niň ýeňiji­si bol­dy.

Wa­ta­nyň we­pa­ly gy­zy, Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa ha­kyn­da­ky ýag­şy ýat­la­ma­lar bi­ziň kal­by­myz­da ebe­di­lik ýa­şar.

Mer­hu­myň ja­ýy jen­net bol­sun, Al­la­ta­ga­la oňa iman baý­ly­gy­ny ber­sin. 
Gurbanguly Berdimuhamedow,
G.Mäm­me­do­wa, 
B.Ab­dy­ýe­wa,
P.Aga­my­ra­dow, 
D.Aman­gel­di­ýew,
M.Ça­ky­ýew, 
Ç.Gy­ly­jow,
K.Dur­dy­my­ra­dow, 
R.Me­re­dow,
M.Me­re­dow, 
G.My­ra­dow,
E.Oraz­gel­di­ýew.