22.10.2018
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

04.04.2018 10:04 / Habarlar /
206

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Säher bilen milli Liderimiz nobatdaky mejlisiň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Mejlisi açyp, hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzyň oňyn bitaraplyk esaslaryna ygrarlydygyny we diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ähli düzgünlerine eýerýändigini belledi. Bu doktrina diňe goranyş häsiýetine eýe bolup, parahatçylygyň we asudalygyň, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de onuň raýatlarynyň abadançylygynyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär.

Mejlisiň gün tertibini yglan edip, milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol eziz Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak hem-de milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşy, bu ugra degişli ýöriteleşdirilen we durmuş desgalarynyň gurluşygy barada habar berildi.

Milli Liderimiz kabul edilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň goranyş häsiýetiniň harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitleýändigini belläp, Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de harby bölümleriň dessin we söweşjeň taýýarlygyny berkitmek boýunça işleri utgaşdyrmagyň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak baradaky meseläni gozgap, Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, olaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň täze döredilen serkerdeliklerine söweşjeň baýdaklary gowşurmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriniň netijelerini jemläp, goranyş häsiýetine eýe bolan, Türkmenistanyň serhetleriniň howpsuzlygyny we bitewiligini üpjün etmegiň strategiki esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinanyň esasy meselelerine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň 
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň wajypdygyny belläp, ýokary hünärli işgärleri toplumlaýyn taýýarlamagy geljekde ýerine ýetiriljek işleriň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdi.

Söweşjeň we beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek üçin beden taýýarlygy şahsy düzümi harby taýdan okatmagyň we terbiýelemegiň möhüm hem-de aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli goşunymyzyň bölümlerinde sportuň harby-amaly görnüşlerini ösdürmek boýunça işi güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň mundan beýläk hem serkerdeleriň we esgerleriň netijeli gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegi barada alada etjekdigini nygtap, hemmelere jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkiden täze harby dikuçarlary synlady. Olaryň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, döwlet Baştutanymyz milli goşunyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini belledi. Häzirki döwürde olaryň ygtyýaryna iň häzirkizaman harby tehnikalary gelip gowuşýar we harby gullukçylaryň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki döwürde Ýaragly Güýçleriň ähli düzümlerinde taktiki harby okuwlar we harby gullukçylaryň watansöýüjilik taýdan terbiýelenmegi, beden taýýarlygy hem-de häzirkizaman söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerine ussatlyk bilen erk edip bilmekleri ugrunda çäreler amala aşyrylýar.

Bu ýerdäki okuw türgenleşik otagynda ýörite oturdylan nyşanalar we ol ýerdäki şertler bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwrebap ýaraglaryň dürli görnüşlerinden nyşana ok atmak boýunça ussatlyklaryny görkezdiler.

Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşynyň nyşana dürs urmagy onuň harby ýaraglara ussatlyk bilen erk edýändigini alamatlandyrýar.

Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň we ýokary görkezijilere eýe bolmagynyň esasy şertleriniň biri Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy we bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli ýolbaşçylarynyň adyndan öňümizdäki Bütindünýä saglyk güni mynasybetli milli Liderimize sport welosipedini sowgat berdi.

...Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy welosipede münüp, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekden geçýän welosipedli ýörişiň öňüni çekdi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek başlangyjyny öň sürüp, oňa köpçülikleýin sagaldyş häsiýetini berdi, muňa türkmenistanlylaryň müňlerçesiniň gatnaşmagynda yzygiderli geçirilýän welosipedli ýörişler hem şaýatlyk edýär.

Ýaňy-ýakynda, fewral aýynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Türkmenabatda “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi, olaryň hatarynda bu taryhy ýoluň ugry boýunça welosipedli ýörişler hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän şeýle çäreler her ýylda ýurdumyzda aprel aýynda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylýar. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyna, bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegine hem-de ösdürilmegine gönükdirilen ýene bir möhüm çäredir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, beden terbiýesi hem-de sporty ösdürmek boýunça işler Türkmenistanda toplumlaýyn, yzygiderli çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmalydyr.

Sport ählumumy parahatçylygyň, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitarap Türkmenistan Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik maksatlaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, sport ulgamynda sebit we halklara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda çykyş edýär, bu ugurda anyk çäreleri geçirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamda amala aşyrýan öňdengörüjilikli syýasaty oňyn netijelerini berýär — türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykýar, Watanymyz iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Mysal üçin, şu ýyl ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi, şeýle hem agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we beýleki ýaryşlar geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň ähli görnüşlerine, aýratyn-da, ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýän serişdelere uly gyzyklanma bildirýär. Bu bolsa milli Liderimiziň amala aşyrýan durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar. Sagdynlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sporty ýaly ekologiýa taýdan arassa görnüşi ýurdumyzda barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ähli sebitlerinde her ýylda köpçülikleýin welosipedli ýörişler we ýaryşlar guralýar. Munuň özi sportuň bu görnüşiniň giň meşhurlyga eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Täze gurulýan sport toplumlarynda we stadionlarda welotrekleriň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz ýolugra welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň ünsüni tebigatyň bu künjeginiň aýratyn gözelligine çekdi. Häzir bu ýerde baharyň alamatlary aýratyn äşgär duýulýar. Gök öwüsýän dag etekleri, baýyrlar, jana ýakymly howa gurşawy we gül açan baglar, dag howasy ynsan kalby üçin ýaramly ýagdaýy emele getirýär.

Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, türkmen topragynyň gaýtalanmajak gözelligini, baýlygyny saklamak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy howanyň üýtgemegine, adamlaryň durmuş derejesiniň gowulanmagyna we umumy ekologiýa ýagdaýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýändigini belläp, milli Liderimiz tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, onuň aýratynlyklaryny saklamak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak babatda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreleriň ähmiýetlidigini nygtady.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň wajypdygyna ýene bir gezek ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz ilatyň ähli gatlagynyň, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işler bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, onuň mümkinçilikleriniň artmagyna we köpugurly düzümiň kemala gelmegine ýardam berýär. Bu bolsa sportuň üstünlikli ösdürilmegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişi tamamlap, oňa gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.