22.10.2018
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let howpsuz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si

02.03.2018 09:03 / Habarlar /
253

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­lis­de Ýa­rag­ly Güýç­le­riň dür­li bö­lüm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len şu ýy­lyň iki aýyn­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy hem-de ýa­kyn gel­jek üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.

Il­ki bi­len Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri Ý.Ber­di­ýe­we söz be­ril­di. Ý.Ber­di­ýew ga­ral­ýan dö­wür­de ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga we Mil­li go­şu­nyň kuw­wa­ty­ny güýç­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn har­by öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän anyk çä­re­ler, şeý­le hem Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­bul edi­len hem-de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­nyň ýur­du­my­zyň pa­ra­hat we asu­da dur­mu­şy­nyň do­ly ke­pi­li bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni, Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan dep­gin­li ös­dür­mek, hal­ka­ra de­re­je­­de öň­de­ba­ry­jy orun­la­ra çy­kar­mak üçin hem­me şert­le­ri dö­red­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Ýa­rag­ly Güýç­le­ri iň tä­ze ýö­ri­te teh­ni­ka­lar bi­len en­jam­laş­dyr­ma­gy hem-de ser­ker­de­le­riň we es­ger­le­riň üs­tün­lik­li gul­luk et­me­gi, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin şert­le­ri dö­ret­me­gi esa­sy ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da kes­git­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni nyg­tap, go­ran­mak mi­nist­ri­ne bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ta­ry­hyň giň­den, düýp­li we köp­ta­rap­ly öw­re­nil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hal­ky­my­zyň baý geç­miş­li ta­ry­hyn­da ýit­me­jek yz go­ýan türk­men ser­ker­de­le­ri, meş­hur şah­sy­ýet­le­ri örän köp. Ola­ryň bi­ti­ren iş­le­ri ta­ry­hyň gat­la­ry­na ýa­zyl­dy, go­ýan öwüt-ün­dew­le­ri bol­sa ba­ha­syz gym­mat­lyk­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, ýaş es­ger­le­re ter­bi­ýe­çi­lik çä­re­le­ri­ni gu­ra­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.

Mil­li Li­de­ri­miz mej­li­siň do­wa­myn­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň har­by gul­luk­çy­la­ry­ny hem-de iş­gär­le­ri­ni döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­di.

Soň­ra içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da düz­gün boz­ma­la­ryň öňü­ni al­mak, ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de ýan­gyn howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ýol-ulag he­re­ke­ti­ni düz­gün­leş­dir­mek bo­ýun­ça alyp ba­ran iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir­ki dö­wür­de IIM-niň iş­gär­le­ri­niň öňün­de ka­nu­ny­ly­gy we düz­gün-ter­ti­bi ber­kit­mek, ra­ýat­la­ryň kons­ti­tu­sion hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak bo­ýun­ça mö­hüm we­zi­pe­le­riň dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, içe­ri iş­ler eda­ra­la­ry­nyň dür­li bö­lüm­le­ri­niň iş­gär­le­ri­niň her bi­ri­niň hem­me­ler üçin ha­lal­ly­gyň, wa­tan­çy­ly­gyň, işi­ne us­sat­ly­gy­nyň hem-de be­lent ab­ra­ýyň nus­ga­sy bol­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Mil­li Li­de­ri­miz ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­li bol­ma­gy üçin ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň jo­gap­kär­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, mi­nistr­li­giň ýol­baş­çy­sy­na anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra çy­kyş eden Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy B.Gün­dog­dy­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri hem-de Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ara­çäk­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça iki aý­da gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­let ser­he­di­niň go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek, ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri Türk­me­nis­ta­ny däp bo­lan dost­luk hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan äh­li goň­şy ýurt­lar bi­len yna­nyş­mak we öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­ny sak­la­mak bo­ýun­ça ser­het go­şun­la­ry­nyň gul­luk­çy­la­ry­nyň üs­tü­ne ýük­le­nen aý­ra­tyn jo­gap­kär­çi­li­ge ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na şu ugur­lar bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­mek, mer­da­na Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň ne­ti­je­li gul­luk et­me­gi we dur­mu­şy üçin amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne yzy­gi­der­li üns ber­mek tab­şy­ryl­dy.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy Gurbanguly Berdimuhamedow pol­kow­nik B.Gün­dog­dy­ýe­we ge­ne­ral-ma­ýor har­by ady dak­mak ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­di.

Mej­li­siň do­wa­myn­da Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy G.Hal­ly­ýew şu ýy­lyň iki aýyn­da mil­li ka­zy­ýet ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň çäk­le­rin­de gö­rül­ýän anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­zy­ýet eda­ra­la­ry­nyň işi­niň Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň be­lent mak­sat­la­ry­na hem-de we­zi­pe­le­re tu­tuş­ly­gy­na la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Şol sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri her bir ra­ýa­tyň ka­nu­ny hu­kuk­la­ry­nyň we bäh­bit­le­ri­niň go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ugur­da­ky iş­le­ri güýç­len­dir­me­gi ta­lap edip, Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra Baş pro­ku­ror B.At­da­ýew 2018-nji ýy­lyň il­kin­ji iki aýyn­da ýur­du­myz­da ka­nu­ny­ly­gyň we düz­gün-ter­ti­biň ta­kyk ber­jaý edil­me­gi ba­bat­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Mil­li Li­de­ri­miz öz­baş­dak döw­le­ti­mi­ziň bäh­bit­le­ri­ni ile­ri tu­tup hem-de ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­rap, kons­ti­tu­sion gur­lu­şyň go­ra­gyn­da dur­ma­gyň, hal­ky­my­zyň asu­da dur­mu­şy we dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň has-da gül­läp ös­me­gi üçin hem­me şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­me­giň bu eda­ra­nyň iş­gär­le­ri­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri­di­gi­ni aýt­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ada­la­ty üp­jün et­me­giň hem-de de­mok­ra­ti­ýa­ny da­ba­ra­lan­dyr­ma­gyň bäh­bi­di­ne hu­kuk düz­gün bo­zul­ma­la­ryň we je­na­ýat­çy­ly­gyň gar­şy­sy­na aý­gyt­ly hem-de bar­ly­şyk­syz gö­reş al­nyp ba­ryl­ma­ly­dyr di­ýip aýt­dy hem-de Baş pro­ku­ro­ra bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri D.Baý­ra­mow ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­de al­nyp bar­lan iş­ler hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy bu mi­nistr­li­giň iş­le­ri­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz esa­sy ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da MHM-iň dü­züm bö­lüm­le­ri­niň iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, şah­sy dü­zü­miň hü­när us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­le­ri­niň dur­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, mi­nistr­li­giň ýol­baş­çy­sy­na de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.

Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Os­ma­now ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da ýol­baş­çy­lyk ed­ýän eda­ra­sy­nyň alyp ba­ran iş­le­ri­niň jem­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ýur­du­my­zyň da­şa­ry döw­let­ler bi­len yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra üs­ta­şyr-ulag ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­me­gi güm­rük ser­he­din­den geç­ýän ha­ryt­la­ryň möç­ber­le­ri­niň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan ýer­ler­dä­ki bar­lag-ge­çi­riş bö­lüm­le­ri­niň müm­kin­çi­li­gi­ni has do­ly de­re­je­de peý­da­la­nyl­ma­gy­na, eda­ra­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na il­kin­ji de­re­je­de üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy pod­pol­kow­nik A.Os­ma­no­wa pol­kow­nik har­by ady dak­mak ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­di.

Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy je­na­ýat­la­ra gar­şy gö­reş­mek ba­ra­da­ky döw­let gul­lu­gy­nyň ýolbaşçysy M.Ça­ky­ýew kor­rup­si­ýa gar­şy gö­reş­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, 2018-nji ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri al­nyp bar­lan anyk iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ugur­da iş­le­riň hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň hem-de mil­li ka­nun­çy­ly­gyň ka­da­la­ry­na pug­ta la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp, bu ýa­ra­maz ýag­daý­la­ryň dö­re­me­gi­niň se­bäp­le­ri­ni we şert­le­ri­ni düýp­gö­ter ara­dan aýyr­mak üçin ne­ti­je­li çä­re­le­ri gör­me­giň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çek­di. Mil­li Li­de­ri­miz bu ul­gam üçin iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­le­ri­ne ün­si çe­kip, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Ada­lat mi­nist­ri B.Mu­hame­dow şu ýy­lyň iki aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, top­lum­la­ýyn we yzy­gi­der­li­lik esas­da tä­ze ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk na­ma­la­ry­ny ka­bul et­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň çäk­le­rin­de he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­ga gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­gy tab­şyr­dy. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öz hu­kuk­la­ry­ny we borç­la­ry­ny ta­kyk bil­me­gi üçin ila­ta güý­je gir­ýän ka­nun­la­ry dü­şün­dir­mek işin­de tä­ze usul­la­ryň peý­da­la­nyl­ma­gy tab­şyr­dy.

Soň­ra Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Gur­dow ge­çen iki aý­da eda­ra­nyň dü­züm bö­lüm­le­ri­niň alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri hem-de Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz ta­ra­pyn­dan ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz soň­ky ýyl­lar­da ok­gun­ly ös­ýän Türk­me­nis­ta­na, onuň baý ta­ry­hy­na we me­de­ni mi­ra­sy­na ýo­ka­ry gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň sa­ny­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, gul­lu­gyň gö­nü­den-gö­ni borç­la­ryn­dan we yg­ty­ýar­lyk­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýan bir­nä­çe gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mej­li­siň ne­ti­je­le­ri­ni jem­läp, pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­men döw­le­ti­niň dün­ýä­niň döw­let­le­ri bi­len, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la go­ýup, saý­lap alan ýo­lu­na ynam­ly eýer­me­gi­ni do­wam ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men hal­ky­my­zyň pa­ra­hat we asu­da dur­mu­şy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne, mil­li howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de go­şu­nyň go­ra­nyş ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň be­ýik mak­sat­la­ry­na ta­rap üs­tün­lik­li öňe iler­le­me­giň aý­ryl­maz şer­ti bo­lan pa­ra­hat­çy­ly­gy, asu­da­ly­gy, ka­nu­ny­ly­gy we hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek üçin ne­ti­je­li çä­re­le­ri gör­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.

Mej­lis­de şeý­le hem bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ra­lyp, olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Mej­li­siň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ryň äh­li­si­ne ola­ryň mö­hüm we jo­gap­kär­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.