28.05.2018
Türkmenistanly boksçy — Aziýanyň çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi

28.04.2018 12:04 / Habarlar / Harby sport /
70

Bangkokda (Tailand) tamamlanan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Aziýanyň çempionatynda Saparmyrat Ödäýew 64 kilograma çenli agramlyk derejede ikinji orna mynasyp boldy.

Tälimçiler Serdar Hajyýewiň we Aşyrmämmet Satlykgulyýewiň şägirdi finala çenli üç duşuşyk geçirdi. 1/8 finalda biziň türgenimiz laosly boksçy bilen duşuşdy we yzygiderli hüjüm edip, garşydaşyndan üstün çykdy. Eýranly boksçy bilen bolan duşuşykda üç tapgyryň netijesi boýunça ildeşimiz ýeňiji diýlip yglan edildi.

S.Ödäýew ýaponiýaly türgen bilen duşuşykda dürs urgulary köp geçirip, eminleriň biragyzdan çözgüdi bilen «çempion» diýen ady almak ugrundaky göreşi dowam etdi.
Hüjümleriň sany boýunça deňeçerräk geçen çekeleşikli final duşuşygynda eminleriň ikisi deňme-deň diýen karara geldi, eminleriň biri türkmen boksçusyny ýeňiji, ikisi bolsa Gazagystanyň wekilini ýeňiji diýip yglan etdi. Bu çözgüt aýgytlaýjy boldy.

Aziýanyň çempionatynyň kümüş medaly Saparmyrat Ödäýewiň uly üstünligidir, çünki ol şeýle iri halkara ýaryşlarynda ilkinji gezek çykyş etdi. Şeýlelikde, ýetginjek boksçynyň sport äleminde uly geljegi bar.