22.10.2018
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boldy

26.03.2018 08:03 / Habarlar /
198

Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar geçirildi. Ol türkmenistanlylaryň ýurdumyzda mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan demokratik ýörelgelerine işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.

Şu gün ir sagat 7-de Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan ähli saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Möhüm-jemgyýetçilik-syýasy çäresine doly taýýarlykly gelindi. Şu gün ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.

Milli parlamentde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynda öz saýlawçylarynyň bähbidini goramak hukugyna watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we ynamdan peýdalanýan adamlar dalaşgärlik etdiler. Dalaşgärleriň hatarynda oba zähmetkeşleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň öňdebaryjy hünärmenleri, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş pudaklarynyň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we birleşmeleriň işjeň agzalary bar. Mejlisiň deputatlygynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna birnäçe dalaşgärler bellige alyndy. Şeýlelikde, bu günki saýlawlar ozalkylar ýaly, giň bäsdeşlik esasynda, demokratik we aýdyňlyk ýagdaýynda geçdi.

Bu gezekki saýlawlara ägirt uly taýýarlyk işleri geçirildi. Hususan-da, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 489-sy, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2570-si, Geňeşleriň agzalygyna bolsa dalaşgärleriň 13 müň 215-si we syýasy partiýalardan we raýatlar toparlaryndan Mejlisiň deputatlygyna görkezilen dalaşgärleriň 284-si hasaba alyndy.

Dalaşgärleri görkezmek çäresi ilatyň ýokary işjeňliginde geçdi. Munuň özi ýerlerde ägirt uly guramaçylyk işleriniň geçirilmegi netijesinde amal boldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde bar bolan saýlaw uçastoklarynyň hemmesi ses bermek üçin bellenilen wagtda gapylaryny açdy. Aşgabat şäherinde 299, Ahal welaýatynda 364, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda bolsa 548 saýlaw uçastogy bar.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ses bermäge gatnaşmak üçin 3 million 291 müň 312 saýlawçy bellige alyndy.

Saýlaw toparlarynyň ähli uçastoklary boýunça, has takygy welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 3 million 271 müň 524 saýlawçy, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň 2 million 314 müň 679-sy bellige alyndy.

Saýlaw çäreleriniň barşyna gözegçiligi ähli saýlaw uçastoklaryndaky halkara we milli synçylar amala aşyrdylar. Olaryň baha bermegine görä, saýlawlar bäsdeşlik we demokratik esaslarda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçdi. Günüň birinji ýarymynda ses bermegiň has-da işjeň ýagdaýa eýe bolandygy bellenildi. Şeýlelikde, günüň birinji ýarymynda saýlawçylaryň 54 göterimden gowragy özleriniň konstitusion hukuklaryny berjaý etdiler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan döwrüne, ýagny sagat 19-a çenli saýlawçylaryň Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara 91,69 göterimi, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlawlara 91,75 göterimi, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlara 91,68 göterimi gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparyň beren maglumatyna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.

Bu gezekki saýlawlaryň aýratynlygy, birnäçe saýlaw uçastogynda jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň geçirilişine onlaýn arkaly syn edip bolanlygydyr. Isleg bildirýän adamlar Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda saýlawlaryň geçişine syn edip bilýär.

Saýlawlaryň geçişine dünýäniň köp sanly ýurtlarynda uly gyzyklanma bildirildi. Merkezi saýlaw toparynyň Internet sahypalaryna köpçülikleýin girilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki pursada çenli Türkmenistandan bu Internet sahypasyna 65 müňe golaý isleg bildirildi. Şeýle hem ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan, Malaýziýadan, Fransiýadan, Irlandiýadan, Italiýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Kanadadan, Daniýadan, Niderlandlardan, Singapurdan, Türkiýeden, Çehiýadan we GDA-nyň ýurtlaryndan 5,5 müňden gowrak isleg boldy.

Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen ses sanamak işi başlandy. Ýöne türkmen halkynyň agzybirlikde nobatdaky gezek halk häkimlilik däpleri esasynda ses berendigini ynam bilen aýtsa bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletiň demokratik esaslary häzirki türkmen jemgyýetinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň özenini düzýär.

Saýlaw kodeksiniň kadalaryna laýyklykda ses bermegiň netijeleri ýakyn wagtda aýan ediler.