22.04.2018
Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy

24.03.2018 10:03 / Habarlar /
36

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi - gowaça ekişi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 9-njy martda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ekişiň başlanmagyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, 23-nji martda gowaça ekişine Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary girişdiler. Biraz soň, 28-nji martda olara Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem goşular.

Halkymyzyň asylly däbine görä, ekişiň başlanmagyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň abadançylygyny, milli Liderimiziň ähli işleriniň rowaçlygyny Gudraty güýçli Allatagaladan dileg edip, topraga gowaçanyň ilkinji tohumlaryny atdylar, soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň oba hojalygynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýylda “ak altyn” ussatlary Watan harmanyna 1 million 100 müň tonnadan gowrak pagta çig malyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň nobatdaky üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli oba syýasatynyň netijesidir. Şol syýasat milli obasenagat toplumynyň kuwwatyny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini hemmtaraplaýyn goldamaga gönükdirilendir.

Bu ulgamda düýpli düzümleriň özgerdilmeginiň netijesinde, obasenagat pudagynyň netijeliligi ýokarlanýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde obasenagat toplumyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, oba hojalyk ekinlerini suwarmaga, tohumçylygy, ylmy we seçgiçiligi ösdürmäge, agrotehnikanyň hem-de tehnologiýalaryň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga köp möçberde maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Pagta arassalaýjy senagat döwrebaplaşdyryldy, welaýatlarda häzirki zaman gaýtadan işleýän zawodlar guruldy.

Şu ýyl Türkmenistanda 545 müň gektara gowaça ekiler. “Ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonnasyny, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonnasyny, Lebap welaýatynda 300 müň tonnasyny, Mary welaýatynda 313 müň tonnasyny öndürmek bellenildi.

Ekişe gowaçanyň orta süýümli we inçe süýümli görnüşleriniň saýlama tohumlary taýýarlanyldy. Pagtanyň orta süýümli görnüşleri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Şolaryň hatarynda çalt ýetişýänligi, ýokary hasyllylygy, süýüminiň arassalygy bilen tapawutlanýan “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “S-2606” ýaly görnüşleri has köp ekilýär. Toprak-howa şertlerinden ugur alnyp, pagtanyň inçe süýümli, hususan-da, “Ýolöten-14” görnüşi ýurdumyzyň Mary we Ahal welaýatlarynda ekilýär.

Şu ekiş möwsüminde dürli kysymdaky traktorlaryň 7 müňden gowragy, ekijileriň 2 müň 100-den gowragy, gowaça kultiwatorlarynyň 5 müňden gowragy we ekişi bökdençsiz geçirmegi üpjün etmek, beýleki agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan oba hojalyk gurallary işlediler.

Täze oba hojalyk möwsümine etraplaryň hem-de daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 380-si taýýarlanylýar. Olar pagtaçylary ekologiýa taýdan arassa hem-de gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan ykdysady taýdan bähbitli bioönüm bilen üpjün eder.

Ekişiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Gäwers”, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Çekiç” we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Birleşik”daýhan birleşiklerinde obany mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhüm meselelerine bagyşlanylan, obasenagat toplumynyň depginli ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini durnukly artdyrmagy üpjün etmek boýunça okuw maslahatlary geçirildi.

“Ak altynyň” we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler şol okuw maslahatlaryna gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Okuw maslahatlaryna gatnaşanlaryň hatarynda welaýat we etrap häkimlikleriniň, Oba we suw hojalygy ministrliginiň, “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň, “Daýhanbankyň”, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi pagtaçylar bar.

Hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek, gowaça ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini hem-de mineral dökünleri rejeli peýdalanmak, ösümlikleri zyýan beriji mör-möjeklerden we haşal otlardan goramak barada gürrüň edildi.

Bu ýere ýygnananlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen obasyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi, ýurdumyzyň ekerançylarynyň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada işjeň alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiz tarapyndan obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini we tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şeýle hem 23-nji martda Balkan welaýatynda gök we ot-iýmlik ekinleriniň ekişine badalga berildi.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikasynyň we Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň sergileri guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we tans-halk döredijiligi toparlary pagtaçylar üçin aýdym-sazly sowgatlaryny taýýarladylar.