22.10.2018
Türkmenistanda aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan halkara forum geçirilýär

19.04.2018 09:04 / Habarlar /
252

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň açylyş dabarasy boldy.

Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň alymlary hem-de hünärmenleri, şol sanda saz öwrenijileri, dilçileri, sungaty we medeniýeti öwrenijileri paýtagtymyza geldiler.

Aýdym-saz sungatynyň çeşmelerine bagyşlanan halkara forum ýurdumyzda 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi mynasybetli aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gadymy transmilli ýoluň geçen ýerleriniň dünýä taryhynda diňe bir ykdysady ýagdaýlar bilen däl, eýsem, ysnyşykly medeni, ylmy we bilim taýdan özara baýlaşmak, öňler Ýewraziýa yklymynda ýaşan hem-de bütin adamzadyň taryhy-medeni mirasynyň uly bölegini döreden halklaryň döredijilik zehini bilen hem kesgitlenýändigi aýdyňdyr. Beýik Ýüpek ýoly dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň, ruhy-medeni däpleriň netijesinde, köp halklary baglanyşdyryp, nusgawy Ýewraziýa medeniýetiniň döremegine täsir etdi.

Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda beýleki döwletler bilen birlikde, dostluk we raýdaşlyk ýollaryny çekip, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň pugtalanmagyna ýardam berýär. Bu babatda halklaryň özara düşünişmegine ýardam berýän medeni gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.

Ýurdumyz ykrar edilen parahatçylyk dörediji we sebitiň iri medeni merkezi bolup, ösüşiň ýakynlaşdyryjy nusgalarynyň biri hökmünde Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda görelde görkezip, giň gatnaşyklara hem-de ylmy alyşmalara taýýardygyny subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynyň esasynda sungatyň parahatçylyk dörediji wezipesi baradaky pikiriň goýlandygyny bellemek gerek. Bu kitap döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üsti bilen halkymyzyň beýik sazandasy Şükür bagşy barada gürrüň berýär.

Dünýäniň halklarynyň medeniýetleriniň, şol sanda aýdym-saz medeniýetiniň gözbaşyny giňden we köptaraply öwrenmek ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Aýdym-saz medeniýeti Aşgabatdaky halkara forumyň gün tertibini öňünden kesgitledi.

Mukamlar köşgüne ýurdumyzyň hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, degişli hünär ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda iri möçberli çäräniň ähmiýeti nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: “Biz häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny, gadymy medeni mirasyny düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarys. Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri türkmen halkynyň medeni mirasynda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatynda özboluşly orny eýeleýär. Şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyzyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek sungaty öwrenijiler we mirasgärler üçin esasy wezipeleriň biridir” diýlip bellenilýär.

Milli Liderimiz “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň aýdym-saz sungatyny wagyz etmäge, dünýä döwletleriniň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň arasyndaky dostluk we döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, Ýer ýüzüniň halklarynyň aýdym-saz mirasy hem-de sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ylmy maslahatyň çäklerinde geçen umumy mejlisiň işine Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň alymlary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Ýurdumyz bilen öňden we netijeli hyzmatdaşlyk edýän Smitsonian institutynyň (ABŞ) Aziýanyň medeni-taryhy maksatnamasynyň başlygy Pol Maýkl Teýlor adamzadyň ruhy mirasynyň köklerini öwrenmekde bu halkara forumyň tutýan ornuny nygtady. Amerikan alymy türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça Smitsonian institutynyň alyp barýan işleri, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň neşiri hem-de Türkmenistanyň sungat ussatlaryna bagyşlanan kitaplar barada gürrüň berdi. Olar ABŞ-nyň, Ýewropanyň kitaphanalaryna we muzeýlerine berildi, häzirki zaman tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy bilen bolsa dünýäniň köp döwletleriniň okyjylaryna elýeterli boldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan medeniýet işgäri, Azerbaýjanyň Saz medeniýetiniň döwlet muzeýiniň direktory Alla Baýramowa bu ýere ýygnananlary aýdym-saz mirasyny gorap saklamak boýunça muzeýiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy.

Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, Russiýanyň Sungatyň taryhy institutynyň (Sankt-Peterburg) uly ylmy işgäri Nailýa Glazunowanyň çykyşy türkmen aýdym-sazyna bolan söýgüsine beslendi. Ol bu işe özüniň ylmy işlerini bagyşlady.

Gyrgyz Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Ç.Aýtmatow adyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, milli sazlaryň “Ustatşakirt” merkeziniň Jemgyýetçilik birleşiginiň müdiriýetiniň başlygy Raziýa Syrdybaýewa öz çykyşyny aýdym-saz sungatynyň türkmen we beýleki ýakyn medeniýetleriň ösüşindäki ornuna bagyşlady.

Koreýa Respublikasynyň Aziýa medeniýeti merkeziniň ýerine ýetiriş ussatlygy bölüminiň ýolbaşçysy, kompozitor Kim Heýongyň çykyşynda dünýä halklarynyň medeniýetiniň örän gadymy görnüşiniň biri hökmünde saz folkloryny öwrenmek meseleleri esasy gürrüň boldy.

Özbegistanyň Döwlet konserwatoriýasynyň özbek mukam sungatynyň taryhy we nazaryýeti kafedrasynyň professory Rustambek Abdullaýew, Eýranyň SAMT uniwersitetiniň ylmy işgäri, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet boýunça geňeşçisi Mohammad Jawad Abolgasemi, gündogar milli saz gurallarynda fransuz ýerine ýetirijisi Iban Perre, Ýaponiýanyň döredijilik toparynyň agzasy Toru Sasaki öz çykyşlarynda halkara ylmy maslahatyň we festiwalyň ruhy mirasy gorap saklamakda, bilimleri artdyrmakda, hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetini nygtadylar.

Aşgabat forumyna gatnaşyjylar şu duşuşygyň möhümdigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alyp barýan oňyn syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, ylmyň we medeniýetiň yzygiderli ösdürilmegi, alymlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek türkmen Lideriniň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. 2015-nji ýylda “Görogly” eposynyň dessançylyk sungatynyň nusgasy hökmünde, 2017-nji ýylda bolsa küştdepdiniň aýdym we tans sungatynyň nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi alnyp barylýan bu giň gerimli işleriň mysaly hökmünde bellenildi.

Beýik ata-babalarymyz ylmyň hem-de medeniýetiň jemgyýetçilik ösüşiň hereketlendiriji şertidigine düşünip, örän iri kitaphanalary we ylmy merkezleri döredipdir, obserwatoriýalary açypdyr, sungaty ösdürmegi höweslendiripdir. Şu nukdaýnazardan hem döwürleriň arabaglanyşygynyň dowamatlylygyny bellemek buýsançlydyr. Çykyş edenler munuň hormatly Prezidentimiziň milli medeni mirasy öwrenmegi hem-de giňden wagyz etmegi höweslendirmek boýunça alyp barýan ägirt uly işlerinde doly beýanyny tapýandygyny bellediler.

Mukamlar köşgüniň giň eýwanynda guralan sergi ylmy forumyň özboluşly dowamyna öwrüldi. Serginiň ýurdumyzyň sungatynyň köptaraply dünýäsine bagyşlanan ýörite bölüminde suratkeşleriň eserleri, zergärleriň we senetçileriň önümleri, saz gurallary, kitap önümleri, fotosuratlar görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli medeniýetimiz we sungatymyz baradaky işlerine aýratyn orun berildi.

Türkmen bagşy-sazandalarynyň çykyşlary baýramçylyk ruhuna beslendi.

Günüň ikinji ýarymynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Döwlet çeperçilik akademiýasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan bölümler boýunça mejlislerde maslahat öz işini dowam etdi. “Halk sazlary medeni-taryhy mirasyň aýrylmaz bölegidir”, “Folkloristikanyň häzirki zaman meseleleri: milli saz däplerine täzeçe çemeleşmegiň gözlegleri we usullary”, “Edebi folklorda we saz sungatynda çeper keşpleriň beýany” diýen mazmundaky gürrüňler we beýlekiler çykyşlaryň esasyny emele getirdi.

Alymlar türkmen halkynyň aýdym-saz däpleriniň gadymy taryhy baradaky gyzykly arheologiýa maglumatlaryny getirdiler. Çykyşlaryň birnäçesi mukamçylygyň hem-de sazlary döretmegiň aýratynlyklaryna, bagşylaryň sungatyna we halkymyzyň esasy saz guraly bolan dutara bagyşlandy. Türkmen bagşylarynyň asyrlaryň dowamynda milli medeniýeti ösdürmekdäki orny, halypaçylyk däpleriniň dowamatlylygy, dürli döredijilik ýollarynyň kemala gelşi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynyň ähmiýeti bellenildi. Bu kitapda aýdymçy-sazandalaryň köptaraply sungaty köpasyrlyk çeperçilik däpleriniň esasynda kemala getirilen hem-de her bir täze nesliň ýerine ýetirmeginde kämilleşdirilen ýokary ussatlygyň nusgasy hökmünde görkezilýär.

Bu ýerde görnükli türkmen kompozitorlarynyň we sazandalarynyň döredijiligini içgin öwrenmek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna hem uly ähmiýet berildi. Dürli halklaryň aýdym-saz sungaty we gurallary hakyndaky çykyşlar uly gyzyklanma döretdi.

Agşam Magtymguly adyndaky Milli saz-drama teatrynyň sahnasynda üstünlige beslenip geçen dostluk konsertinde çykyş edenler öz ussatlygyny görkezdiler.

Bir bitewi maksat bilen ruhlanan artistler her bir eseri ýerine ýetirmäge tüýs ýürekden çemeleşip zehinini bagyşladylar. Köp sanly tomaşaçylar dünýäniň halklarynyň aýdym-saz däplerini bir bitewülige jemlän ajaýyp spektakldan lezzet almaga, gadymy gurallaryň jadylaýjy owazyny diňlemäge mümkinçilik aldylar. Konsert maksatnamasynda medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, dostluga we sazlaşyga gönükdirilen halkara forumyň esasy many-mazmuny beýan edildi.

Ertir “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahatynyň we festiwalynyň çäklerinde döredijilik çäreleriniň hem-de duşuşyklarynyň birnäçesi geçiriler. Daşary ýurtly myhmanlar türkmen paýtagtynyň ajaýyplyklary bilen tanyşlygyny dowam ederler.